"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Başlangyç synplarda çekimlileri öwretmek

Bilimiň özeni başlangyç synpdan başlanýar. Mugallym öz jogapkärli işinde çagalara çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek üçin çalyşmalydyr. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almagy mugallymlaryň başarnyklaryna hem-de ukyplaryna baglydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, her bir temany çagalaryň aňly-düşünjeli özleşdirip bilmekleri üçin işimizi göwnejaý guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sapaga işeňňir gatnaşmagyny gazanmak onuň täsirli guralyşyna baglydyr. Çekimliler umumy orta bilim berýän mekdepleriň 2-nji synplarynyň türkmen dili sapaklarynda öwredilýär. Bu temalary oňat özleşdirmegiň çagalaryň ýazuw kadalaryny aňly-düşünjeli öwrenmekleri üçin uly ähmiýeti bar.

Kämil ýaşlar kemala gelýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, hünär taýdan kämil, watansöýüji, ilhalar ýaşlary terbiýelemäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de gowulandyrmakda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Okuw maslahaty geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda adam hukuklaryny goramak babatda Adalatçynyň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilen bu okuw maslahatynyň esasy maksady adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň kazyýet edaralary bilen iş alyp barmaklary boýunça halkara tejribesini paýlaşmakdan ybarat boldy. Oňa Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň, welaýat prokuraturasynyň, kazyýet edaralarynyň, welaýat häkimliginiň işgärleri, degişli edaralaryň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, raýatlaryň durmuşy meseleleri bilen baglanyşykly kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Wekiller adam hukuklaryny goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek, raýatlaryň hukuklaryny we emläkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek bilen bagly milli meýilnamalary durmuşa geçirmek, döwlet, häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek, degişli çözgütleri kabul etmek boýunça ýurdumyzyň kanunçylyk edaralarynyň alyp barýan işleri barada hem aýratyn

Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açyldy

Her ýyl asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň çar ýanynda täze binalar, döwrebap bilim ojaklary açylyp ulanylmaga berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Soltanow adyndakydaýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu döwrebap umumybilim berýän orta mekdebiň binasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Durdymyrat Çaryýew bilen beýik akyldarymyzyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşyp, gyzykly maglumatlary ýazga geçirdik.

Bilimli nesil — röwşen geljek

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy maksatnamalaýyn işleriň aýdyň beýanydyr. Munuň özi bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegini, onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny, nurana geljegimiz bolan ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-sowat almagyny üpjün edýär. Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hünär bilimi edaralarynda okaýanlaryň daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmagyň netijeleri boýunça «Daşary ýurt dilleri okatmagy mundan beýläkde kämilleşdirmegiň esasy ugurlary» atly usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatda daşary ýurt dillerini öwretmegi has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe çykyşlar edildi. Şol çykyşlaryň birnäçesini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Selbi BATYROWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory:

Şanly wakalara buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdeleridir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary aýdyň şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyşy özüniň şatlykly-şowhunly dabaralary bilen bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyr

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň nusgalary hünärmenler tarapyndan elektron maglumat görnüşine geçirilýär we ol maglumatlar gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi okamaga höwesli her bir raýat üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini döwrebap derejä çykarýar. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Sanly ulgama geçmegiň netijesinde döredilýän amatlyklaryň gi

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalar bilen işlemegiň netijeli ugurlary Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen işlemek terbiýeçilerden ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Çagalar bagyna ýaňy gatnap başlan körpäni bu ýere uýgunlaşdyrmak, gyzyklandyrmak, onuň günde höwes bilen gatnamagyny gazanmak, elbetde, terbiýeçiniň tagallasyna we tejribesine bagly ýagdaýdyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çaganyň sapaklara üns bermegini gazanmaly. Bu döwür çaganyň oýunlarynyň azalyp, köp pikirlenip, akyl zähmeti bilen işlemegini talap edýär. Terbiýeçi sapaklaryň arasynda dynç alyş üçin çagalara sada oýunlary, hereketli maşklary ýerine ýetirdip, ýeňillik döredip biler. Şol pursatlar hem çaga üçin dynç almaga mümkinçilik berýär. Çagalar bagynda körpelere ähli sapaklar boýunça ilkinji düşünjeler öwredilýär. Bu bolsa çaganyň başlangyç synplarda has hem gowy okamagyna getirýär.

Döwrebap serişdelerden peýdalanmak

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, kämilligiň gözbaşy hasaplanýan daşary ýurt dillerini öwrenmek esasy orunda goýulýar. Ýokary we orta mekdeplerimizde bilim alýan ýaşlara, esasan, türkmen, iňlis dilleri has ýokary derejede öwredilýär. Bu ugurdan guralýan sapaklar ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär. Ýaşlara öwredilýän dünýä dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Iňlis dilini bilmek, onuň inçe taraplary barada okuwçylara düşündirmek okuwçylarda bu derse bolan höwesi artdyrýar. Çagalar bagynda iňlis dili öwredilende, ilki bilen, suratlar arkaly işlemegi hem göz öňünde tutup bolar. Çagalar bagynda iňlis dilini öwretmek örän netijelidir. Çünki çagalara şol döwürden iňlis diliniň sözleri öwredilse, bu olaryň aňyna örän berk ornaşýar. Şonuň üçin hem iňlis dilini okatmagyň, çagalara öwretmegiň hem özboluşly usullary bar. Bu ýaşdaky çagalara, esasan, suratlar, ertekiler arkaly dil öwretmek mümkin. Soňra bolsa olara iňlis dilinde sanamagy öwretmek hem täsirli bolar. Bu olarda iňlis diline gyzyklanmasyny artdyrar.

Ene dilim — eziz dilim

Dil ynsana özüniň gören, eşiden zatlaryna bolan garaýşyny, hatda näzik duýgularyny beýan etmäge mümkinçilik berýär. Söz diliniň üm-yşarat arkaly düşünişmekden artykmaçlyklary mundan müňlerçe ýyl ozal ýörite dil hakdaky ylmyň döremegine sebäp bolupdyr. Ene dilimiziň köp asyrlyk baý taryhy bar. Türkmen dili özüniň zatlary atlandyrmak, olar hakdaky aň-düşünjäňi beýan etmek, başgalar bilen pikir alyşmak, durmuşdaky nogsanlyklary sözüň kömegi bilen düzetmek, adamzat gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny geljekki nesillere ýetirmek ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryny iki görnüşde: sözleýiş dili hem-de ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär. Halkymyz öz ene diliniň milli özboluşlylygyny saklap gelipdir. Onuň sözlük düzüminiň baýdygy, grammatik gurluşynyň kämildigi, labyzlylygy, täsirliligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şu jähetden-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmekde birnäçe konsepsiýalar bilim we terbiýeçilik işlerinde giňden ulanylýar. Şeýle hem «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Maksatnamanyň esasy maksady mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrebap tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmekden, çagalara bilim we terbiýe berm

«e-Mekdep» ulgamy — döwrebap ösüşde täze ädim

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen, orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «e-Mekdep» platformasy işläp başlady. Elektron mekdep dolandyryş ulgamynyň maksady «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 4-nji martyndaky Kararyndan, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky Permanyndan, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Kararyndan we beýleki degişli resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekden, mekdep ýolbaşçylaryna usuly kömek bermekden, olaryň iş resminamalaryny dogry ýöretmekdäki jogapkärçiligini artdyrmakdan hem-de okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ugur alýar.

Daýanç nokady

Islendik närsäniň öz daýanç nokady bolýar. Hatda fizika ylmynyň ägirdi goja Arhimed hem «Maňa daýanç nokadyny beriň, Ýeri çepbe çöwreýin» diýen eken... Ynsan belli bir käriň abyny-tabyny ele alsa, oňa ömür örküni baglasa, aýagy ýer tutup, daýanany abraý-mertebe bolar eken. Boldumsaz etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy Baýramgeldi Myradow hem bu asylly käri durmuşynyň daýanç nokadyna öwrenleriň biri.

Bagtyýar talyplaryň ýürek buýsanjy

Perhat BAGTYÝAROW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, agyr atletika boýunça sport ussady, milli ýygyndy toparyň agzasy:

Ösüşleriň we özgerişleriň nusgalyk binýady

Bilim bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Şoňa görä-de, parasatly halkymyz öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilmegi, täze bilim ojaklarynyň açylmagy bolsa milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bilimli ýaşlar — döwrüň buýsanjy

Şöhratly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň sahawatly güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralar, taryha müdimi möhürlenen wakalar bilen garşy alyndy. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar ýaşlar üçin bilimler ummanyna çuňňur aralaşmaga çagyryş bolup ýaňlandy. Şu şatlykly pursatlarda ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagtyna miýesser bolan ýaşlaryň ýüzlerçesi redaksiýamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, bize ýürek buýsançlaryny ibermeklerini dowam edýärler. Olaryň joşgunly kalplaryndan çykýan sözler ajaýyp döwrümize şan berýär.

Arzuwymyz hasyl boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi ýokary okuw mekdepleriniň talyby boldy. Biz hem arzuwlary hasyl bolan ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris: Yhlas GOÇYÝEW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý we seýil bag hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Golaýda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde döwlet edaralarynyň işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – bilim ulgamynyň rowaç, ösüşli ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim işgärleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar we gazanylýan üstünlikler hakynda nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly we innowasion tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýan milli bilim ulgamynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basandygy hakynda buýsançly söhbet edildi. Çykyş edenler ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym dünýäsinde uly üstünlikler gazanmagy babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Bedenterbiýe we sport — kämillige badalga

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenleri, tälimçileri, beýleki degişli hünärmenleri hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty eziz Diýarymyzyň ençeme nesillerine bedenterbiýe we sport ugrundan bilim-terbiýe berip, ussat bedenterbiýe mugallymlarynyň, sportuň görnüşleri boýunça tälimçileriň müňlerçesini ýetişdirdi. Ýokary okuw mekdebinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sport abraýyna mynasyp goşant goşýan, halkara ýaryşlarda Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýan ezber türgenleriň ençemesi kemala geldi.

Ömür menzilinde ýakymly sene

Ynsan durmuşyny bezeýän biri-birinden ähmiýetli, biri-birinden şatlykly seneler sanardan kän. Şol seneleriň içinde aýratyn bir sene seni ömrüň her tapgyrynda özboluşly röwüş bilen garşylap, saňa täzeden-täze bagt eçilýär. 1-nji sentýabr! Meniň ak mekdebe tolgundyryjy hem şatlykly duýgular bilen ilkinji gezek gadam basan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň mähriban mekdebimiň gujagyndan uçurym bolup, ganat ýaýyp, öz arzuwymdaky ýokary okuw jaýyna gelip gonan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň her günümi ynsan saglygyny goramagyň maksady bilen ýaşap, degişli bilim alyp, öz okan ýokary okuw mekdebimiň bosagasyndan mugallym bolup buýsanç bilen ätlemegime şaýat bolan gün! Mende seniň bilen bagly süýji ýatlamalar, näçe diýseň köp?! Bagtyýar ene hökmünde bu gün men öz ýatlamalarymyň üstüni bu taryhy senede balajyklarymyň gül çemenli elinden tutup, ak mekdebe eltmegim bilen dolduryp bilýändigimi hem begene-begene aýdasym gelýär. Nesip bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günleriniň birinde perzentlerime öz arzuwlan ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talyplary bolmak bagty hem miýesser eder. Şonda men olaryň begençden ýaňa lowurdaýan gözlerine seredip, öz ýanymdan güýz paslynyň her bir ynsan üçin neneňsi şatlykly hem arzyly gündügini ýene bir gezek tassyklaryn. Şeýde-şeýde bu ýatlamalaryň yzy agtyk-çowluklarymyzyň şatlygyna şärik bolmagymyz bilen utgaşyp, hemişelik dowam

Şinelän arzuwlaryň joşguny

2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Şageldi SALYHOW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby: