Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy 2024-nji ýylda başlanyp biler

27 Noýabr 2023
804

Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy geljek ýyl başlanyp biler. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparowyň habar berendigini «Trend» mälim edýär.

«Geosyýasat üýtgedi, bileleşikler hem başgaça ýagdaýda we päsgelçilikler ýüze çykdy. Hytaý eýýäm öz tarapyndan demir ýoluň Kazarmana çenli uzaýan böleginiň gurluşygyna başlady. Onuň Kazarmandan Jelal-Abada çenli bolan bölegini maliýeleşdiriş çeşmeleri Özbegistan bilen bilelikde kesgitlenildi diýen ýaly we eger muny gyş hem-de ýaz aýlarynda tamamlasak, geljek ýyl gurluşyk işlerine başlarys. Biz munuň üçin serişde gözleýäris» — diýip, Žaparow belledi.

Beýleki habarlar