Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyndan soňky oýlanmalar
Birek-birege dogaýy salam ýollamak, dostlarça gatnaşmak, ata-babalarymyzdan galan asylly ýörelgelerdir. Çünki şeýle gatnaşyklar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkidýär, bir-birege bolan ynamy artdyrýar. Munuň şeýledigine 25 – 26-njy oktýabr aralygynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda has-da anyk göz ýetirdik. Türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.