Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we iki ýurduň işewür toparlarynyň işewürler maslahaty geçirildi.
Bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän 100-e golaý kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri Aşgabada geldiler.