"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Hekaýat

GYZGYN ÇÖREGIŇ GUDRATY Gadym eýýamda giň sähradaky obalaryň birinde bir dana goja ýaşapdyr. Ol dürli ylymlardan habarly bolupdyr. Goja kişi lukmançylyk ylmyndan bolsa, has gowy baş çykarýan ekeni. Şeýle bolansoň ol obadaşlary bilen birlikde daş-töwerekdäki obalardan gelýän kişilere hem saglyk bilen bagly kömek eder ekeni. Adamlar ondan hoşal bolupdyrlar. Onuň at-abraýy köp ýere ýaýrapdyr.

Hemra wäşiniň degişmeleri

BIZIŇ ÝANYMYZDA Obanyň ortasyndaky ýoldan geçip barýan Hemradan bir nätanyş kişi:

Tymsallar

Islegler daragty Bir gezek çölde teşnelikden hem-de açlykdan halys eňkamy agan, şirin janyndan el üzere gelen biri süýşenekläp barýarka öňünden gyrymsy agaç çykypdyr. Şonda ol:

Şygryýet älemi

Watanym Türkmenistan Bitaraplyk derejäň dünýä dolan ykraryň,Hemişelik Bitarap Watanym Türkmenistan!Saýlap alan ýoluňa bardyr mydam ygraryň,Hemişelik Bitarap Watanym Türkmenistan!

Ene mähri (Tymsal)

Bir gün sapakda mugallym: — Çagalar kimiň ejesi has köp işleýärkä?! — diýip, okuwçylaryndan sorapdyr.

Buýsançnama

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — bu milletiň ýalkanyşy,Keremli türkmen topragyň bereketli ýazy, gyşy,Alkyş Size, Milli Lider — Gahryman Arkadagymyz,Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Diýarymyz — gül-gülüstan, Watanymyz — bagy-bossan,Buýsançly, guwançly sözler bu günki gün dilde dessan:«Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!»Alkyş Size, Milli Lider — Gahryman Arkadagymyz,Şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Watan şöhraty

Bedew batly ösýän Türkmenistanda, Baky Bitaraplyk bagtymyz biziň. Barha öňe barýas bagy-bossanda,Baky Bitaraplyk bagtymyz biziň. Okaýas, öwrenýäs, döredýäs erkin, Mekanym — meňzeýär behişde görküň. Şu eziz topraga baglydyr örkümBaky Bitaraplyk bagtymyz biziň.

Köňül aýdymy

Ýaz deý ýaşyl Baýdagymda nyşany,Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.Watanmyň şöhraty, halkymyň şany,Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr. Abat dünýä aýdym bolsa, saz bolsa,Göwünler bir bolsa, ýürek saz bolsa,Arzuw hasyl bolsa, ömür ýaz bolsa,Bagtymyň bahary Bitaraplykdyr.

Pelegiň çarhy we ykbaly

Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň döredijiliginde pelek we ykbal hakyndaky temalar halkyň arzuwlary bilen baglanyşyklydyr. Bu sowallar il-halkyň ýagty günlere çykmagyna bolan umyt uçgunlarydyr hem-de akyldarlaryň ýüregini lerzana getiren ynamydyr. Magtymguly Pyragynyň «Dert nedir» atly goşgusynda durmuşyň sowaldan doly dürli ugurlary açylýar. Şahyryň bu goşgusynda döredýän ýüregiň otly örtenmesi okyjynyň hem hyýalyny öz duýgy dünýäsi bilen birleşdirýär. Şahyryň ilki başky iki setirini mysal getireliň: Akyl, göz hem ykbal, iman dördüsi,Jyda galsa, derman nedir, dert nedir.

Pyragy barada rubagylar

Baky ýandy bagtymyzyň çyragy,Garaşsyz döwletiň bu ajap çagy,Bu gün türkmen seniň toýuň toýlaýar,Tirsegňe gal, Magtymguly Pyragy! * * *

Eje, Bu ýene-de men...

Eje, bu ýene-de men. Seniň şol ýürege düşgünç ogluň. Şu güne çenli ýüregiňe düşübildim. Gijeler çyrlanymda, saňa iş bolanym ýeterlik dälmi eýse?! Nämäni gadagan etseň et, emma günde ýekeje ýola ötünç soramagy gadagan etme. Senden ötünç sorasam, ýüregim biraz köşeşýär. Ýene-de bir zada rugsat et, men öňkülerim ýaly saňa näzirgäýin, bişiren naharyňy iýesim gelse-de, iýmediksirän bolaýyn. Başga bir ýok naharyň adyny tutup: «Diňe şony iýesim gelýär» diýeýin. Käýinjiňi eşideýin, eje! Ýör, körpeligimdäki ýaly seýilgähe äkit, dünýäde ýekejäm! Öňler seniň aýlan ýerleriňe zyýarat ederdim. Bu çal saç, deramatsyz gurbat indi ol jelegaýlara giderden has ejiz. Indi diňe öwüt beren otaglaryň, elleriň bilen naharlan aşhanaň maňa seni ýatlamaga söýget berýär. Ýadyňa düşýärmi, bir gün bezzatlygym üçin käýäniňde öýkelänem bolupdym. Şonda öňüme iň eý görýän ýagly gutabymy getireniňde bolsa, kinämiň gataňsy damary ýazylypdy.

Halkymyzyň ýüreginiň aýdymydyr parahatlyk!

Söweş güni — ýow gününde bedew atyny arladan,Dost bolup ene ýer bilen, onki süňňüni derleden,Sazy bilen, sözi bilen ýeňiş tuguny parladan,Halkymyzyň ýüreginiň aýdymydyr parahatlyk,Bagtyýar il-uluslaryň söýdügidir parahatlyk! Geçmişinde Watan üçin goýulan çoh başlar kändir,Goýnuny bahar eýleýän ýaz, tomus, güýz, gyşlar kändir,Parahat gök asmanynda uçup ýören guşlar kändir,Halkymyzyň ýüreginiň aýdymydyr parahatlyk,Bagtyýar il-uluslaryň söýdügidir parahatlyk!

Watanym

Aslyn Oguz handan alyp gaýdýandyr,Bu millet — mertlikde utanym meniň.Parahatlyk hakda aýdym aýdýandyr,Garaşsyz, Bitarap Watanym meniň. Bardyr gyz-gelini elleri çeper,Är ýigitler bardyr bedew at çapan,Görki bilen giň jahana nur saçar,Garaşsyz, Bitarap Watanym meniň.

Adamzat kalbynyň öçmez çyragy

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhyýetine kybap gelýär. Çünki nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Şunuň bilen baglylykda, beýik akyldarymyzyň dünýäde tanalmagynda ilkinji hyzmatlary bitiren alymlar barada söhbet etmek ýakymly bolsa gerek. Magtymguly Pyragynyň dünýä jemgyýetçiliginde tanalmagynda ädilen ilkinji ädim polýak jemgyýetçilik işgäri, gündogarşynas we şahyr Aleksandr Hodzko-Boreýko degişlidir. Ol türkmen halk döredijiligi we nusgawy edebiýaty bilen Ýewropa okyjylaryny tanyşdyran ilkinji alymlaryň biri bolup, 1842-nji ýylda Londonda çap edilen «Specimens of popular Persian poetry» («Persiýanyň meşhur poeziýasyndan nusgalar») atly kitabynda «Görogly» eposyndan bölekleri, Mämmetweli Keminäniň iki goşgusyny, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň üç goşgusyny we ömrüne, döredijiligine degişli maglumatlary ýerleşdiripdir.

Aýdymym sen, Aşgabat! (Oýlanma)

Seni ýene şu gün görýän ýaly synladym. Köçeleriňe dabany degen her adam dünýäniň iň bagtly ynsany bolup göründi gözüme. Goýnuňa her gün şol bagtly ynsanlaryň biri bolasy gelip gelýänleriň sany näçekä? Seni her gün görmegiň şatlygy haýsy ölçeg bilen ölçenýärkä? Mundan birnäçe ýyl ozal diňe gezmäge gelip bolýan ýerdiň meniň üçin. Mekdepde synpdaşlarym maşgalalary bilen ýörite Garaşsyzlyk, Bitaraplyk binasyna gezmäge gidendiklerini süýjüdip-süýjüdip gürrüň bererdiler. Düşen suratlaryny görkezerdiler. Şonda olary edil erteki diňleýän ýaly diňlärdim. Hut öz gözüm bilen göresim gelerdi bu ýerleri. Bir günem: «Asma ýol» açylypdyr» diýdiler. Ýene şähere githä-gitlik başlanypdy. Suratlar, gürrüňler... gelipdi yzly-yzyna. Haýran galmalam, kakama: «Bizem gidäýeli!» diýip ýalbarmalam köpelipdi. Gözümi dört edip garaşypdym işden sypynaryna. Telewizorda her görenimde: «Hanha, asma ýol-da şol!» diýibem tizräk äkitmegi üçin janygypdym...

Dünýäniň täsin kitaphanalary

Eun Ýong Ýi atly koreý binagäri tarapyndan gurlan Germaniýanyň adybir şäherinde ýerleşýän Ştutgart şäher kitaphanasy täsin binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Onuň daş keşbi Rubik kubiklerini ýatlatmak bilen, binanyň ilkinji 4 gaty adaty görnüşde gurlup, ýokarky 5-nji gat aýnadan edilen piramida şeklindedir. ***

Kitap – durmuşyň aýnasy

Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: “Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünyä kitaba öwrülmek ücin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany”. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap - paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir. Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolupdyr.

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragy barada aýdanlaryndan

Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. ***

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde saglyk sarpasy

Ähli döwürleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan dürler hazynasy türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak çuňňur many-mazmunly mirasdyr. Şahyryň edebi mirasy pelsepewi baýlykdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dana şahyryň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýä ýalkym saçýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň, köptaraply we çuňňur many-mazmunlydyr. Dünýä paýhasyna ägirt uly goşandyny goşan Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijiliginde hem ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Beýik şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy saglyk, ýaşaýşyň diregi bolan sagdynlyk, saglygy gorap saklamak, oňa sarpa goýmak ýaly pikirler eriş-argaç bolup geçýär.

Päk arzuwlar hasyl bolýar

Ýurt abadan, saglyk bolsa,Galan ähli zat tapylar.Täze ýylda päk arzuwlar,Hasyl bolar, bagt tapylar. Düzüw tutup niýet-päli,Sözleseň päk ynsan ýaly,Kesbiňden tapsaň kemaly,Janyňa rahat tapylar.