"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Daňdanakan galasy: geçmiş syrlaryny açýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ylmy-öwreniş işleri geçirilmegi meýilleşdirilen, taryhda belli Daňdanakan galasy Merwden Sarahsa barýan ýoluň 63 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Bu meşhur gala-kerwensaraýyň galyndylary 4,5 gektar meýdany tutýar. Galanyň kem-käsleýin saklanyp galan diwarlarynyň taraplarynyň ölçegi 210 — 216 metre deňdir. «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gadymy taryhy ýadygärlikde gazuw-agtaryş, öwreniş hem-de berkidiş işlerini alyp barýarlar. Möwsümleýin işleriň dowamynda şäheriň gurluş we ýaşaýyş medeniýetine degişli gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Galanyň merkezi böleginde Juma metjidiniň ýerleşen ýeri diýlip çaklanýan meýdançada ýer gatlaklary öwrenilenden soň, gazuw-barlag işlerine başlandy.

Manyly ömrüň beýany

(So­ňy. Baş­lan­gy­jy ga­ze­tiň ge­çen sa­nyn­da) Dur­muş­da ça­ga­lyk ar­zuw­la­ryň he­mi­şe wy­sal ta­pyp du­ra­nok. Mu­ňa Oraz­dur­dy öz my­sa­lyn­da anyk göz ýe­tir­di. Ring­de ge­çi­ri­len hy­syr­dy­ly tür­gen­le­şik­ler­dir du­şu­şyk­lar, göreş meýdançalaryndaky çekeleşikli tutluşyklar, me­dal­lar hem hor­mat hat­la­ry... bu­la­ryň ba­ry ýa­kym­ly ýat­la­ma bo­lup ga­lyp­dy. Oňa in­di tä­ze ça­gy­ryş ga­raş­ýar­dy. Ýaş zoo­teh­nik saý­lap alan hü­nä­rin­de özü­ni gör­kez­me­li­di, ab­raý al­ma­ly­dy.

Türkmeniň bagşyçylyk sungaty

Türkmeniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bagşyçylyk sungaty bar. Halk aýdym-sazlary mazmuny, gurluşy we ýerine ýetirijilik aýratynlyklary boýunça liriki, zähmet, däp-dessur we çaga aýdymlary ýaly folklor žanrlaryna we bagşy-sazandalaryň mirasy bilen baglanyşykly aýdym-saz sungatyna bölünýär. Mazmuny we formasy boýunça ösen bagşyçylyk sungaty ýerine ýetirijilerden ýokary ussatlygy talap edýär. Häzirki wagtda bagşyçylyk ýollaryna Ahal, Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan ýaly ýer-ýurt atlary hem goşulyşyp ugrady. Dutar eserleri özleriniň heň baýlygy bilen tapawutlanýar. Olarda ulanylýan çylşyrymly usullar we bezeg inçelikleri ýerine ýetirijiden gurala ussatlarça erk edip bilmegi talap edýär. Munuň özi eserleriň ömrüni uzaldýar.

Gadymdan gelýän gymmatlyk

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanyp, suw ýakalaryndaky, dag jülgelerindäki, giň sähralyklardaky erkana durmuşy ýaşaýyş üçin saýlap alypdyrlar. Şonuň üçin-de olar gündelik durmuşda ahalteke atyna, düýesine, alabaý itine, tazysyna, elguşuna diňe bir hojalykda ulanylýan jandar däl-de, eýsem, ýakyn ýoldaş, syrdaş, ýardamçy hökmünde uly orun beripdirler. Ahalteke atlary ýaly has giňden meşhur bolmasa-da, türkmen durmuşynda düýe malynyň hem orny uly bolupdyr. Yssa-sowuga çydamly düýeleriň gymmaty sähra ýerlerinde has üýtgeşikdir. Şonuň üçinem oňa halkymyz «sähra gämisi» diýip at beripdirler. Olar sabyrlylygy, agraslygy, agyr ýüki ýeňledýändigi, müňbir derdiň dermanyny eçilýänligi bilen-de sarpalanypdyr. Muny «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen nakylymyz hem doly tassyklaýar.

Söz manysy

Ilkibaşda orak ýaly... Ilkibaşda orak ýaly,Orta ýaşda çörek ýaly —

Jana şypaly keçeler

Keçe hakynda gürrüň açylanda, çagalygymda bolup geçen wakalar ýadyma düşýär. Ejemiň mamamlarda goňşular bilen üýşüp keçe gülleýişleri, ýüň boýamak, saýmak işlerini ýerine ýetirişleri göz öňümde janlanýar. Biz elmydama olara kömekleşerdik hem keçäniň taýýarlanyşyny öwrenerdik. Mamam onuň döreýiş taryhy baradaky rowaýatlary, hekaýalary aýdyp bererdi. Bir rowaýatda şeýle gürrüň berilýär: Ir zamanlarda bir owadan hanlykda şanyň ýekeje gyzy bolupdur. Onuň bedeninde agyry bolup, ol tebiplerden mydama bejergi alypdyr. Emma ol bejergileriň hiç biri şanyň gyzynyň doly gutulyp gitmegine ýardam etmändir. Wagtyň geçmegi bilen şanyň gyzynyň ýarawsyzlygyny ähli şalygyň adamlary bilipdir. Şa gyzy bolsa, bir obanyň çetinde ýeke özi ýaşaýan garryja enäniň ýanyna göçüp barypdyr. Ol enäniň iki sany owadanja guzujygy bar eken. Şa gyzy şol guzujyklaryň ikisini hem gowy gorýän eken. Agşamlaryna guzujyklaryň biri gujagynda, beýlekisi bolsa arkasyna ýaplanyp ýatýan eken. Birnäçe wagt geçensoň, gyzyň bedenindäki sowuklama, agyry-ynjylary aýrylypdyr. Şondan soň şa gyzy saryja goýnuň ýüňüniň özüne derman bolandygyna düşünipdir. Bu bolan wakany eşiden gyzyň enesi goýnuň güýzki gyrkymyndan agtygy üçin, ilki bilen, ýorgan tikipdir. Soňra bolsa keçe edilip başlanypdyr.

