26-27-nji noýabrda Aşgabatda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Iş toparynyň mejlisine türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, gazak tarapyndan bolsa ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew ýolbaşçylyk etdi.