Şu gün, 20-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýerleşýän «Humboldt Carre Berlin» kongresler merkezinde türkmen-german işewürlik forumy geçirilýär. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljak bu foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Energetika, Dokma senagaty, Oba hojalyk ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» paýdarlar jemgyýetiniň, Halkara habarlar merkeziniň, «Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (NAPECO), Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hereket edýän 50-ä golaý Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýarlar. Şeýle-de GFR-e German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, «Deutsche Bank AG», «Commerzbank AG», «Bank GPB International SA» banklarynyň, «AKA-Ausfuhrkreditgesellschaft GmbH», «Akcenta de GmbH», «Allianz SE», «CLAAS Global Sales GmbH», «WILO SE», «BMW» «Daimler Truck AG», «Siemens Healthcare GmbH», «Bayer AG», «ATLAS International GmbH» kompaniýalarynyň we başga-da ätiýaçlandyryş, howa gatnawlary ulag-logistika, sanly ulgam boýunça maslahat beriş, dag-magdan we gurluşyk boýunça hyzmatlary, inženerçilik işleri, elektrik, senagat, aragatnaşyk enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň, oba hojalyk tehnikasynyň, ulag serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň önümçiligi, azyk, dokma, nebitgaz, himiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, programma üpjünçiligi ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan onlarça kompaniýalaryň agzalary wekilçilik edýärler.
Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan 2008-nji ýyldan bäri Germaniýanyň meşhur «CLAAS» kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalaryny satyn alýar. Şeýle-de ýakyn ýyllarda Türkmenistanda suw hojalyk pudagynda iş alyp barýan «Wilo» kompaniýasynyň wekilhanasyny açmak göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň 25 — 28-nji aprelinde maliýe-bank ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, «Deutsche Bank AG» we «Commerzbank AG» banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi.