Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, jemgyýetimiz syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ylymly, bilimli, öz işine ussat, ýokary hünär derejeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamak möhümdir. Şu hakykatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işine öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.
Döwlet gullukçylarynyň, dolandyryş işine gatnaşýan hünärmenleriň hünär derejesi we ukyp-başarnyklary ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlyga beslenmegine täsirini ýetirýän esasy şertleriň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýokary hünär derejeli döwlet gullukçylaryny kemala getirmek, döwleti dolandyrmagyň ylmy binýadynyň düýbüni tutmak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ýurdumyzda döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň okuw usulyýetini ylmy taýdan öwrenmek, dünýä tejribesiniň bu ugurdaky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýär.