Azerbaýjan goňşulary bilen bilelikde Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeldýär

7 Dekabr 2023
624

Azerbaýjan, Gruziýa we Gazagystan beýleki ýurtlar bilen birlikde Orta geçelgäniň ösüşi baradaky garaýyşlary boýunça ylalaşmakda möhüm ädim ätdiler. «Trend» munuň Londonda ýerleşýän «Emerging Europe» seljeriş merkezi tarapyndan çap edilen makalada aýdylýandygyny habar berdi. Seljeriş işinde alnyp barylýan dogry syýasatyň Merkezi Aziýanyň hem-de Kawkazyň üsti bilen Hytaý we Ýewropa bazarlaryny birleşdirýän Orta geçelgäniň sebit söwdasyny ösdürip, şol ugurdaky ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyryp biljekdigini aýdýar. Mundan başga-da, bilermenler Bütindünýä bankynyň hasabatyna salgylanyp, maýa goýumlaryň dogry ulanylmagy bilen, Orta geçelgäniň 2030-njy ýyla çenli söwda mukdaryny üç esse artdyryp we şu gatnaw üçin gerek bolan wagty iki esse azaldyp biljekdigini çaklaýarlar. Munuň özi iş mümkinçiligini döretmek bilen, pudaklary goldamak we işewürligi çekmek arkaly ýerli hem-de sebit ykdysadyýetlerine, has iri jemgyýetlere uly peýda getirer.

Şeýle hem, ýazgyda 2022-nji ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň we Türkiýäniň arasynda Ýol kartasyna gol çekilendigi aýdylyp, bu ýerde Orta geçelgäniň ugrundaky amallary gowulandyrmak üçin ileri tutulýan maýa goýumlaryň hem-de çäreleriň görkezilýändigi beýan edilýär. 2023-nji ýylyň iýunynda bolsa Azerbaýjan, Gruziýa we Gazagystan bu ugur üçin bilelikdäki logistika operatoryny döretmek barada ylalaşdylar.

Beýleki habarlar