"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Möhüm waka bolar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bolar. Bu saýlawlara ykjam taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Nobatdaky saýlawlar milli Liderimiziň başlangyçlary bilen jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen täze belentliklere çykýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem şu saýlawlaryň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimizde hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda geçirilýändigini ýatlamalydyrys. Şu möhüm çäräni taýýarlykly garşylap, onuň guramaçylykly geçirilmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary saldamly goşantlaryny goşýarlar. Biz telekeçileriň arasynda bu syýasy wakanyň ähmiýetini düşündirmekde degerli işleri talaba laýyk alyp barýarys.

Kerki howa menzili: işler gyzgalaňly barýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan il-ýurt bähbitli binalaryň, desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berler. Şolaryň arasynda Kerki şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurulýan howa menzili aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň paýtagtyny gündogar künjek bilen baglanyşdyrjak bu howa menzili örän çalt depginler bilen ösüp-özgerip barýan sebitiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý halkara awtoulag ýolunyň başlanýan ýeri hasaplanýan bu sebit beýleki döwletler üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýerli howa gatnawlarynyň täze ugurlaryny açyp, howa menzillerini gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bellenilýär.

Ata-baba ýörelgämiz

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden ýol-ýörelgesiniň esasynda döwletlilikden nyşan bolan agzybirlik we birek-birege bolan ynamy pugtalandyrýan lebizlilik bar. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, hoşniýetlilik ruhuna ýugrulan parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgesine esaslanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýar. 2021-nji ýyl “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip atlandyryldy. Ýylyň şygarynda ulanylýan parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ygrarlydygyny aňladýar. Hut şu nukdaýnazardan hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.

Üns beriň, bäsleşik!

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle-de 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär Bäsleşigiň maksady

Rowaçlyklaryň belent sepgitlerine tarap

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY Parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine görä, parahatçylygyň we birek-birege ynanyşmagyň höküm sürýän ýurdunda beýik-beýik ösüşler amala aşyrylýar. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi bütin türkmen halkynyň asman asudalygyny, dünýä parahatçylygyny gorap saklamak bilen, ösüşleriň täze belentliklerine çykmak baradaky arzuw-islegleriniň jemidir. Türkmen halkynyň dünýä halklarynyň abadançylygyny we ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwletlilik ýörelgeleri bu günki gün dünýäde giň goldaw tapýar hem-de dabaralanýar.

Aşgabadyň gözel keşbi

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Aşgabadyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze we özboluşly binalardyr desgalar bilen ýetirilip, halkymyzyň aýratyn buýsanjyna, ýurdumyzyň depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär. Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamaga iň amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini has-da pugtalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirýär. Milli Liderimiz ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny — taýýarlanyşyndan başlap, amala aşyrylyşyna çenli hemme işleri hemişe üns merkezinde saklaýar hem-de öňde goýlan wezipel

Watançy gerçekleriň bäsleşigi

­­­ Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde «Watançy gerçekler» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň Watana wepalylyk hem-de merdanalyk bilen ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak, şeýle hem harby bölümlerde giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde, geljekde ykbalyny serhet goragyna bagyş etjek sungata höwesli serhetçi esgerleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Watan goragçylarynyň buýsanjy

Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durup, özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanan merdana Watan goragçylaryna döwlet sylaglary we harby atlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak kuwwatynyň has-da berkemegi ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.

Täze sepgitleri nazarlap

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, welaýatlaryň «ak altyn» ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr.

Özgertmeler — döwrüň talaby

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. * * *

Harby özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

Parahatçylygyň gözbaşy

Bedew batly Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň abadançylygynyň, ählumumy howpsuzlygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. Hut şu nukdaýnazardan Bitarap Türkmenistan indi diňe bir parahatçylyksöýüji däl, eýsem, parahatçylygy dörediji, ony berkidiji we muňa dünýä döwletlerini çekiji ýurt hökmünde hem ykrar edilýär. Soňky 30 ýyla golaý taryhy döwrüň içinde eziz Diýarymyz ylalaşdyryjy merkez hökmünde sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy goldamakda, goňşy Owganystanda abadan durmuşyň höküm sürmegine ynsanperwer we doganlyk kömegini bermekde dünýä nusgalyk işleri bitirdi. Dünýä jemgyýetçiliginde milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän ählumumy we umumadamzat başlangyçlaryna ýokary baha berilse, ýurdumyzyň alyp barýan açyk we aýdyň syýasaty bolsa beýleki döwletleriň bize ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyna esas döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi-de ählumumy parahatçylyga daýanýan özboluşly daşary syýasatymyzyň ornuny we ähmiýetini has hem berkitdi.

