6 — 8-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi geçirildi.
Nobatdaky gözden geçirilişe gatnaşmak maksady bilen Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri paýtagtymyza geldiler.