"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Ählihalk forumy — umumymilli galkynyşyň rowaçlanmasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli foruma — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda hem uly taýýarlyk görülýär. Ählihalk forumda oba zähmetkeşleriniň hem sözüniň diňlenmegi, oba we suw hojalygyna, daşky gurşawy goramaga degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, çözgütleriň kabul edilmegi buýsandyryjydyr. Garaşsyz döwletimiziň kuwwaty, at-abraýy, şöhraty, ýurdumyzda milli demokratiýanyň we onuň esasy şerti bolan raýat jemgyýetiniň ösüşi, agrar özgertmeleriň miweleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Işjeň senagatlaşýan döwletimizde azyk we gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň, elewatorlaryň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň, maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynyň sany barha artýar. Bu bolsa gök we miwe önümleriniň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda ýylyň islendik döwründe haryt bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Agzybirlik we jebislik bilen

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi ara alyp maslahatlaşmak, agzybirlikde geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysaly bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeleýän bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri giň gerimde dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmekde uly ähmiýetli taryhy mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler ýurdumyzyň kuwwatly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Halkymyzyň abadan durmuşynyň, bagtyýarlygynyň iň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň ajaýyp alamatlary bolsa ähli ugurlar boýunça gazanylýan ösüşlerde aýdyň görünýär. Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň çäginde Daşoguz welaýatynda hem degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şu günler welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde, iri jemgyýetçilik guramalarynda dabaraly maslahatlar geçirilýär. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputa

Arkadag şäheri — Arkadag paýhasynyň miwesi

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň durmuşyny düýpli özgertmek, iň rahat, bagtly ýaşaýşy şu toprakda döretmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän işlerini sanasaň sogaby bar. Olar juda köp, edil şonuň ýaly, olaryň gymmatyna ýetme ýok. Milli Liderimiziň Arkadag şäherini döretmek baradaky başlangyjy, soňra onuň gurluşygy bilen baglanyşykly tagallalary hem şol işlerden. Arkadag şäheri! Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň güwäsi! Lowurdap duran ak şäher! Sebitde ilkinji «akylly şäher»! Rahatlygyň, bagtyň şäheri! Gözelligiň, nuranalygyň şäheri! Ylmyň, medeniýetiň şäheri! Ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheri! Şu günüň hem geljegiň şäheri!.. Gahryman Arkadagymyz ony hemmetaraplaýyn üns merkezinde saklaýar. Raýatlaryň bu ýerden täze jaýly bolmagy, olar üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegi, şäherde joşgunly durmuşyň möwç urmagy ugrunda alada edýär. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işleriň gidişini, ol işleriň her biriniň döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyk gelmegini, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagyny Milli Liderimiz bir pursat hem gözden salmaýar. Arkadag şäherine häli-şindi iş sapary bilen baranda, şeýle möhüm meseleler bilen gyzyklanýar.

Döwletli Diýar özgerýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasaty barha rowaçlanýar. Häzirki wagtda döwletli Diýarymyzda döwrebap obalardyr şäherçeler gurulýar, Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry güýçli depginde alnyp barylýar. Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar bolup giren geçen, 2023-nji ýylda halkymyzyň Arkadag şäheriniň, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Köpetdagyň ýalkymy, Nurly zaman ýaly täze, döwrebap obalaryň açylyş dabarasyna şaýat bolandygyny bellemek ýakymly. Şol şanly ýylda ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup ulanmaga berildi. Bu şäher täzeçil şähergurluşygyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi hem-de halkara guramalaryň, meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň güwänamalarydyr diplomlaryna mynasyp boldy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dürsadap Aşyrmuhammedowna Orazmämmedowa Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. ***

Hususyýetçilik — täzeçillige werziş pudak

Büzmeýin üzümi Gadymdan bäri meşhur büzmeýin üzümi indi täze, özem düýpli özgerişi başdan geçirýär. Garadaşaýakly baýry daýhan Jumamyrat Daňatarowyň Garagum derýasynyň boýuny syryp geçýän uly ýoluň ugrundaky 3 gektarlyk kärende ýerinde üzümiň has bazarly-hyrydarly 7 görnüşi ýetişdirilip, häzir bu meýdana agtygy Nurýagdy Rejebow ideg edýär. Şunda içkimaryň sapylan görnüşem bar. Täze üzüm içkimaryň özünden has ir — halyly bilen uçurdaş, ýagny iýunyň 25-lerine bişip ýetişdi. Şu ýylyň gijä galan soňky ygallary we paslyň öňki ýyllara görä salkynlygy üzümiň ir ýetişmegini biraz bökdedem ýogsa. Ýolagçylardyr sürüjiler üçin diýseň amatly, gözüň alnyndaky meýdandan ýaňyja ýyglan ter üzümi almak üçin olara wagt ýitirip, ýoldan sowulmagam gerek däl. Onsoňam, ter görnüşleri saýlap-seçmäge, üstesine-de, tomsuň ilkinji aýyndan tä gyş düşýänçä yzly-yzyna bişip ýetişýän, şeýdibem üzüm möwsümi ozalkylaryndan has uzaga çekýän şirin-şeker türkmen brendi bu ýerden ýoly düşenleri biparh goýmaýar. Asmandan bol güneş paýyny alýan, gurak howany halaýan, dersi ýetirilen mes toprakdan kuwwatlanýan, bary-ýogy birküç gezek suwarylýan üzümleriň onsoň, hakykatdan-da, hyrydarynyň ýetikligi düşnükli bolýar duruberýär. Araçy-dellalsyz satylýan datly miwäniň bahasy-da, edil terligi ýaly, müşderini özüne imrindirýär. Nurýagdy babasydyr ejesi Ogulmaralyň gadymy daýhançylyk kesbini ösdürmegi-kämilleşdirmegi

«Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy»

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okap oturyşyma, onda tutuş bir bölümiň zähmete bagyşlanandygy ünsümi egledi. Soňra bu baradaky pikirler serimden telim günläp aýrylmady. Men muny zähmete bolan garaýyşlardyr gatnaşyklaryň düýpgöter üýtgändiginde, döwrüň tabynlygynda hem-de hökmürowanlygynda oňa forma we mazmun taýdan käbir üýtgetmeleriň girizilendiginde görýärin. Bir tarapdan, bärde ähli zat aýyl-saýyl we düşnükli. Çylşyrymly zat ýok. Emma bu töwerekleýin seredeniňde şeýle eken. Milli Liderimiziň kitaplaryna wagtal-wagtal ýüzlenýändigimiň ilkinji sebäbi hem şunda: agyp-dönüp duran pikirleriňe terlik berýän täze, dury çeşme tapylýar. Kitapda zähmet temasyna aýratyn üns berlip, ondan söz açylmagyny tüýs jüpüne düşen diýip hasaplaýaryn. Zähmetsöýerlik, onda-da halal zähmet, zähmet terbiýesi, zähmet göreldesi, zähmet endigi... — bular türkmen durmuşyny emele getirýän, milli häsiýeti kesgitleýän esasy aýratynlyklaryň biri ahyryn. Halk döredijiliginde zähmetsöýerlik ynsany bezeýän, ýagşy ýigide ýaraşýan beýleki asylly häsiýetler bilen deň hatarda goýulýar. Göräýmäge, zähmet hakynda köp zat aýdyldy we ýazyldy. Bu babatda aýdyljak islendik täze söz diňe öňki pikirleri gaýtalaýjak ýaly bolup dur. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» bolsa mende bu tema batyrgaýlyk bilen ýüzlenmäge höwes döretdi. Sebäbi zähmet adamy adam edýär. Zähmetsöýerl

Görkezijiler ýokarlanýar

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän keramzit zawodynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymy ýokary önümçilik görkezijilerine beslendi. Ýurdumyz üçin zerur bolan, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmek babatyndaky tagallalara saldamly goşant goşýan zawodda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 6 million 566 müň manatlykdan gowrak keramzit öndürildi. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,19 göterim ösüşiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada öndürilen keramzidiň müňlerçe kub metri sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Ýurdumyzyň baý çig mal gorlary kärhanada ýylyň başyndan bäri keramzidiň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekde we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge şert döretdi. Kärhananyň hünärmenleri özleri üçin döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Täze eýýamyň belent maksatlary döwletiň we halkyň birleşen tagallalaryndan myrat tapýar

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde konstitusion hukuga eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyzlyk eýýamynda döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda has-da pugtalandyrmagyň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biri boldy. Geçen döwürde döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrebap ösüş ýagdaýlaryna, jemgyýetiň mümkinçiliklerine, döwrüň ýüze çykarýan şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplandy. Bu gün Garaşsyzlygyň arka atylan 33 ýyly halkyň durmuşynda-da, sebit we halkara derejede-de türkmen döwletiniň taryhy ornunyň aýratynlyklaryny kesgitlän, dünýä ýaýan döredijilikli döwür boldy diýip aýtmaga doly esas bar. Garaşsyz Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri jemgyýetçilik aňynyň ösüşine milli nazaryýetden çemeleşip, täze döwür baradaky oňyn garaýyşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Munuň özi häzirki zamanyň ählumumy ösüş hereketinde örän derwaýys bolan möhüm ugurlaryň biridir.

