27-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Taraplar dünýä bileleşigi tarapyndan uly ähmiýet berilýän möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň garaýyşlaryna, şol sanda ABŞ-nyň bu babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça geçirýän çärelerine hormat bilen garaýandygy, öňe sürýän başlangyçlaryna bolsa türkmen tarapynyň oňyn baha berýändigi nygtaldy. ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili döwlet Baştutanymyza howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.