Durnukly ösüşiň möhüm şerti

29 Noýabr 2023
717

Berkarar ýurdumyz ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleriniň biri hökmünde köpugurly, howpsuz halkara ulag düzümini döretmäge, bu babatda halkara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli we ýurdumyzyň anyk mümkinçiliklerine daýanýan hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlaryndan gözbaş alyp, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwletli tutumlar dünýä giňişliginde ata Watanymyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere göterýär. Olar ählumumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbidine giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy we dünýä bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen her ýylyň 26-njy noýabrynyň Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edilmegi hem-de bu baýramçylygyň ilkinji gezek ýurdumyzda giňden bellenilip geçilmegi munuň buýsançly subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylygyň geçýän gününde «Durnukly ulag: Durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Munuň özi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek babatdaky ägirt uly mümkinçilikleri hem-de bu ugurda durmuşa geçirýän we geçirmegi meýilleşdirýän taryhy tutumlary bilen ýene bir ýola has içgin tanyşmaga şertleri üpjün etdi.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar