Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňizleriň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda aýtdy diýip, «Report.az» habar berdi.
«Iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm orny tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara bähbitli boljakdygy nygtaldy» diýip, TDH Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözleri getirýär.