"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen birlikde milli bilim we ylym ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Milli bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda milli saglygy goraýyş ulgamy ylmy açyşlaryň dünýä tejribesi bilen deň gadam urýar. Guwandyryjy ugurlaryň biri-de ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Häzirki wagtda talyplara berilýän bilim diňe bir nazaryýetde alan bilimleri bilen ýa-da okuw tejribeligi bilen çäklenmeýär. Talyplar sanly ulgamdaky ylmy edebiýatlar bilen yzygiderli tanyş bolup, dünýä lukmançylygyndan hem habarly bolmaga çalyşýarlar. Milli tejribede sanly ösüşler konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ösüş ugurlary hökmünde maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi arkaly lukmançylyk ulgamynyň işini, raýatlara edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek, sanly ulgama tapgyrlaýyn geçmek, önümçilikleri awtomatlaşdyrmak, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, ilerletmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek wezipeleri öňde durýar. Döwrüň orta çykaran kiberhowpsuzlygy ýurdumyzda sanly ulgamyň ösüşini kepillendirmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. Talyplara berilýän bilimleriň hem düýp özeni ösen lukmançylykdan baş çykarmagy öwretmekdir.

Ylym-bilim boýunça halkara maksatnamalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip belleýär.

Röwşen geljegiň eýeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, ahlak taýdan terbiýeli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan nesil bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda goýulýar. Ýaşlaryň bilimini yzygiderli artdyryp, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasyny ösdürmek häzirki zaman jemgyýetinde esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde adamzadyň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna ylym we ýokary derejeli tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň esaslaryny goýmaga giň gerim berilýär. Diýarymyzda ösüp gelýän ýaşlara öwredilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Watanymyza, halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaş nesiller ummasyz aladalar bilen gurşalandyr. Ýaşlara okamaga, döretmäge, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen türkmen ylmynyň gazananlary durmuşymyza yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýaşlar döwlet we halkara derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanýarlar

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Çaga durmuşyň güli, olaryň edep-terbiýesi bolsa jemgyýetimiziň geljeginiň röwşen kepilidir. Halkymyzda «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähim bar. Maşgaladan gözbaş alýan nesil terbiýesi çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde berilýän bilim-terbiýe bilen sazlaşýar. Ýaş nesliň Watanymyza gerekli adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilendir. Terbiýeli, edepli perzentler diňe bir maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň däl, eýsem, milletiň buýsanjyna hem guwanjyna öwrülýär. Ata-ene mydama çagasynyň baş terbiýeçisi, mugallymydyr. Çaga terbiýesinde maşgala agzybirligi uly güýçdür. Edep-ekramly, abraýly maşgalada önüp-ösen, gowy görüm-görelde alan çaganyň özüni alyp barşy üýtgeşikdir. Hut şonuň üçin-de, çagalar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek baş maksadymyzdyr. Magtymguly Pyragynyň: «Ömür saly artar alkyş alanyň» diýşi ýaly, ata-eneleriniň ak alkyşyny alan ýaş nesiller durmuş ýoluna rowana bolýarlar. Ynsanyň dowamaty bolan nesilleriň terbiýesi barada ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nähili alada edendigi gadymy edebi çeşmelerde hem beýan edilýär. Ynsana mahsus bolan pespällik, rehimdarlyk, akyl-parasatlylyk, ýüreg

Türkmenistanda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy. Festiwal bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda ýurduñ gazananlaryny açyp görkezmäge, mugallymlaryñ we hünärmenleriñ maglumat tehnologiýa we kiber howpsuzlyk ulgamynda ylmy we taslama işine gyzyklanmalaryny artdyrmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga gönükdirildi.

Kitaplaryň göwheri

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow açyp, täze şadiwanyň ähmiýeti barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan gymmatly maglumatlaryny, paýhas hazynasyny öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz bu eserini döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini şöhlelendirýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr, ýolgörkezijidir. Soňra çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary kitabyň girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-me

Bol hasyly bilen tanalan gadymy toprak

Tamamlanyp barýan ýyl biziň bilime teşne, giň gözýetimli, şöhratly geçmişimize we taryhymyza uly sarpa goýýan ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. TÜRKSOÝ-yň çözgüdi esasynda şu ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygar astynda geçmegi bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýän baý many-mazmunly joşgunly işleriň sakasyny açyp goýberdi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa türkmen halkyna örän ajaýyp sowgat bolup, gadymy topragymyzyň dünýä ekerançylygynyň irki ojaklarynyň biri bolup durýandygyna bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy. Men taryh mugallymy bolandygym üçin bu kitaba yzygiderli ýüzlenýärin. Mukaddes toprakda Änewiň ak bugdaýyň gadymy Watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly açyş tutuş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji sebitleriň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi. Biziň ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri hökmünde taryhda ykrar edildi. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitap bu taryhy bilimleri ýene-de baýlaşdyrdy. Kitap gadymy Ahal topragynyň köpasyrlyk taryhy barada

