Ykdysady durnuklylyk

16 Noýabr 2023
847

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ýene bir möhüm waka hökmünde hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparyny görkezmek bolar.  Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama esaslandyrylan wagtyndan bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň  sanly ykdysadyýet, ulag we logistika, energetika, ekologiýa babatda öňe süren başlangyçlary uly goldaw tapdy. Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy bu guramanyň işine itergi bermekde möhüm orna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň YHG agza ýurtlaryň arasynda söwda dolanşygyny ýokarlandyrmak, serhetüsti we sebitleýin söwdany ösdürmek barada öňe süren teklipleri sebitiň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam berjek ýagdaýlar bolup durýar. Agza ýurtlaryň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 85 milliard amerikan dollary möçberinde bolup, bu görkeziji döwletleriň daşary söwdasynda 8% ýer tutýar. Bu ýagdaý daşary söwda mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar