Doganlyk daragty gül açýar

25 Noýabr 2023
1057

Ajaýyp zamanamyzyň sergin säherlerinde dogýan her bir Gün bize asylly işler bilen baglanyşykly hoş habarlary buşlaýar. Il-günüň hatyrasyna amal edilýän şol beýik işleriň netijesinde bagtyýar durmuşyň binýady tutulýar. Hoşniýetlilikden, ynsanperwerlikden, birek-birege ynanyşmakdan gözbaş alýan halk bähbitli wakalara şaýat bolmak ýurduň ýagty geljegine bolan beýik ynamy döredýär. Beýik danalaryň belleýşi ýaly, haýsy mekanda eneleriň arzuwy hasyl bolýan bolsa, diýmek, şol ýurtda asudalyk, agzybirlik, bagtyýarlyk höküm sürýändir. Çünki dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan eneleriň ählisiniň arzuwy çagalarynyň asuda mekanda okap, zähmet çekip, sapaly durmuşda ýaşamagy bilen baglanyşyklydyr. Bu gün biziň ýurdumyz hem dilleri dogaly eneleriň, berkarar döwlet islän parasatly gojalaryň arzuwlarynyň wysal bolan mekanydyr. Il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli wakalara gözli şaýat bolanyňda, ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga, has-da önjeýli zähmet çekmäge ruhlanýarsyň.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar