Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklar giň gerime we netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de özara amaly hereketleri birleşdirmekde ÝUNESKO klublaryna aýratyn orun degişlidir.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmekde täze ädim boldy. Klubuň öz işine başlamagy mynasybetli dabara uly ruhubelentlige beslendi. Onda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa gutlag sözüni sözläp: