Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary barada söhbet
Diplomatiýanyň taryhyna ser salsak, soňky bir asyryň dowamynda ählumumy gatnaşyklary ugrukdyrmakda, ýagdaýlaryňdyr wakalaryň barşyna täsir etmekde aýgytly ornuň halkara guramalara degişli bolandygyny görmek bolýar. Halkara syýasatdaky şindiki çylşyrymly ýagdaýlar sebitleýin goşulyşmagy zerur talap hökmünde öňe çykarýar. Şoňa görä-de, hut sebitleýin meýdançalar döwletleriň tiz düşünişip, ylalaşyp, bilelikde ädim ätmeginde amatly hem ygtybarly bolmagynda galýar. Şunda Türki Döwletleriň Guramasy Ýewraziýa giňişliginde tagallalary utgaşdyrmakda öz ornuny barha berkidýär.