"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Mertligiň galasy (Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde ýerleşýän Sakar gala taryhy ýadygärligi hakynda şeýleräk rowaýat edýärler)

Şygryýet bossany

Buýsançnama Ojar közi deýin şapak, elwan säher mübärekdir,Güllere gark bolup ýatan elwan bahar mübärekdir.Behiştden görk alan Watan — güler ýüzi gülälekdir,Eremden inen parça sen, bagyň reýhany sendedir,Türkmenistan, eziz Watan, ýürek heýjany sendedir.

Şygryýet bossany

Watanym Çyndan, seniň beýikligňe guwanýan,Garaşsyz, Bitarap, eziz Watanym.Seniň perzendiň men, şoňa buýsanýan,Garaşsyz, Bitarap, eziz Watanym.

Şygryýet bossany

Döwranyň geldi Bak, Pyragym, seniň döwranyň geldi,Ýeten bagtymyza buýsanýar göwün.Barha güller açýan eziz Diýarym, Beýik ösüşlere barýandyr bu gün.

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Dana atam Magtymguly Bir berkarar döwlet islän,Kalbynda kän gowluk beslän,Dünýä mekdep paýhas nusgaň,Dana atam Magtymguly.

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Ussadym «Türkmenler baglasa bir ýere bili,Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili».                    Magtymguly Pyragy

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Magtymguly Poeziýaň perişdesi syrdaşyň,Köňlüňe giňligi berdi şygyrlar.Ylahy ahwallar aldylar daşyň,Şanyňy beýgeltdi heňňam, döwürler.

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Pyragy Ak arzuwlaň şalygyna beýik soltan Pyragy,Arşyň-kürsüň degresinde dünýä aýan Pyragy,Pähim-paýhasyň ummanyn munda boýlan Pyragy,Hakykatyň, halallygyň ýolun saýlan Pyragy,Ýurdumyzda berkararlyk ýoly dowam Pyragy,Sarpalanyp üç ýüz ýyllyk toý toýlaýar Pyragy.

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Pyragynyň islän döwri(akroşygyr) Paýly tagtdan gözel şährim, aýly gijäň röwşeni, Ähli binaň sap-sap durar, beg Görogly jöwheri, Her säher äleme buşlan, gül-bossanly geljegi, Inçe taryhyň gatyny düzen dessanym Aşgabat! Maňzy siňen sözleriňe, şygyr-bossanym Aşgabat!

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Pyragynyň arzuw eden döwründe Günlerimiz toý-baýrama beslenýär,Gür baglarda saýrak guşlar seslenýär,Dünýäňe nur saçýar bagy-bossanlar,Pyragynyň arzuw eden döwründe.

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Şygryýetiň nurly çyragy Geljegi nazarlan bir dana göwün,Daglaň belendine meňzedi bu gün,Äleme ykrardyr owazaň-ýaňyň,Türkmeniň buýsanjy Pyragy atam,Şygryýetiň nurly çyragy atam!

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Arzuwlanan zamana Berkarar ýurt isläp geçdi jahandan,Arzuwlan zamanyň geldi, Pyragy!Arzuwladyň dünyäň bagtly geljegin,Arzuwlan zamanyň geldi, Pyragy!

«Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige

Durmuş kerwensaraýy (hekaýa) «Hajygowşandan Buhara kerwen gidýärmişin» diýen habary eşiden Magtymguly Nyýazsalyh mollanyň ýanyna bardy:

Ak melekler ýa-da ruhy sedalar (duýgular, pikirler, liriki miniatýuralar)

* * * Ykbalyň külpetli, synagly öwrümlerinde aljyraňňylyga düşüp, pikirleriňde dagynyklyga uçrasaň, durmuş ýollarynda azaşyp, daglaryň dumanly, menzilleriň gümanly görünmegi mümkin. Şonuň üçinem mydama pikirleriňi anyk, dürs, aýdyň saklamaly, dünýägaraýşyňy ýollaryňa şöhle saçar ýaly, ähli pursatlarda ýalkymly şugla öwürmeli. Pikirleriňde hem duýgularyňda çarkandaga düşen deý büdremeli däl. Pähimsizlik edip, ýoluňy ýitirmeli däl. Durmuşdaky başagaýlyklaryň ilki bilen pikirleriňde başlanýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Şonuň üçinem ykbalyňy gülletmek üçin, ilki bilen pikirleriňi gülletmeli. Bu ýagdaý örän çylşyrymly hem örän ýönekeý durmuş logikasydyr.

Ýiten kitabyň sahypalary (hekaýa)

Kerwen Düşünýärin, wagt diýilýäni durmuşyň gadyryny bilýän adam üçin şeýle gymmatly zat, ýöne her niçik-de bolsa size: «Wagtymy biderek geçirdim» diýdirmejek bolaryn. Ynha, girişde-de size kerwen hakynda kelam-agyz aýdyp bermekçi bolýaryn. Men size kerwen hakynda bilýänje zatlarymy gürrüň bereýin.

