"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Terbiýe mekdebi

(hekaýa) Bu waka tomusky dynç alyş möwsüminde bolup geçdi. Myrat her tomusda şäherden atasynyň ýanyna oba gelerdi. Özi hem hut atasynyň ýanyna gelse, onuň yzyndan galmazdy. Edil ulaldylyp kiçeldilen ýalydyr. Atasynyň çaý içişini, kitap okaýşyny, hereketlerini gaýtalardy. Esen aga agtygynyň özüne meňzejek bolup ýörşi ýaraýardy. Şonuň üçin hem ol agtygyny «köşegim» diýip söýgülärdi. Bu sözi Myrat ilkiler geň görerdi. Hawa-da, şäherde köşek ýok, düýe ýok. Onsoň bu söz şäherde beýle kän aýdylmaýardy, kitapda okaýmasa. Bir gün ol bu sözüň manysyny düşündirmegi enesinden sorady:

Paýhas dürlerini toplan

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we ertirimiz» diýip belleýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hazynasynda gyzykly maglumat gorlary bar. Kitaphanamyzyň «Seýrek neşirler» bölüminde Magtymgulynyň 1926-njy ýylda Aşgabat şäherinde çap edilip, okyjylara ýetirilen kitabynyň iki sanysy aýawly saklanýar. Kitap barada şeýle maglumat-da bar: «Magtymguly — 250» (M.Öwezgeldiýewiň we A.Mülkamanowyň red.bilen. — A.: 1989. -376s.) «Magtymgulynyň goşgularynyň şu ýygyndysyna Bekgi Emirberdi diýen bir adam tarapyndan sözbaşy ýazylypdyr. Şol sözbaşyda neşiriň döreýiş taryhy we golýazma çeşmeleri barada käbir maglumatlar berlipdir. Onda: «Döwlet bilim şurasy... Berdi Kerbaba ogluna Magtymguly goşgularyny dürli ýazmalary seljerip toplamany tabşyrdy we birnäçe Magtymguly nusgalaryny tapyp berdi. Olaryň içinde belliräkleri: Seýitmyrat Öwezbaýyň — Hywa, Garaşhanyň — Çeleken ýazmasy, meniň Garrygala gol ýazmalarym bar» diýlip ýazylypdyr. Şundan görnüşi ýaly, «tekstologiýa öz ilki başlangyç etapynda ylmy prinsipleri praktiki ulanmak bilen ösüp gaýdypdyr» diýip, awtorlar belleýärler. Görşümiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysynyň kitap görnüşinde halka ýetirilmeginde ady agzalan şahsyýetleriň hyzmaty taryhyň gatlarynda şahyr bilen bilelikde öz ornuny tapypdyr. Magtymguly Pyragy barada ilkinjileriň hatarynda Berdi Kerbab

Şahyryň döredijiliginde sahawatlylyk

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkymyzyň durmuş pelsepesiniň, umumadamzat düşünjeleriniň, ahlak kadalarynyň özboluşly beýany bolmak bilen, gymmaty egsilmez hazynadyr. Akyldaryň döredijiligi ynsany hemmetaraplaýyn kämil terbiýelemäge gönükdirilendir. Şunda jemgyýete peýda getirýän işleriň waspyna uly orun berlipdir. Beýik şahyr ynsanyň iň gowy ahlak sypatlaryny orta çykaryp, onuň häsiýetlerinde mertlik, watançylyk, söweşjeňlik, ar-namyslylyk, pähim-paýhaslylyk, giň göwrümlilik, ýiti sözlülik, wehimlilik, ýoldaşa wepalylyk, ygrarlylyk, myhmansöýerlik, jomartlyk ýaly türkmeniň ajaýyp milli häsiýetlerini täzeden görkezipdir. Halkymyzyň ynam-ygtykadyna berk ornan sahylyk hem Magtymguly Pyragynyň iň köp üns beren düşünjeleriniň biridir. Ozal hem akyldarlaryň birinden rysgal näme diýip soranlarynda, ol: «Rysgal diňe bir maddy baýlyk däl, irden parahat oýanmak hem rysgal, gowy bir ýanýoldaş, perzent hem rysgal, güler ýüz hem rysgal, gowy bir goňşy hem rysgal, howadan nepes alyp bilmek hem rysgal, umuman, daş-töweregiň, tebigat hem rysgal...» diýip, jogap beripdir. Edil şonuň ýaly, Magtymguly Pyragy üçin sahylyk hem giň düşünjäni aňladýar. Akyldaryň döredijiliginde sahylyk adamyň göwün baýlygy bilen baglanyşyklydyr. Hakyky manysynda eliňde bar bolan zadyňy eçilmek, paýlaşmakdyr. Ýagny giň düşünjäni öz içine alýan sahylyk diňe bir maddy gymmatlyklary bagyş etmek bi

«Her dilde, her elde Magtymguly bar...»

Biz indi köp ýyllaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldarlaryň ömri-döredijiligine degişli maglumatlary toplap gelýäris. Ýaňy-ýakynda Aba işan bize beýik Pyragynyň özbaşdak döwlet gurmak, erkin ýaşamak babatda öňe süren pikirleri, söz ussadynyň arzuw eden şu ajaýyp zamanasynyň gelmegi bilen onuň mirasyny dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Bu maglumatlary Aba işanyň dili bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik. Mälim bolan maglumatlara görä, Magtymguly işan bütin ömrüniň dowamynda halkynyň özbaşdak döwlet gurup, erkin ýaşamagy, agzybirlikde ömür sürmegi babatda aladalanypdyr. Dartgynly döwürde goňşy döwletleriň ýygy-ýygydan halkyň üstüne çozuşlary, talaňçylyklar ony diýseň gynandyrypdyr. Şeýlelikde, ol halky agzybirlige çagyrypdyr. Agalary Abdyllanyň, Mämmetsapanyň ýoluna eýerip, özbaşdaklyk babatda kömek soramak üçin owgan döwletiniň şasy Ahmet Dürranynyň ýanyna gidipdir.

Nusgawy şahyryň edebi mekdebi

Täze taryhy döwrümizde beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şygarynyň many-mazmuny hem halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge, akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny giňden dabaralandyrmaga gönükdirilendir. Magtymguly Pyragynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Akyldar şahyrymyzyň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirlerinde türkmeniň milli ruhy ýaşaýar. Her bir okyjy nusgawy şahyryň şygyrlaryndaky öwüt-nesihatlary özüne nusgalyk ýörelge edinýär. Milli şahyrymyzyň çuňňur many-mazmunly goşgulary türkmen halkynyň taryhy ýagdaýlary, ýaşaýyş-durmuşy, geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gymmatly goşgulary her bir ynsanyň kalbyndan eriş-argaç bolup geçýän akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini terbiýelemekde söz sungatynyň ägirt uly güýçdügini subut edýär.

Päkleniş (Hekaýa)

Oglanjyk ona golaý owlak-guzyny meýdana çykaranda, Gün kiçi guşluk ýerine barypdy. Ýaz pasly bolansoň, howa maýyldy. Howada süýjülik suwunyň tagamy bardy. Nebsewürlik bilen daş-töweregine nazar aýlaýşyna, içini gepletdi: «Ýazyň gowudygyny! Nirä baksaň, görýäniň gözellik. Olara seretdigiňçe, ýüregiň joşa gelýär». Ol ilersinde keserip ýatan daglara nazaryny dikdi. Depelerdir baýyrlar ýaşyl mahmaldan toý köýnegini tikinene meňzeş. Bir baksaň, olardan ünsüňi sowmaň hyllalla. Diňe beýik dagyň çür depesinde akjaryp gar görünýär.

Poeziýa

MEN, EJEM HEM PIŞIGIMIZ Dymyp otyrys telärde:

Magtymguly sözlär hakyň sungatyn

Adamzadyň taryhy bir kitap bolsa, onuň şanly sahypalary beýik şahsyýetleriň çuňňur pelsepeleri netijesinde altyn syýa bilen ýazylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Onuň belent mertebesini Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle beýan edýär: «Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar, oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär. Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär». ADYŇ BENDE BOLSA, EÝÄŇI TANY

Ýollar «Aşgabada» barýar (Oýlanma)

Öýden işe ýa-da işden öýe tarap ýola düşenimde maňa hemişe çagalygymy ýatladýan bu ýer diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem ünsüni özüne çekýär. Hyýal bilen hakykatyň birleşen ýeri, ady paýtagtymyz bilen kybapdaş bolan «Aşgabat» seýilgähi siz üçinem tanyşmy? Gowusy, men bu barada size gürrüň bereýin, siz bolsa meniň bilen gamsyz çagalygyňyza syýahata çykyň!

