Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýär.
Innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategiki maksatnamalar, ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalarynyň belent münberlerinden adamzadyň parahat we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürlen derwaýys başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä esaslanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar.