Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň asudalygyny we abadançylygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly asylly maksatlary rowaçlyga beslenýär. Döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň ähmiýeti bellärliklidir. Dünýä bileleşigi Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bu bolsa doganlyk döwletler bilen yzygiderli ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar.
Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 28 ýyllygy ata Watanymyzda hormatly Prezidentimize bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýan taryhy wakalar bilen utgaşýar. Magtymguly atamyzyň: «Erer ol erkin mydam, //Budur türkmen binasy» diýip arzuwlan Garaşsyz, baky Bitarap döwleti bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen barýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ähli ugurlarda belent derejelere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatlarynyň özenini düzýär.