Belent maksatlar rowaçlanýar

Ösüşiň berk binýady ylym-bilim bolup durýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bu ugurda işlemek üçin hukuk binýadyny döretdi. Onuň aýry-aýry maddalarynda bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine orun berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, işlerimizi talabalaýyk guramaga çalyşýarys. Şu maksat bilen ýakynda Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdepde maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda bilimiň mazmunyna, okatmagyň usulyýetine täzeçe garamak, bilim babatda umumy maksatlara ýetmegi çaltlandyrmak boýunça esasy strategik özgertmeleri we gurallary kesgitlemek, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, bilim edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini sanly tehnologiýalaryň, döwrebap laboratoriýalaryň, onlaýn meýilnamalaryň, bilim bermegiň garyşyk görnüşleriniň hasabyna gowulandyrmak boýunça nygtap geçdiler. Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilen baglylykda, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetin

Sanly bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimiň ösüşi ýokary derejä eýe bolýar, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär, bu babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle beýik özgertmelere gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagyna uly ýardam edýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kämil bilmek we durmuşa ornaşdyrmak her bir mugallymyň, bilim işgärleriniň jana-jan borjy bolup durýar. Şunda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdelerden giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar hem-de bilim öwretmegiň hili ýokarlandyrylýar.

Eziz Diýara buýsanç

Gojaman Köpetdagyň eteginde orun alan Arkadag şäheri gaýtalanmajak tebigy gözelligi bilen dünýä nusgalykdyr. Sanly ulgamyň iň döwrebap ugruny özünde jemleýän «akylly» şäherde adamlaryň bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilendir. Bu nurana mekanda ýaşaýjylara iň döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatlyklar üpjün edilýär. Her bir bina özüniň ajaýyplygy, milli hem-de döwrebap keşbi bilen tapawutlanýar. Olar ata Watanymyzyň ajaýyp şäheriniň özboluşly görki, ajap eýýamyň nyşanlary bolup durýar. Özi hem bu ajaýyp binalarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokary derejede üpjün edilendir. Biri-birinden zyýada binalaryň ählisiniň tehnologik programmalarynyň türkmen ýaşlary tarapyndan işlenip düzülmegi sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär. Bu günki gün türkmen hünärmenleri awtomatlaşdyrmak, elektronika, robot tehnikasy, internet we ählumumy sanlylaşdyrmagyň barşynda bilim-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Sanly tehnologiýalara üstünlikli erk edýän we durmuşa geçirmekde başarnyklaryny görkezýän ýaş hünärmenler «akylly» ulgama oňat düşünýärler. Şoňa görä-de, sanly ulgamda ýaş hünärmenleriň başarnygyna uly üns berilýär. Munuň özi bolsa sanly mümkinçilikleriň halkymyzyň durmuşyna pugta ornaşýandygyny, döwrebap ösüşleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyn

Sapagy täsirli guramak

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek asylly ýörelgä öwrüldi. Mugallymlaryň, bilim işgärleriniň asylly işleriniň netijesinde ýaşlar kämil ynsanlar bolup ýetişýärler. Şunda başlangyç synplarda geçilýän sapaklaryň, öwredilýän bilimleriň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek, çünki başlangyç bilim berk binýat bolýar, okuwçynyň ýadynda saklanyp galýar. Başlangyç synp okuwçylary öwrenmäge höwesli, bilesigeliji bolýarlar. Şonuň üçin hem mugallym guraýan sapagyny has-da täsirli edip geçmäge, olaryň aňynda gowy galmagyny gazanmaga, şeýle-de şol derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga çalyşýar. Başlangyç synpda okamak, ýazmak endikleri has-da kämilleşýär. Bu döwürde okuwçylarda köp öwrenmäge, ýazmaga bolan gyzyklanma has-da artýar. Şu nukdaýnazardan türkmen dili sapagyny oňat öwretmek has-da täsirlidir. Türkmen dili dersinde okuwçylar bilen «Sypatlar», «Işlikler», «Sanlar» ýaly özbaşdak many aňladýan söz düzümleri öwredilýär. Şu temalar geçilende okuwçylara sypatlaryň aňladýan manysyny düşündirýärin. Munuň üçin okuw kitabyny we multimedia tagtasyny peýdalanýaryn. Multimedia tagtasynda şeýle ýazgylary ýazýaryn:

Okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ata Watanymyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän işler yzygiderliligi, toplumlaýynlygy we maksada okgunlylygy bilen uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda ýaş nesliň dünýä dillerini özleşdirmeklerine, olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine hem uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, orta mekdeplerde geçilýän iňlis dili sapaklarynda okatmagyň täze, döwrebap usullary ulanylýar. Orta mekdeplerde iňlis diliniň öwredilmegi okuwçylaryň gözýetimleriniň giňelmegine, dil baýlyklarynyň ösmegine alyp barýar. Şonuň üçin iňlis dilini öwretmekde täze tehnologiýalaryň hyzmaty uludyr. Döwrebap tehnologiýalaryň sapaklarda peýdalanylmagy täze usulyýetleri ýüze çykardy. Şeýle usulyýetleriň kämilleşdirilmeginde okatmagyň döwrebap serişdeleriniň okuw işinde ulanylmagy ygtybarly orny eýeleýär.

Okatmagyň we bilim öwretmegiň usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, okatmagyň iň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýaş nesle bilim öwretmekde kämil usullar işjeň ulanylýar. Aslynda, bilim öwretmek irki ýaşdan başlanýar. Biziň ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralarynda, orta mekdeplerde hem çagalaryň bilime bolan höwesi, ilkinji düşünjeleri ösdürilýär. Ýaş nesliň çagalar baglaryndan, orta mekdeplerden we ýokary okuw mekdeplerinden alýan bilimleri olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňat ýardam berýär. Ýaş nesliň ilkinji bilimleri orta mekdepleriň başlangyç synplarynda kemala gelýär. Şunda okatmagyň usullarynyň, pedagogikanyň çuňňur many-mazmunynyň bardygyny bellemek gerek. Ilkinji basgançaklardan, has takygy, başlangyç bilimden binýat alýan düşünjeler has-da kämil bolýar. Çaganyň şu ýaşynda psihologiýasy, dünýägaraýşy kemala gelýär. Şonuň üçin hem mugallymyň pedogogik usullary, bilim öwretmekde dürli usullary durmuşa geçirmegi we çagany bilime ugrukdyrmagy hökmanydyr. Şunda tejribeden geçen, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryň ulanylmagy gerek. Sebäbi ylmy taýdan esaslandyrylan usullar okuw işini ugrukdyrýar we çaganyň bilime bolan höwesini artdyrýar.

Gurnaklaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Ýakynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Miras» gurnagynyň çäklerinde gurnagyň we mekdebiň ýaş alymlar geňeşiniň agzalary sanly ulgam arkaly Balkan welaýatynyň Magtymguly Pyragy muzeýiniň miras gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyş boldular. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri, Diýarymyzdaky muzeýlerde saklanýan gymmatlyklary synlanyňda, gadymy topragymyzyň baý taryhynyň bardygyna buýsanjyň atýar. Bu gymmatlyklary gorap saklamak, ony öwrenmek bolsa wajyp meseleleriň biridir.

Taslama işi — möhüm iş

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek arkaly ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy we mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmagy möhüm wezipeler hökmünde öňde goýdy. Konsepsiýanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli döwrüň dowamynda umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilmelidir. Şol maksat bilen okadylýan okuw dersleriniň mazmunyny ylmyň we tehnikanyň gazananlary esasynda baýlaşdyrmak, okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, zehinini açmak, olary ylmy barlaglary geçirmäge höweslendirmek maksady bilen, okuw sapaklarynda tejribelik işiniň geçirilmegi, taslama işleriniň alnyp barylmagy göz öňünde tutulandyr. «Mekdepde ýerine ýetirilýän taslama işi nämeleri öz içine alýar, işiň temasyny nähili saýlap almaly, olaryň haýsy görnüşleri bar, olary nähili ýerine ýetirmeli we haýsy synplarda ulanmaly?» diýen sowallara jogap gözläliň. Pedagogikanyň nazaryýetinde taslama okuw — aň ýetirijilik, döredijilik işidir. Mekdepde ýerine ýetirilýän taslama işi — bu dersler boýunça anyk meseläniň üstünde işlemek arkaly bilim bermegiň usulydyr. Mekdep taslamasy okuwçylaryň kesgitli netijeleri gazanmaga ýa-da käbir meseläniň çözgüdini tapmaga gönü

Dil bilen dünýäni gezer

Berkarar Watanymyz bagtyýar ýaşlaryň mekany. Bu gün parahat, asuda eziz Diýarymyzda ýaşlar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Ýaşlar biziň röwşen geljegimizdir. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara uly ynam bildirýär, olaryň bagtyýar durmuşy hakynda bimöçber alada edýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň oňat bilim almaklary, öz bilimlerini yzygiderli artdyrmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary, dürli hünärleri özleşdirmekleri, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda tutanýerli zähmet çekmekleri ugrunda döredilýän şertler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky aladasynyň güwäsidir.

