"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Hoşniýetli goňşuçylyk, mizemez dostluk

Türkmen halkynyň durmuşynda «goňşy» sözi uly orun tutýar. Muňa biz halk döredijiligine, edebiýata ser salanymyzda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Iň ýakyn goňşymyz — Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän döwletleriň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda dostlukly döwletiň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi döwletara gatnaşyklarda medeni diplomatiýa möhüm ornuň degişlidigini görkezýär.

Nesilleriň terbiýe mekdebi

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek hem-de ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlan ýörite meýilnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Etrap medeniýet merkezinde geçirilen bu söhbetdeşlige etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dürli kärdäki ýaşlar, tejribeli halypalar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa çykyş edip, bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesini özüne birleşdirýän Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlaryň kemala gelmegi babatda wagyz-nesihat çäreleriniň, döredijilik duşuşyklarynyň, zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilýändigini nygtady. Şunda zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz», «Şahyryň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik duşuşyklaryny, akyldar şahyryň halk nakyllaryna, atalar sözlerine öwrülen baý şahyrana dünýäsini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen medeni çäreleri aýratyn bellemek gerek. Çykyş edenler

Gündogar bagşysyn diňle, Günbatar! (Dünýä we ýaşlar)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, ylmy-amaly maslahatlarda, konsertlerde, sungat festiwallarynda yzygiderli çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, 7 — 14-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynda «Geljek häzir — Merkezi Aziýa» ady bilen festiwalyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saz toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sungat festiwalynyň baş maksady zehinli ýaşlaryň özara pikir-tejribe alyşmagyny üpjün etmekden, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmekden, şeýle-de halklaryň milli medeniýetlerini dünýä tanatmakdan ybarat boldy. Sungat festiwalynda ýurdumyza Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary wekilçilik etdiler. Medeni maksatnama laýyklykda, gatnaşyjylar üçin Berlin şäherine gezelençler guralyp, Brandenburg orkestriniň ýerine ýetirmeginde gyzykly konsert geçirildi.

Sungata sarpa

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň çagalar sungat mekdebinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» bölüminiň 3-nji ýyl talyby Bibimerýem Töräýewanyň «Sungata sarpa» ady bilen şahsy sergisi guraldy. Onda ýaş suratkeşiň dürli ýyllarda ýerine ýetiren natýurmort, portret, etýud işleri görkezildi. Sergide Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine, öwüt-nesihat häsiýetli goşgularyna bagyşlanyp döredilen eserler esasy orny eýeledi. Mundan başga-da, gyz-gelinlerimizi wasp edýän kompozisiýa eserleri, çaga portretleri sergä gelenlerde öz täsirini galdyrdy. Zehinli talyp gyz Bibimerýemiň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda, reňk sazlaşygynyň doýgunlygyny we reňkleriň milli öwüşginliligini görmek bolýar.   

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ahal welaýat kitaphanasynda «Kitap — dünýäniň açary» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahat we kitap sergisi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Medeniýet müdirligi we Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim babatda görelde mekdebidir» diýen parasatly jümlelerinden ugur alnyp guralan çärä okyjy ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Nowaýynyň ilinden Pyragyly Türkmenistana

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň çykyşynda bu çäräniň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä bolup toýlanylýan ýylyna gabat gelýänliginiň uly ähmiýete eýedigi barada aýratyn durlup geçildi. Sahnada Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň ylmy-edebi mirasy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Özbegistan Respublikasynyň Mukimi döwlet sazly teatrynyň artisti Azizhon Latipow Alyşir Nowaýynyň keşbini janlandyrdy. Ol bu keşp arkaly tomaşaçylara Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň belli «Hamsa» eseri barada gürrüň berdi. «Hamsa» eserine girýän «Leýli we Mejnun», «Perhat we Şirin», «Ýedi planeta», «Isgenderiň diwary» ýaly poemalaryň gahrymanlarynyň keşplerini, olaryň başdan geçirýän wakalaryny belli özbek artistleri O.Tillanazarow, O.Ergaşew, M.Elow, R.Mirminow, F.Norow, D.Aliýew, S.Hurammow, J.Usarowa dagy halk sazlary bilen utgaşan ajaýyp aýdymlar bilen ynandyryjy beýan etdiler. Alyşir Nowaýynyň gazallaryna döredilen aýdymlary Ýunus Rajabiý adyndaky «Makom» ansamblynyň ezber sazandalarynyň sazandarlyk etmeginde özbek aýdymçylary M.Jumanowa, G.Salimowa, D.Şodmonowa, M.Akbarowa dagy belent heňde ýerine ýetirdiler.

Şu gün...

Şu gün Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň şahsy sergisi açylýar. Sergi ussat suratkeşiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy Möjek Çaryýewiň degişme äheňindäki suratlaryny ýa-da nakgaş eserlerini synlanyňda, ussadyň tebigata, daş-töwerege özboluşly nazar bilen garandygyna göz ýetirse bolýar. Onuň türkmen multiplikasiýasynyň ilkinji ädimleriniň şaýady bolan eserleri-de sergä tomaşa etmäge baranlarda ýakymly täsirler galdyrar diýip ynam edýäris.

Parahatçylyk owazlary

Şanly ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň taslamasy boýunça ilkinji gezek Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 160 sazandany özünde jemleýän «Parahatçylyk owazy» atly üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň birleşen orkestri döredildi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Parahatçylyk owazy» birleşen orkestriniň ilkinji konserti geçirildi. Orkestre Kowus Bäşimow we Gurbanberdi Begenjow dirižýorlyk etdiler. Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetiren «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan» atly aýdymy bilen açyldy.

Sebitiň sungata siňen sesi

12-20-nji noýabr aralygynda Germaniýanyň Berlin şäherinde «Geljek, şu wagt — Merkezi Aziýa» atly aýdym-saz we kinofestiwaly ýaýbaňlandy. Onda Merkezi Aziýanyň sungat ussatlary diňe bir kino we aýdym-saz sungatynda ýeten derejelerini açyp görkezmän, eýsem, bu ugurda kämilligiň basgançaklaryny geçmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Bu halkara sungat forumynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň kinematograflarynyň dürli žanrlarda döreden filmleriniň bäşisi görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň bu festiwala «Istärin» atly filmi bilen gatnaşmagynda özboluşly many bar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde ýewropaly tomaşaçylara bu filmiň görkezilmegi dostlara türkmeniň kalbynyň açylmagydyr. Festiwaly gurnaýjylaryň maksatlary-da türkmen, gazak, gyrgyz, täjik, özbek halklarynyň ruhy gymmatlyklaryny, şu günki durmuşyny nemes jemgyýetine açyp görkezmekden ybaratdyr. Festiwaldaky çykyşlaryň guralyşynda-da Merkezi Aziýa halklarynyň ählisi bilen tanyşlyga gatnaşmak mümkinçiliginiň hemmeler üçin elýeter bolmagyna aýratyn üns berlipdir. Muny festiwalyň açylyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersinden we Germaniýadan üçlük toparlaryň biriniň — jemi 6 toparyň tebigaty, milli saz dessurlaryny açyp görkezýän eserleri bilen çykyş etmegi-de subut edýär. Konsertde Garaşsyz Diýarymyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen

Saz söýüjilere sowgat

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gitaraçy mugallymlar M.Gurbanow bilen L.Nasyrowanyň bilelikde taýýarlan «Gitara» atly kitaby neşir edildi. Adyndan belli bolşy ýaly, kitap gitara saz guralynyň döreýiş taryhy, onuň Türkmenistanda öwrenilişi hem-de bu ugurda uly hyzmatlar bitiren sazandalar hakynda gyzykly maglumatlary özünde jemleýär. Kitapda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň saz eserleri, türkmen halk aýdym-sazlarynyň täzeden işlenen nusgalary hem-de ansambl düzüminde ýerine ýetirilýän sazlaryň gönükmeleri, etýudlary we olaryň ýerine ýetirilmegine degişli usuly görkezmeler ýerleşdirilipdir. Täze kitap çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylary we gitara saz guraly bilen içgin gyzyklanýanlar üçin özboluşly okuw gollanmasy bolup hyzmat eder.

Sungat dostlugy berkidýär

Gadymy döwürlerden bäri goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan türkmen-özbek dostlugy häzirki wagtda täze öwüşgin bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem bize ýatda galyjy pursatlary eçildi. Ýurduň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, özbek sungat ussatlarynyň konserti, özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary ildeşlerimizde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky  Medeniýet günleriniň çäklerinde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda 20-nji noýabrda öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Düýn Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

«Kompozitor» hakda kelam

Maksat GYLYJOW,Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň başlygynyň orunbasary, «Kompozitor» filminiň režissýory:

Owazly filmiň owazasy

Bu günki gün türkmen kino sungaty ösüşli menzilleri gulaçlaýar. Muňa ýurdumyzda geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwaly hem dolulygyna şaýatlyk etdi. Şol halkara kinofestiwalyň öz işini tamamlamagy bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabarada tapawutlanan artistlere, döredijilik toparlaryna baýraklar gowşuryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Milletimiziň baý medeni mirasyna, inçeden nepis, özboluşly, milli çeperçilik däp-dessurlaryna daýanyp, ösüşler ýoluna düşýän türkmen kino sungaty halkymyzyň üçünji müňýyllykda gazanýan zähmet ýeňişlerini Ýer ýüzüne wagyz etmekde uly işleri amala aşyrmalydyr» diýen sözlerinden ruhlanýan türkmen kinoçylary bu kinofestiwalda abraýly baýraklara, sylaglara mynasyp boldular. Olardan biri festiwalyň eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp bolan Maksat Gylyjowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Kompozitor» atly doly göwrümli filmdir. Film gönüden-göni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde surata düşürilendir.

