Döwrebap hünärmenleri taýýarlamak ugrunda

31 Oktýabr 2023
885

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary taryhy çözgütlere baý boldy. Saparyň barşynda netijeli gepleşikleriň ençemesi geçirilip, iki döwletiň arasynda ozaldan hereket edip gelýän 182 resminamanyň üsti täze ylalaşyklaryň ýene-de 13-si bilen ýetirildi. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar.

Saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynda türkmen we türk wekiliýetiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, Ähtnamanyň bölümleri barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Ähtnamada hyzmatdaşlygyň adam serişdelerini dolandyrmak bilen baglanyşykly çap edilen materiallary we görkezme esbaplary, bu ulgamda bilimleri we tejribeleri paýlaşmak, özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenleriň ýygnaklaryny guramak hem-de iki ýurduň çäginde alnyp barylýan döwlet gullugynda adam serişdelerini dolandyrmak bilen bagly çärelere gatnaşmak ýaly görnüşleri göz öňünde tutulandyr. Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak ulgamynda ulanylýan gurallardyr amatly programmalar bilen tanyşdyrmak, okuw meýilnamalaryny durmuşa geçirip, okuwlaryň netijelerine baha bermek barada tejribeleri, maglumatlary we bilimleri paýlaşmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge zerur goldawlary bermek, döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda üznüksiz okuwlaryň geçirilmegini işjeňleşdirmek, döwlet gullukçylaryna täze bilimleri we endikleri berip, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa döwletiň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak, ählitaraplaýyn, ylym-bilimden, sowatdan ýüki ýetik döwlet gullukçylaryny taýýarlamak babatda özara gyzyklanmalaryň çägini giňeltmek, bu ugurda has netijeli we döwrüň talap edýän görnüşlerini, gurallaryny gözlemek hem-de durmuşa geçirmek arkaly üstüni ýetirmek işinde möhüm ähmiýete eýedir.

Alym ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory.
Beýleki habarlar