Kämilligiň gözbaşy

Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Diýarymyzda iňlis, rus, fransuz, ýapon dilleri boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepler bar. Sözüň doly manysynda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde giňişleýin şertler döredilendir. Ýurdumyzda rus dilini öwretmegiň döwrebap usullaryny okuw işine ornaşdyrmakda önjeýli işler alnyp barylýar. Daşary ýurt dilini öwretmekde interaktiw usul, ýagny söhbetdeşlik, gepleşik, labyzly okamak, gürrüň bermek arkaly sapak geçmek has gowy netijeleri berýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde hem rus, iňlis dillerini öwrenmekde talyp ýaşlara uly mümkinçilikler döredilýär. Talyplar hünäri boýunça rus dili dersinde okamagy we gürlemegi öwrenip, söz baýlygyny ösdüryärler. Olar özara söhbetdeşlik esasynda hem dil baýlygyny artdyrýarlar.

Üstünlik — zehinliniň hemrasy

Bilimiň ynsan ömrüni ýagtyldýan ýolgörkeziji şamçyragdygy hemmä mälim. Bilim almak, zehiniňi has-da kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriňdir şertleriň döredilen ýurdunda ýaşamagyň, okamagyň özi uly bagt. Şol döredilýän şertlerden ruhlanýan mekdep okuwçylarymyz diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle zehinli jigilerimiziň hatarynda Aýgül Atajanowany hem görkezmek bolar. Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy. Zehinli jigimiziň himiýa dersi boýunça gazanan üstünliklerini eşideniňde, oňa dürli wagtlarda gowşurylan diplomlardyr Hormat hatlaryny göreniňde, «berekella» diýeniňi duýman galýarsyň. Ilki bilen, Aýgülüň şu ýylda gazanan üstünlikleri bilen tanşalyň. Ol iýul aýynyň 21—30-y aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy Bütindünýä halkara himiýa olimpiadasynda kümüş medala, şu ýylyň aprel aýynyň 21—26-sy aralygynda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde geçirilen himiýa boýunça 58-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de şu ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda himiýa dersi boýunça 1-nji orny eýel

Okuw-maslahat geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň, “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda onlaýn okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahata TDEI-niň, Mary nebitgaz orta hünär mekdebiniň, S.A. Nyyazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki we Lebap welaýatyndaky orta hünär mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Begenç Çaryýew, TDEI-niň mugallymlary Arslan Agaýew, Maksat Gurbansähedow çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, ýaş nesilleriň geljekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup kemala gelmegi ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada täsirli gürrüň edildi.

Mukaddesligi arzylap

Ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyza we zähmete söýgi döretmek maksady bilen, okuwçylarymyzyň gatnaşmaklarynda şäher derejeli göreldeli okuw sapaklaryny ýygy-ýygydan geçirýäris. Ýakynda geçiren şeýle sapaklarymyzyň birini 2-nji synpda bugdaýyň we mele nanyň mukaddesligine bagyşladyk. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň wekilleri we şäherimizdäki beýleki mekdeplerden gelen başlangyç synp mugallymlary gatnaşdylar. Göreldeli okuw sapagymyzy maksada laýyk geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan we tagallasy bilen çap edilen kitaplar esasy gollanmamyz boldy. Çagalar «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan çörege, bugdaýa bagyşlanan atalar sözlerini suwara bilýändiklerini görkezdiler. «Akylly» tagtadaky şekillerdir wideogörnüşler boýunça geçiren pikir alyşmalarymyz hem netijeli boldy. Onuň dowamynda çagalar bilen bugdaýyň ýetişdirilişi barada gürrüň etdik. Dünýä dillerini gowy özleşdirýän okuwçylarymyz Gurbanýaz Daşgynow, Kerim Gurbannepesow ýaly şahyrlarymyzyň mukaddes çörege bagyşlan goşgularyny rus dilinde ýatdan aýdyp berdiler. Soňra olar «Çörek desterhanlarymyza nähili gelýär?» diýen sowala algoritmiki suratlaryň üsti bilen jogap berdiler.