Şöhratly mekanyň şanly mukamy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şäheriň medeniýetleriň ösüşindäki ornunyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň, gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly medeni-köpçülikleýin çärelerine giň gerim berildi.

Çagalar surat çekende

2 — 4 ýaşly çagalaryň surat çekmäge ymtylyşy diňe güýmenje däl-de, olaryň sagdyn ösmegi üçin wajyp türgenleşikdir. Çaganyň geljekki ukyp-başarnygy hut şu ýaşda göze ilip başlaýar. Döredijiligiň, aýratyn-da, surat çekmegiň körpejeleriň ösüşine uly peýdasy bar. Elinde çemçejigini saklamaga ýaňy endik edinen çagajyga surat çekmek ilkibada ýeňil däl. Sebäbi oňa eliniň we görejiniň sazlaşykly hereketini gurnamak aňsat bolmaýar. Ýöne çaga näçe ir elinde çemçe tutup, özi naharlanmaga başlasa, galamdyr çotga saklap, kagyza bir zatlar çyrşamaga güýmense, onuň ösüşine diýseň peýdalydyr. Eliniň hereketini görejiniň yzarlamagy arkaly «el-göz» sazlaşygy ýola goýulýar.

«Daşkent» seýilgähinde ýaňlanan mukamlar

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Dabaranyň dowamynda doganlyk ýurdumyzyň sungat ussatlary şowhunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Aýratyn-da, türkmen edebiýatynyň görnükli söz ussady Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen şygyrlarynyň ýerine ýetirilmegi bu ýere ýygnananlaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Mundan başga-da, açyk asmanyň astynda ýaýbaňlandyrylan sergi hem köp adamly boldy. Ol ýerde goňşy halkymyzyň milli lybaslary, şaý-sepleri we amaly-haşam sungatynyň nepis eserleri sergilendi. Gadymy döwürlerden bäri goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly türkmen-özbek dostlugy häzirki wagtda täze öwüşgin bilen ösdürilýär. Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde «Aşgabat» seýilgähiniň, gözel paýtagtymyzda bolsa «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň bolmagy bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Şu gezekki konserti we beýleki çäreleri geçirmek üçin hem hut dostlukly döwletiň paýtagtynyň adyny göterýän dynç alyş seýilgähiniň saýlanyp alynmagy aýratyn many-mazmuna eýedir.

Zehin bilen ylham birleşende

Berkarar döwletimizde bagtyýar durmuşyň eşretini görüp, zehinini ykrar etdirýän ýaşlar barmak büküp sanardan has kän. Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Bahar Baýramowa hem şeýle zehinli ýaşlaryň biri. Bahar eýýäm 5 ýaşynda aýdym aýtmagy öwrenýär. Ol şol döwürlerde çagalar baglarynda geçirilýän dürli çärelere, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly basleşiklere gatnasyp, öňdäki orunlara mynasyp bolýar. Baharyň aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanmagyna öz atasy sebäp bolupdyr. Çünki atasy hem ýaşlygyndan aýdym-sazyň aşygy bolup, öýlerinde işe güýmenen halatlary aýdyma hiňlener eken. Ol atasyndan aýdym aýtmagyň tärlerini we inçe syrlaryny öwrenýär.

Myhmanlara söz berýäris:

Olga ÝAIKOWA,Özbegistan Respublikasy, mugallym, TÜRKSOÝ guramasynyň işjeň agzasy:

Köňülleri joşduran kinofestiwal

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal geçirildi. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemledi. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat», «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde dürli ýurtlaryň kinematografiýa ussatlary tarapyndan döredilen ajaýyp filmler görkezildi. Özüne çekiji we gyzykly filmler hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyplaryna we mugallymlaryna hem bu festiwalda görkezilen filmlere tomaşa etmek miýesser etdi. «Watan» kinokonsert merkezinde «At — myrat» atly türkmen filmine tomaşa etdik. Bu filmde türkmen behişdi bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy, adam kimin duýgurlygy çeperçilik bilen beýan edilipdir. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde gazak, özbek, türkmen multfilmleri görkezildi we multfilmleriň senariýalary boýunça bäsleşik guraldy. Bäsleşikde dogry jogaplary bilip, biziň talyplarymyz hem baýraklara mynasyp boldular. «Ene hüwdüsi» atly gazak multfilminde enäniň gudratly hüwdüsiniň şirinligi, keramaty beýan edilýär. Bu kinofestiwal hünär-tehniki okuw mekdebimiziň talyplary üçin meşhur kino ussatlarynyň tejribelerinden öwrenmäge we has köp maglumat toplamaga esas b