Hak ýarandyr asyl ýoly yzlana

Adama asyl, aňry, teý-ýerlik zerurdyr. Pederlerini ýatlap, ene-atany sylamak, aýamak, sarpalamak, apalamak — nesillere parz. Şu gymmatlyklara ýürek goýýan oňalman, kemal tapman bilmez. Atalaryň pähiminden, eneleriň mährinden Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly asyllydan agramly, edermenden edepli, saýhallydan salyhatly, güýçlüden gaýratly, gujurlydan gudratly Ogullar döreýär. Il-gününe, Watana wepaly ol gerçekler dünýäniň bakylygyna, müdimiligine, synmazlygyna söýedirler, söýgetdirler. Ogul atasyna, aslyna meňzese ýagşy. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hakyky watançy ynsan Mälikguly Berdimuhamedowyň göreldesine, ýol-ýörelgesine eýerip, şu belent derejelere ýetdi. Mälikguly aganyň ömür ýoly biziň ählimiz üçin hem nusgalyk göreldedir, eýýamlara ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban pederlerini, kyblagählerini hatyralap ýazan eserleri — “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarydyr “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Enä tagzym — mukaddeslige tazgym” atly kitaplarydyr «Atamyň» atly goşgusy hem şol nusgalyk mekdebiň, perzendiň öz pederlerine, ene-atasyna bolan beýik söýgüsiniň beýanydyr. Şol eserler ylhamyň gözi-gönezligi bolup, her birimize ruhy ganat berýär.

Ylham ýaýlasy

Pyragy Oýandym ir säher, atdy ak daňy,Gelip dur gulagma şygyrlaň ýaňy,Diýýän Meňli gyzyň eýjejik meňi,Seň dünýäňde ömür salyň, Pyragy!

Magtymguly we Abdyrahman Jamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhymyzy, edebiýatymyzy, däp-dessurlarymyzy düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň aýdyň mysallarynyň biri hem XVIII asyryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesinde alnyp barylýan işlerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip, akyldar şahyryň döredijiligine uly baha berýär. XVIII asyryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde özünden öň ýaşap geçen görnükli şahsyýetler barada maglumatlar bar. Ol maglumatlar şahyryň alan çuňňur bilimi, sowady, ussatlaryna hem-de okan ýerlerine hormaty bilen baglydyr.

Öçmejek ýyldyz (dokumental hekaýa)

(Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň 2-nji sanynda). Sungat adamy boljak bolsaň taryhy, halkyň geçmişini hökman biläýmeli. Gezmäge, görmäge, bilmäge höwesek Aman her gezek bir sebäp bilen Aşgabadyň bir künjüne gezelenje çykardy. Köşä barsa ýaşy asyrdan aşan çynarlary sypalap-sypalap görerdi. Şaglap akyp ýatan durnagöz suwa nazary düşse, «Beh, haýsy kärizden akyp gelýärkä?» diýip, içini geplederdi. «Öz ýurduň, ýaşaýan şäheriň taryhyny bilmek gyzykly. Topragyňa, Watanyňa dahylly geçmiş bilen içgin tanyşmak meger, uly zerurlykdyr». Onuň ýüreginde şeýle pikir şineläpdi.

Ykbal öwrümleri (hekaýa)

ýle wagty eşiden habaryndan soň gojanyň oturyp-turup karary bolmady. Göwnüne bolmasa, ýer goduklap hopup barýan ýalydy. Daş-töwerekde iňlär siňek ýokdy. Ýetmiş ýaşy arka atan Jumadurdy aga özüni dünýäde ýalňyz galan ýaly duýdy. Hemişe agtygy Borjak gelip, atasyny ýekelikden halas edýärdi. Olam okuwyň daşyndan göreşe gatnap başlaly bäri, kakasy-ejesi bilen deňräk gelýärdi. Ýogsam ol atasynyň ol-bu işlerine-de ýaraýardy. Biraz tapdan düşen Jumadurdy aga suwsasa-da, ýerinden turmaga ysgyn-mydary bolman ýatyrdy. Ýöne eslije wagt geçip, halys çydam käsesi dolandan soň, ýatan ýerinden kynlyk bilen turup, bir käse suw alyp içdi. Şondan soň welin, birneme nepesi durlandy. Ol özüne: «Jumadurdy, köşeş! Allatagala gerek bolsaň, salymyňy bermez. Sen entek bu jahanda-da gereksiň» diýdi-de, rahatlanyp, gazyň nurbatyny towlap ýakdy-da, çaý goýundy. Soňra çaý demläp, birsalym üstüni basyryp goýdy.