"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Şanly toýdan datly sowgat

Düýn mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan, şeýle-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldip, bejergi alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dürli datly miwelerden, süýjüliklerden, beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar baýramçylyk joşgunyny has-da artdyran datly sowgatlary uly şatlyk, tüýs ýürekden çykýan hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler.

Täze taryhymyzy şöhratlandyran waka

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – taryha altyn harplarda ýazylýan şöhratly wakalara beslenen zamana. 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny, döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adam­za­dyň be­ýik gel­je­gi pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edilme­gi bi­len bag­ly bol­ýar. Hä­zir­ki döw­rüň ösen tä­ze baş­lan­gyç­la­ry di­ňe adam­za­dyň howp­suz, asu­da ýa­şaý­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hyz­mat et­me­li­dir».

Garaşsyzlyk — guwanjymyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýalkymy döwrümize nur çaýyp, her birimiziň ömrümizi bezeýär. Çünki bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulmagy bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. Halkyň bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň sagdyn durmuş ýörelgesi bilen utgaşmasy bolsa Watanymyzda ynsan saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Çünki saglyk ähli üstünlikleriňdir ýeňişleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa sportdaky okgunly ösüşleriň görkezijisidir. Bu ugurda soňky ýyllarda ýetilen sepgitleriň ähmiýeti babatda asyrlara barabardygy her birimizi buýsandyrýan hakykatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi şeýle ajaýyp netijeleriň gözbaşydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany — Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

«Arkalaşan dag aşar»

Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forum halk bilen häkimiýetiň özara jebisligini, bitewüligini ýene bir ýola aýdyňlygy bilen görkezdi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Bu taryhy mejlise ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, talyp ýaşlar we beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

Halal zähmetiň rehneti

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary hormatly atlara, orden-medallara mynasyp boldular. Şeýle-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça bu dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk — merdana halkymyzyň milli buýsanjy

Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bolup, Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi.

Sagdynlygyň gözbaşy

Her paslyň öz aýratynlygy bolýar. Güýzde howa salkynlap, ynsan bedeninde hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu döwürde dowamly keselleriň käbirleriniň, ýagny ýürek-damar ulgamlaryndaky hem-de allergiýa keselleriniň, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň gaýtalanmagy mümkindir. Şol esasdan, şeýle ýagdaýlarda allergiýa keseliniň güýjemezligi üçin, ilkinji nobatda, onuň döremegine sebäp bolýan iýmitleri iýmekden saklanmalydyr. Her gün irden ýeňiljek beden maşklaryny ýerine ýetirmek ýürek-damar keselleriniň gaýtalanmazlygyna ýardam edip biler. Iýmitiň düzüminde kaliý, kalsiý saklaýan guradylan miweleriň, ýagny erik kişdesiniň, kişmişiň bolmagyny üpjün etmeli. Dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek, ýagny çuň dem almak bilen, dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň öňüni almakda öňegidişlik gazanyp bilersiňiz. Munuň özi bedeni kislorod bilen ýeterlik üpjün etmäge kömek berýär. Nerw ulgamyny taplaýan, ýürege hem-de damarlara gowy täsir edýän, arterial basyşy kadalaşdyrýan we maddanyň çalyşmagyna ýardam berýän suw bilen bejeriş usulynyň hem bedeni berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Günüň dowamynda 1,5-2 litre çenli suwuklyk içmek sagdyn ýaşamagyň şertleriniň biridir. Şol suwuklyk çaýdan, çaldan, aýrandan, miwe we gök önümleriň şirelerinden, mineral suwlardan ybarat bolsa has gowudyr.

Ýokary ruhubelentlige beslenip

Şu gün güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy uludan baýram edildi. Welaýatymyz boýunça esasy baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäherinde ýaýbaňlandyryldy.

Garaşsyzlyk - ata ýurduñ bezegi

Tükeniksiz bagtyýarlygyñ gujagynda ýaşaýan eziz halkymyz bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyñ 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. 27-nji sentýabryñ bagt getiren säheri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ gatnaşmagynda Garaşsyzlyk binasyna toý güllerini goýmak bilen badalga alan mukaddes Garaşsyzlygymyzyñ baýramy dabaraly ýöriş bilen utgaşdy. Garaşsyzlyk baýdagynyñ astynda geçen bu dabaraly ýörişe halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen gatnaşdylar. Köpetdag şaýolunyñ ugrunda bina edilen döwlet münberinde geçirilen baýramçylyk ýörişi döwletimiziñ 33 ýylyñ dowamynda gazanan beýik ýeñişlerini, ýeten beÿik sepgitlerini dabaralandyrdy. Älemgoşar bezegli toý dabarasy, joşgunly çykyşlar, aýdym-sazlar, şahyrana setirler her birimiziñ kalbymyzda Garaşsyz watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şanly toýuñ keşbinde Gahryman Arkadagymyzyñ: "Garaşsyzlyk milletimiziñ ykbalynyñ göterilmegidir" diýen ganatly sözleriniñ aýdyñ beýanyny görmek bolýar. 

Baky bagtyýarlygyň baýramy

Şu gün — 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Döwlet münberi toplumynyň öňünde baýramçylygyň esasy dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Münbere Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bardylar.

Garaşsyzlyga belent buýsanjyň beýany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Esasy dabara Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, oňa welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen, baýramçylyk dabarasyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, ol şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu ýerde edilen  çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanjakdygynyň güwäsine öwrülendigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Şu gün —Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni

Özbaşdaklygyň hem baky bitewüligiň mizemez nusgasy Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy dabaraly bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçen nobatdaky mejlisiniň taryhy çözgütlerinden emele gelen galkynyş  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň dabaralaryna özboluşly mazmun çaýdy. Bu döwlet berkararlygymyzyň şanly toýy mynasybetli guralan dabaralarda hem has aýdyň ýüze çykdy.

Beýik ýurduň baş baýramy

Bu günler agzybir halkymyz mukaddes Garaşsylygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uly ruhubelentlik bilen toýlaýar. 27-nji sentýabr, toý gününiň ýalkymly säheri şäheri bezäp oturan Garaşsyzlyk binasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

Şanly baýramyň dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşlerden ösüşlere barýar. Garaşsyzlygyň saýasynda il-günümiz asuda, parahat, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi. Indi 33 ýyl bäri ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni beýik işlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Şanly günde çykyş etmek artistleriň ussatlygynyň we zehininiň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.