Berlinde Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi
Bazar gatnaşyklary şertlerinde islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde hususy pudagyň ornunyň örän uludygy ykrar edilen hakykatdyr. Çünki işewürlik ykdysady ösüşe ýardam etmek bilen birlikde, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň depginini ýokarlandyrmakda, iş orunlaryny döretmek arkaly halkyň durmuş şertlerini gowulandyrmakda hem hereketlendiriji güýç hasaplanýar. Dürli ugurlarda bilermenler bilen pikir alşyp, bilelikde hususyýetçilige degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda işewürlik forumlary netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigine 20-nji noýabrda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.