Duýguly dünýä

ÖMRÜM Goşulýar ömrüme ýene-de bir ýyl,Ýene çagalygym düşýär ýadyma.Hamrak ejem bilen janserek kakamJan sözüni goşup «Jemal» adyma Dileg ederdiler ýollaň agyny,Ýaşyň uzagyny, bagtyň çür başyn.Iň gymmatly sowgatlarym — jigilemBöküp-bökjekleşip, alardy daşym.

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. ÇUKUR GAZAN...

Şygryýet bossany

ADYŇ BAR SENIŇ Müň ýyl mundan öň goýberenÝalňyşlamda adyň bar seň.Jan-dilimden eziz görenAlkyşlamda adyň bar seň.

Şygryýet çemeni

RAHATLYK Boş bu içim, zat galmady aýdara,Aýyrdym çaň basan goş-golamymy.Örtenere ýeke sebäp goýmadym:Gülli bukja salyp, ýolladym saňaHemme goşgularymy...

Ylham ýaýlasy

Beýik döwür eziz Arkadaglydyr Görmäge göz gerek, dünýe haýrany,Doýmarsyň eýleseň näçe seýrany,Beýik ymaratlaň köpelýär sany,Howasy tenekar, Güni çogludyr,

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»

Asmanymyz münewwer, Zemin çümdi ýaşyla,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».Çar ýandan myhman gelýär gutlap üç ýüz ýaşyňy,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy». Geldi ajap zamana — çoh garaşan eýýamyň,Gül Watanym, gör, bu gün nazarynda hemmäniň.Syryn açýar her sözüň asyrlaryň, heňňamyň,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Şygryýet

Joş sen, Bahry-Hazarym! Gül Zeminiň güller öwsen mawy ýüpek öýmesi,Balyklar, guşlar, gämiler — gül öýmäniň gaýmasy.Gözellige maýyl gözleň bolmaz bakyp doýmasy,Gül-gülüstanym meniň, waspyňa dessan-gazalym,Hak salmyş mährin-nazaryn,joş sen, bahry-Hazarym!

Sapak bolan duşuşyk (Gülküli kyssa)

Ýaňy bir ýaş ýazyjy hökmünde okyjylaryň gözüne ilip başlan uçurlarym bir mekdebe duşuşyga çagyrdylar. Menem oňa barmankam uly höwes bilen taýýarlandym. Ýazyjylardan soralaýjak zatlary kellämde aýlap çykdym. Hatda halypalaryň duşuşyklarda aýdan jaýdar sözlerindenem öwrendim. Bireýýäm tanymal bolan şahyrlaryň her bir okyjynyň göwnüne jüňk bolaýjak goşgularyndanam käsini ýat bekledim. Okyjy, onda-da mekdep okuwçysy bir zat soranda jogap berip bilmän durmak ýazyjy adyňa gelişjek zat däl-dä. Barmaly wagtym mekdebiň gapysyndan ätledim. Mugallymlaram, okuwçylaram gara gadyr bolşup garşyladylar. Duşuşygyň geçýän ýeriniň — dabaralar jaýynyň içi edil muzeý ýaly-da. Her sapaga degişli görkezme esbaplaryny, tejribe enjamlaryny gowy edip goýuşdyrypdyrlar. Olary görüp mekdep döwrüm ýadyma düşüberdi.

Ýyldyzly asman (Hekaýa)

Suraty çeken Ogulmaral Çarýarowa,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby. * * *

Çopan şahyr

«Bäjän şahyr». Amangeldi Hydyrowyň çeken suraty. * * *

Dana dünýäli neşirler

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly ylmy makalalar ýygyndysy, «Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysy we «Ylym» neşirýaty tarapyndan şu institutyň uly mugallymy Jahan Saparowanyň «Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты» atly monografiýasy neşir edildi. «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly makalalar ýygyndysynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň akyl gämisinde pikir derýasyny gulaçlan dana Pyragynyň edebi mirasyna — dünýewi garaýyşlaryna, filosofik pikirlerine, Watan gymmatlyklaryna bagyşlap ýazan ylmy makalalary girizilipdir.