Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi

28 Oktýabr 2023
670

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleri hereket edýär. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi we täze derejä göterilmegi üçin mümkinçilikleri döredýär.

Beýleki habarlar