Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça gatnaşan «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynda, 19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda öňe süren başlangyçlarydyr çagyryşlary Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň barha rowaçlanýandygynyň güwäsi boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda «syýasy logistika» düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlarynydyr mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin. Şol hyzmatdaşlyk bolsa syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik ýörelgelerden azat bolmalydyr, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmalydyr» diýen sözleri syýasaty öwrenijilerde uly seslenme döretdi. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek», Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýalarynyň utgaşykly durmuşa geçirilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň syýasy logistikany ösdürmek başlangyjynyň örän netijelidigini görkezýär.