Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran sapary möhüm netijelere baý boldy. Şunda döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýokarlandyrylmagy esasy göz öňünde tutulan wezipeleriň biridir.
Ilkinji nobatda, bu saparyň türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýtmak gerek. Türkmenistan we Gazagystan bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda degişli çäreleri görýärler. Şunuň bilen birlikde söwda gatnaşyklarynda ulanylmaýan mümkinçilikleri hem işjeňleşdirip, ýyllyk haryt dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip eden anyk çäreleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak, iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek barada gürrüň edildi.