Türki dünýä: kökler bir, ýollar aýdyň (Ýaş žurnalistiň sözi)

6 Noýabr 2023
800

Gözbaş dury bolsa, çeşmeler arassa bolýar. Dünýäniň iň gadymy siwilizasiýalarynyň mirasdüşerleri — kökleri bir, birek-birege: «Gardaş, arkadaş!» diýip ýüzlenýän türki halklary hem taryhy bitewülik, medeni-ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Diňe bir geografiki taýdan däl, eýsem, ruhy ýakynlyk, ýürekdeşlik, islendik pursatda bir-biregi goldamak, hatda hiç hili dil päsgelçiligi bolmazdan düşünişip bilýänligimiz bu gün türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açmakda ygtybarly binýatdyr. 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy ýubileý sammitiniň geçirilmegi dünýä gatnaşyklarynda türki döwletleriň tutýan ornunyň uludygynyň täze bir görkezijisi boldy. Bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, strategik häsiýetli çykyş etmegi möhüm syýasy ähmiýete eýedir.

BIR TARYH, DURNUKLY GELJEK

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar