Durnukly ösüşiň möhüm ugry

31 Oktýabr 2023
722

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda Arkadagly Serdarymyz: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýip bellemek bilen, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça amala aşyrylýan işleri belledi. Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek maksatlarynda öňde goýan meýilnamalary milli ýörelgelerimizi döwrebap ösüşiň tejribeleri bilen utgaşdyryp, durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn ulgamyny gurşap alýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin Milli maksatnamasynda meýilleşdirilen tutumly işler hem olaryň bir bölegi bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakyn onýyllyklarda Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigini belleýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly güýjünde ulanmak, deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň «Hazar sebitinde «ýaşyl» portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde «EcoPorts» güwänamasy berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler. Onuň doly kuwwatynda işe girizilmegi kontinental ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer. Türkmen üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasy bolar.

Kadyr BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar