Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Dubaýda ýylyň klimat bilen bagly iň iri çäresi — BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň plenar mejlisi (COP28) öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem sammitde çykyş edip, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meseleleri boýunça milli derejede ileri tutulýan ugurlara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň başynda häzirki maslahata howanyň üýtgemegi bilen bagly meselede öz halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny aýdyp, şunda biziň ýurdumyz tarapyndan BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatyndan başlap, beýleki iri forumlarda öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmäge ygrarlylygyň we yzygiderliligiň kesgitleýji orny eýeleýändigini nygtady. Hususan-da, 2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, ýurdumyzyň Pariž ylalaşygyna goşulmagy, şondan soňra agzalan Strategiýanyň täze redaksiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy, metanyň atmosfera goýberilýän zyňyndylaryny azaltmak babatdaky tagallalary Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşýandygynyň mysaly hökmünde görkezildi.