"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Sahnada «Älem nury»

22-nji iýunda Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününde Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Älem nury» atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bu eser tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň we Abdylazym Rejepowyň beýik söz ussadymyzyň şygyrlarynyň we halk rowaýatlarynyň esasynda döreden sahna eseri Bagtyýar Abaýewiň režissýorlyk etmeginde tomaşaçylara ýetirildi. Sahna ussatlary Didar Kowusow, Mährigözel Atdaýewa we Muhammet Sommanow sahna eserinde baş rollarda çykyş etdiler.

Medeniýetiň baýramy

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda öz medeniýetini ösdürip gelen halk. Medeniýet — halkyň kalby. Bu gün türkmen halky medeniýetiň baýramyny, halkyň kabyndan dörän ajaýyplyklaryň baýramyny belleýär. Bu baýramyň ilkinji gezek  täze akylly şäheri bolan Arkadag şäherinde bellenilmegi kalplarda uly buýsanç döredýär. Medeniýet hepdeligiň açylyş dabarasy täze şäheriň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýan medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär.

Şanly senä bagyşlanan dabaralar

Her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň bir welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Geçen şenbe güni bu ajaýyp sungat baýramçylygy Arkadag şäherinde badalga aldy. Oňa welaýatymyzyň wekilleri hem gatnaşyp, döredijilik çykyşlaryny guraýarlar.

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Bagt mukamy alys menziller aşýar, Halkyň medeniýeti, sungaty joşýar

Ilimiziň agzybirliginiň, ýurdumyzyň abadanlygynyň nyşany

Ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi ilimiziň agzybirliginiň, ýurdumyzyň abadanlygynyň, ösüşleriň täze belentliklerine sary öňe barýandygynyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. 22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda açylyş dabarasy geçirilen Medeniýet hepdeliginiň biri-birinden täsirli çäreleriniň şaýady bolup, şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak bagtynyň miýesser edenligi üçin ykbalyňdan müň keren razy bolýarsyň. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Baky gymmatlyklaryň hazynasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzda iri medeniýet ojaklarynyň biri hasaplanýar. Biz kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli-döwranly Diýarymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan beýik işlerine mynasyp goşant goşýandygymyza buýsanýarys. Kitaphanamyzda birnäçe bölüm bolup, olarda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän okyjylara uly höwes bilen hyzmat edilýär. Kitaphanamyzyň neşir gaznasynda müňlerçe nusga saklanyp, olaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Ýurdumyzda çap edilýän, şonuň ýaly-da ýurtiçre hem halkara derejesinde özara neşir alyşmak maksatnamasynyň çäklerinde gelip gowuşýan kitaplar, sungat depderleri, audioýazgyly hem wideoşekilli nusgalary hasaba almak, katalagloşdyrmak, sanly görnüşe geçirmek hem-de okyjylara we maglumatlary peýdalanyjylara ýetirmek üçin kitaphanamyzda ähli şertler döredildi. Kitaphanaçylaryň iş ýerleri doly kompýuterleşdirilen. Kitap gaznamyzy doly sanly ölçege geçirmek arkaly neşirleriň ýurdumyzyň hem dünýäniň islendik künjeginde internet-tor arkaly elýeterli bolmagyny gazanmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda kitaphanaçylaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen ýörite hünär okuwlary hem yzygiderli guralyp durulýar.

Idris baba medresesine gezelenç

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli TDP-niň Lebap welaýat hem-de Halaç etrap komitetleriniň, şeýle hem Halaç etrap bilim bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda Idris baba medresesine gezelenç guraldy. Idris baba medresesinde ХVIII asyrda türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bilim alypdyr. Gezelençde çykyş edenler Merkezi Aziýanyň ХVIII asyrdaky binagärlik sungatynyň özboluşly ýadygärligi bolan Idris baba medresesiniň öz döwrüniň iň tanymal bilim ojaklarynyň biri bolandygyny belläp geçdiler. Bu medresäniň kaşaň ymaraty sap bişen kerpiçden bina edilipdir. Onuň üsti bolsa güberçek görnüşli uly gümmez bilen ýapylypdyr. Medresäniň esasy ymaratynyň demirgazyk-gündogar tarapynda birmahallar kiçeňräk goşmaça kömekçi jaýlaryň hem-de talyplar üçin hüjreleriň tutuş bir hatary gurlupdyr. Amyderýanyň orta akymynyň çep kenarýakasynda ýerleşen medresäniň ähli hojalyk we okuw-terbiýeçilik işlerine Idris babanyň özi ýolbaşçylyk edipdir. Onuň onlarça sopusy, dershana serenjamçylary, hatdatlary, kitapdarlary, depder, galam we syýa kätipleri, ekerançylyk we maldarçylyk işgärleri bolup, olaryň hersi öz işine ussat adamlar eken. Medresede Idris babanyň ýolbaşçylygynda talyplaryň 200-den gowragy bilim alypdyr.

