Bilelikdäki ösüşiň binýady

30 Oktýabr 2023
779

Düýn — 29-njy oktýabrda doganlyk Türkiýede Respublikanyň şanly 100 ýyllygynyň baýramy giňden dabaralandyryldy. Türkmen hem-de türk halklary taryhyň ähli döwürlerinde-de kökleri müňýyllyklara uzaýan bir çynaryň iki şahasy deýin, birek-birek bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Doganlyk ýurduň baş baýramynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrmagy häzirki wagtda-da iki halkyň öz begenjini, şatlygyny deň paýlaşýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu sapar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna düýpli baha bermegiň, geljek döwür üçin amal ediljek bilelikdäki işleri kesgitlemegiň ýolunda täze gözýetimleri açandygy bilen uly ähmiýete eýedir.

Biz hem sapar günlerinde türkiýeli wekilleriň käbirleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň türkmen-türk gatnaşyklarynda gazanylan tejribeler baradaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar