Adamzat durmuşynda ulagyň näderejede ähmiýetlidigi barada nähilidir bir delil getirip gürrüň etmegiň zerurlygy ýok. Adamlaryň bir ýerden başga ýere hereket etmeginden, önümçilik zynjyrynyň doly derejede amala aşmagyna ýardam bermekden başlap, ulagyň islendik döwlet üçin ykdysady, syýasy, medeni-durmuş taýdan ägirt uly ähmiýeti bar. Şolaryň ählisi birleşip, ahyrky netijede, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurtlaryň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýar. Şu nukdaýnazardan, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça meseleleriň 90 göteriminiň gönüden-göni ulag ulgamy bilen bagly bolmagy hem tebigy ýagdaýdyr. Hut şu zerurlyklardan ugur alnyp, tutuş Ýer ýüzünde durnukly ulag ulgamyna, ulag diplomatiýasyny ilerletmäge döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda aýratyn orun berilýär.
2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz ählumumy ulag gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagymyzyň depginini birjik-de gowşatmazlygy göz öňünde tutýarys» diýip belläpdi. Bu sözleriň durmuş hakykatyna öwrülendigine geçen ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça milli we halkara derejede amala aşyrylan işleriň, öňe sürlen başlangyçlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Diňe soňky günleriň wakalaryna ser salalyň! 26-njy noýabrda taryhda ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi. Bu senäniň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara senenama girizilmeginiň gözbaşynda bolsa, elbetde, Türkmenistan hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary dur! Şu ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi durnukly ulag ulgamy boýunça Aşgabat forumynyň geçirilen senesini — 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan goldady.