Ätiýaçlandyryş hyzmatlary ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ilatyna edilýän hyzmatlaryň hilini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiziň ähli edara-kärhanalarynda we guramalarynda işler guramaçylykly alnyp barylýar. 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem ilata aňrybaş hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, guramanyň esasy wezipesi döwletimiziň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridiki şahslaryň emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Hal­kyň sö­zi hak bo­lar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Gahryman Arkadagymyz go­laý­da, has ta­ky­gy, 20-nji iýul­da türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­nyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da top­lan kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, ola­ryň pa­ra­sat­ly wes­ýet­le­ri­ne eýe­rip, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge ila­tyň we­kil­le­ri­niň giň­den gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, jem­gy­ýe­tiň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri dö­re­di­ji­lik­li kä­mil­leş­dir­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­ny — Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni şu ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň de­giş­li Kararyna gol çek­me­gi äh­li türk­me­nis­tan­ly­lar­da çuň­ňur buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di.

Mek­dep ba­zar­la­ry­na hoş gel­di­ňiz!

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Hal­ky­myz­da ata-ba­ba­lar­ymyzdan, ene-ma­ma­la­ry­myz­dan däp bo­lup gel­ýän aja­ýyp edim-gy­lym­lar bar. Şo­la­ryň bi­ri hem toý­la­ra my­na­syp taý­ýar­lyk gör­mek däp­le­ri. Ata-ene­le­ri­miz üçin ça­ga­la­ry­nyň tä­ze dur­muş ýo­lu­na ga­dam bas­ma­gy bi­len bag­ly her bir gü­ni toý, her bir gü­ni baý­ram.

He­ni­zem giç däl, şu pur­sat­dan baş­la!

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Her bir he­re­ket, her bir iş ynam­dan baş­la­nýar. Eger mek­dep okuw­çy­sy öý iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­män­li­gi üçin mu­gal­ly­myn­dan er­bet ba­ha al­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, öý iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mez­di. Tür­gen bu sport­dan baş alyp çyk­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, tür­gen­le­şi­ge baş­la­maz­dy. Daý­han bol ha­syl al­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, ekin ek­mez­di. Te­le­ke­çi peý­da ga­zan­ja­gy­na ynan­ma­sa­dy, söw­da gir­mez­di. Ýaş­lar bagt­ly dur­muş gu­rup bil­jek­le­ri­ne ynan­ma­sa­lar­dy, dur­muş to­ýu­ny tut­maz­dylar we şu­ňa meň­zeş ýe­ne mil­liard­lar­ça my­sal ge­tir­mek müm­kin. Hem­me zat ynam­dan baş­la­ýar. Gy­nan­sak­da, bu ynam her kim­de deň de­re­je­de bol­ma­ýar. Adam­la­ryň ag­la­ba­sy ara sä­hel­çe müň­kür­li­giň ýa-da sä­hel­çe kyn­çy­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, ynam­la­ry­ny ýi­tir­mek bi­len bol­ýar­lar, des­si­ne ruh­dan dü­şüp, ni­ýet­le­rin­den we mak­sat­la­ryn­dan el çek­ýär­ler.

Al­tyn ga­py­ly aja­ýyp dün­ýä

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024

Ki­tap um­ma­ny­na sy­ýa­hat

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Ada­myň ki­tap ýa­ly ha­ky­ky dos­ty ýok­dur.

Köp­le­riň dü­şün­ýän di­li

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Ki­çi­jik Reh­me­diň sö­zi bi­len yla­laş­ýan­lar azam däl­di, kö­pem. Ýö­ne ol özü­niň pi­kir­deş­le­ri­niň köp bol­ma­gy­ny is­le­ýär­di. Ony otag­da sto­luň ba­şyn­da ki­tap okap otu­ran do­ga­ny Ah­me­diň ýa­ny­na alyp ge­len hem şol is­le­gi­di.

Sportuň galkynýan zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» atly bölüminde: «Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýen ajaýyp jümleler bar. Bu sözleriň durmuşymyzyň, döwrümiziň mizemez hakykatyny dabaralandyrýandygyna her birimiz şaýat. Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetiň ähli ulgamlaryna giň gerimde ornaşdyrmakda, sporty ähli taraplaýyn ösdürmekde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan beýik işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmek bilen, olar Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde dünýäde gazanan belent ykrarnamasynyň barha pugtalanmagyny üpjün edýär.

Halkyň agzybirligi — ýurduň berkararlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşleridir özgertmeleri, şanly wakalary täze taryhymyza zer harplarda ýazylýar. Naýbaşy baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle şanly wakalaryň biri bolup, milli demokratiýamyzyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüler. Ajaýyp zamanamyzy ägirt uly üstünliklere besleýän agzybir halkymyz şu günler naýbaşy baýramyny ýokary derejede mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Ildeşlerimiz mukaddes baýramy üstünliklere beslemek maksady bilen ýokary öndürijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýär. Ine, şanly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi onuň dabarasyny has-da artdyrar.

Milli kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge, durmuş-ykdysady döredijilige itergi berýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly işler alnyp barylýar. Sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek hem-de wagyz etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi, her bir raýatyň beden, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sany barha artýar.