Durmuş-ykdysady ösüşlere giň gerim berilýär

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýat edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki günlerde welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk çärelerine giň gerim bermek barada kesgitlän wezipelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Harby gullukçylara döwrebap şertler

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 27-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylar üçin ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary ýakymlylyk ölçeglerine kybap gelýän harby lybaslaryň täze nusgalaryny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Parahatçylykly ösüşiň ýoly bilen

Döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021--nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen sazlaşykly utgaşýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty sebitde we bütin dünýäde rowaç alýar. Sebäbi bu syýasat parahatçylyk söýüjilikli, ynanyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasatdygy üçin dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Üstümizdäki — Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji aýynyň şanly wakalary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram ediljek ýylymyzyň hem geçen ýyllar ýaly, belent sepgitler, uly ýeňişler bilen şöhratlanjakdygyna güwä geçýär. Sebäbi türkmen halky Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýagty geljegine, eşretli ertirine ynamly gadam urýar. Bu aýdyň ýol bolsa uly üstünlikleriň, guwançly wakalaryň menzilleridir.

Döwletli işleriň dowamy

Bagtyýar halkymyzyň ýeten belent derejesini, berkarar döwletimiziň dünýä nusgalyk ösüş-özgerişini özünde jemleýän Arkadagyň ajap eýýamynda — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda her bir günümiz üstünliklere we zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eýelenýän belent sepgitler baky Bitarap döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmak we döretmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy babatda amal edilýän uly işler biziň gazanýan üstünliklerimiziň gözbaşy bolup durýar.

Ylmy-döredijilik bäsleşikleri

Ezberler öňe saýlandylar Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz heniz görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslenýär. Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolup geçýän taryhy wakalar, oňyn ösüş-özgerişler täze üstünliklere itergi berýär. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hüşgärligi elden bermäň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlaryny ýyly saklamak üçin gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar ulanylýar. Ýaşaýyş jaýlarynda gaz enjamlary ulanylanda, bu enjamlary ulanmaga bildirilýän talaplary gyşarnyksyz berjaý etmek gerek. Gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde howa çalyşmak üçin açylýan bölegi bolmalydyr hem-de köp gatly ýaşaýyş jaýlary howa çalşyjy ulgam bilen üpjün edilmelidir. Gaz enjamlaryny ýerzemin otaglarynda ornaşdyrmak gadagan edilýär. Gaz enjamlarynyň tüsse çykarlaryny penjireden ýa-da diwardan daşyna çykaryp goýmak, örän howpludyr. Sebäbi tüsseçykaryň ujy aşak bolanda, onuň howa çekijilik ukyby örän pes bolýar. Şol sebäpden tüsseçykarlary üçegiň gyra deňinden 0,5 metr ýokary çykarmaly. Gaz enjamlaryna gaz hökmany suratda polat, demir geçirijiler arkaly geçirilmelidir.

Magtymgulynyň huzurynda

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabatda geçiren giňişleýin göçme mejlisinde Magtymguly Pyragynyň heýkeli bilen bagly aýdanlary şahyryň şygyrlary ýaly bolup, köňüllere röwşenlik çaýdy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de akyldar şahyryň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllygy mynasybetli, şahyryň Köpetdagyň eteginde gurulýan ýadygärligi Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler. Şol bir wagtda ol şahyryň heýkel keşbini döredijiniň dünýäsine bolan gyzyklanmany hem artdyrýar. Öz döredijiliginde şahyryň heýkel keşplerine birnäçe gezek ýüzlenen heýkeltaraşlaryň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewdir. Diňe heýkelini ýasamak üçin däl, eýsem, ýedinji gezek Magtymgulynyň ruhuna ýüzlenmek, her gezekde hem onuň paýhas dünýäsini özboluşly açmak üçin şahyryň döredijiligine ýakyndan belet bolmaly. Şol eserleriň derejesinde kämillige ymtylmaly, şonuň dünýäsinde ýaşamaly. Öz sungatyň bilen ussat halypalyga ýeten bolmaly. Esasy zat döredilýän işiň hiline bagly, mazmun şonda gowy açylýar. Ony bolsa wagt kesgitleýär. Döredijilikli işlemek üçinem, işiň netijesini bilmek üçinem wagt gerek. Onda wagt müddeti hem ýetipdir. Halypa heýkeltaraş aky