Türkmenistan ulag we logistika hyzmatlarynyň teklibi bilen dünýä bazaryna girýär we bu teklip häzirki wagtda gaty möhüm we ähmiýetlidir. Harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin ykdysady taýdan uly girdejili ugurlary ulanmagy teklip etmek bilen, ýurt sebitdäki söwda gatnaşyklarynyň güýçlenmegine itergi berýär, bu bolsa, öz gezeginde kontinental söwda gatnaşyklarynyň ösmegi üçin möhüm şert bolup, soňky ýyllarda döwletleriň arasynda azalan söwda mukdaryny ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Muny "Türkmendemirýollary" agentliginiň başlygy Azat Atamyradow "Durnukly ulag - durnukly ösüşe goşant" atly halkara maslahatda belledi.
Aşgabat forumy şu ýyl 26-njy noýabrda ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlandy. Ondan öň 15-17-nji noýabrda türkmen paýtagtynda CASCA+ taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň Aziýa-Ýuwaş umman sebitini we Hytaýy Merkezi Aziýa we Kawkaz, Ýewropa bilen birleşdirýän demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň V duşuşygy, ýaly birnäçe möhüm wakalar boldy.