Medeniýet hepdeligi mynasybetli

Akyldaryň eserleri — umumadamzat gymmatlygy Türkmenistanyň Mejlisinde «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» ady bilen maslahat geçirildi. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleri, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, ÝUNESKO-nyň Almatydaky sebitleýin edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdy.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, edep-terbiýe mowzukdaky goşgularyny ýaş nesillere wagyz-nesihat etmek maksady bilen, ýurdumyzyň çar künjeginde dabaralaryň geçirilýändigini bellediler.

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligini garşy alýar

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň baş­lan­gyç­la­ry, hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik öz­gert­me­le­riň aý­dyň be­ýa­ny bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň da­ba­ra­ly açy­la­ny­na bir ýyl dol­ýar. Şu gys­ga wagt­da «Gel­je­giň şä­he­ri» döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň mer­ke­zi­ne öw­rül­di.

Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi – 2024 dowam edýär

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly dowam edýär. Bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Onuň maksady halkyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. 22-nji iýunda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Maşgala gymmatlyklary milli öwüşginlerden gözbaş alýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary netijesinde jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman obalar, şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary gurlup, ýaş maşgalalara uzak möhletli ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilýän giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny berkidýär. Bu bolsa, öz gezeginde, maşgala gymmatlyklaryndaky milli ýörelgelerimizi goramak bilen birlikde, ony döwrebap milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýar. Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Her bir maşgalada ata-enäni sylamak, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmak kiçiliginden çagalaryň gu

Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Halkyň hazynasy — nesilleriň buýsanjy

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, Daňdanakan galasynda, Daýahatyn kerwensaraýynda, Abu Seýit Abul Haýryň (Mäne baba) kümmetinde we onuň ýanyndaky orta asyr hanaka metjidiniň galyndylarynda arassalaýyş-berkidiş işleri alnyp barylýar. Şeýle işler Köneürgenç etrabynyň merkezinden günorta-günbatar tarapda ýerleşýän arheologik-binagärlik toplumyna degişli kerwensaraýyň peştagynda hem dowam edýär. Arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, öwrenmek, rejelemek we muzeýleşdirmek boýunça-da işler geçirilýär. Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginden geçýän kerwen ýolunyň ugrundaky öri meýdanlaryndan bu ýeriň ýaşaýjylary tarapyndan altyn teňňeler tapyldy. Olar bu gymmatlyklary meýletin esasda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň «Daş metjit» halk hünärmentler muzeýiniň gaznasyna tabşyrdylar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň alymlarydyr hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary tapyndylary içgin öwren

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bu iri medeni-köpçülikleýin dabara her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasymyzy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Döwrüň iň täze Arkadag — «akylly» şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Türkmen edebiýatynyň ýokary derejesi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen ölçenilýär. Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda türkmen edebiýatynyň tanymal wekili, şahyr Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol türkmen syýasy-jemgyýetçilik pikirinde, milli şygryýetde düýpli özgerişleri geçiren, türkmen edebi dilini, edebiýatyny esaslandyran beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly, sözle herne bileniň,

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda belli rus ýazyjysy hem-de meşhur edebiýat tankytçysy F.Dostoýewskiniň heýkeliniň bolmagy edebiýaty söýüjileri begendirdi. Çünki F.Dostoýewskiý özüniň pelsepewi eserleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanan ýazyjylaryň biridir. Geçirilen halkara sosiologiýa seljermeleriň netijesine laýyklykda rus ýazyjysynyň kitaplary dünýäde iň köp okalýan eserleriň öňdäki onlugynda hormatly orny eýeleýär.

1,7 milliard amerikan dollaryna satyldy

«Queen» rok topary özüniň saz toplumyny «Sony Musice» satmak barada ylalaşdy. Ylalaşygyň bahasy 1,27 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Ylalaşyga laýyklykda, toparyň sazlaryndan gelýän girdejiniň hemmesini «Sony Music» alar. «Queen» rok topary diňe konsertlerden gelýän girdejileri özünde saklap galdy. Ýeri gelende bellesek, henize çenli hiç bir toparyň ýa-da aýdymçynyň saz toplumy beýle ýokary baha satylmandy. Mundan ozalky rekord 2021-nji ýylda hasaba alnyp, şonda Brýus Springistiniň toplumyny «Sony» 500 million amerikan dollaryna satyn alypdy.