Baky bitaraplygyň toýy şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlandy

12 Dekabr 2023
1268

Düýn Änew şäherindäki Mukaddeslik meýdançasyny ir säherden şatlyk-şowhun gurşap aldy. Welaýat häkimliginiň golaýyndaky bu meýdançada Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna Döwlet baýdagymyzyň al-asmana göteriliş dabarasy boldy. Oňa welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy.

Toý meýdançasynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda we hemmeleriň uly ruhubelentlikde ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary göterildi. Dabaranyň iň ýakymly, şatlykly wakasyna öwrülen şol pursatdan soňra gutlag çykyşlary diňlendi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATDA: baýramçylyk dabarasyndan pursat.
Beýleki habarlar