Haly önümleri hakda

Köpasyrlyk taryhy bolan milli halyçylyk sungaty gündelik durmuşymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen dörän haly önümleriniň görnüşleri kän. Geçmiş taryhymyzdan bäri olaryň aglabasy türkmen öýleriniň, behişdi bedewlerimiziň, arwana düýelerimiziň bezegi bolup gelýär. Haly önümleriniň käbirleri barada durup geçeliň. Eňsi — kiçeňräk gönüburçly haly önümi, ol ak öýleriň gapysynyň tutusy bolup hyzmat edýär. Ol gapynyň daş ýüzünden asylýar. Eňsiniň «sekiz goçak», «kelle», «gülýaýdy», «zerbaf», «böwrek», «dagdan», «pürpudak», «edresi», «güjük yzy» ýaly nagyşlar salnan görnüşleri bolup, düşeklik halylaryň nagyşlaryndan tapawutlanýar. Bu haly önüminiň aşagy seçekli bolýar.

Dana şahyryň hormatyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň Türki medeniýetiniň halkara guramasy — TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy barha kämilleşýär. 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

«Düýäm bar dünýäm bar»

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. «Sähra gämisi» diýip at berlen sabyrly, agras, ýüňüdir çaly müň bir derdiň dermany bolan düýe maly hem halkymyzyň gymmatly hazynasydyr. Ýakynda, ýagny 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmeniň dünýe malyna deňän düýe malyna we düýe bezemek däplerine bagyşlanyp ilkinji gezek «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi açyldy. Sergide halkymyzyň geçmiş taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan düýeler we olaryň bezeg esbaplary — inçeden sünnä edilip dürli keşdeler bilen keşdelenen guramalar, düýebaşlyklardyr düýehalyklar sergä gelenlerde uly täsir galdyrýar.

Ady äleme dolan şahyr

Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, çeper söz ussadynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizilmegi, şeýle-de dana şahyryň 300 ýyllyk ýubileýiniň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Gündogaryň beýik akyldarynyň umumadamzat medeniýetine goşan uly goşandynyň ykrarnamasydyr. Magtymguly Pyragynyň şeýle uly sylag-sarpa eýe bolmagy onuň öňe süren pikirleriniň dünýä derejesinde doly ykrar edilendigini äşgär edýär. Çünki akyldar şahyr pelsepewi garaýyşlary bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň hem ünsüni özüne çekipdir. Rus türkology W.W. Bartold: «Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir» diýip belläp geçýär. Bu ähli türki halklarynyň arasynda ýeke-täk deňi-taýy bolmadyk şahyryň biziň Magtymguly atamyzdygyna doly güwä geçýär.

Milli miras

Toý bezegi çelpek bilen gatlama Mirasymyza sarpaly halkymyz owal-ahyr asylly däplerine, milli ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýup gelipdir. Müň dürli naz-nygmat bilen toý saçaklaryny bezäp, myhman garşylap, ýokary derejede hyzmat edipdir. Bu ýörelgeler, dessurlar nesilden-nesle geçip, öz gymmatyny ýitirmän biziň häzirki günlerimize hem gelip ýetipdir. Häzirki taryhy döwrümizde pederlerimizden, ene-mamalarymyzdan miras galan şol milli däp-dessurlarymyz, asylly ýörelgelerimiz döwrebap derejede dowam etdirilýär. Onuň şeýledigi türkmeniň dabarasy dag aşýan toý-baýramlarynyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Türkmen toýlarynda giňden ýazylan saçaklarda müň dürli nygmatlaryň arasynda çelpek bilen gatlamanyň orny has uludyr. Olaryň arzysy aşyp, diňe bir toý saçaklaryny bezemek bilen çäklenmän, gudaçylyk gatnaşyklaryndaky däplerde hem esasy saçak hökmünde ulanylýar. Bu arzyly nygmatlary taýýarlamakda zenanlar ýokary ussatlygyny görkezýärler. Şeýle ussat zenanlaryň biri hem ildeşimiz, Görogly etrabynyň Görogly şäheriniň ýaşaýjysy Patma Meredowadyr. Patma daýza indi 30 ýyldan bäri bu nygmatlary taýýarlap, ildeşlerinden gelýän buýurmalary göwnejaý ýerine ýetirip, alkyş alyp gelýär. Çelpek bilen gatlamany taýýarlamagyň we olary toý-märekelerde ýerlikli ulanmagyň usullary barada Patma daýza bilen söhbetde

Halk terbiýesinde tebigata söýgi

Halkymyzyň nesillere terbiýe bermek işiniň taryhy irki döwürlere uzamak bilen, asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, baý mirasa öwrülipdir. Aýratyn hem, edep-terbiýe düşünjesinde ynsanperwerlik esasy orny eýeleýär. Ynsanperwerligiň özeninde bolsa, sylag-hormat, ýagşylyk, parahatçylyk söýüjilik, päk niýetlilik ýaly düşünjeler bar. Ynsanda gowy häsiýetleri emele getirmekde tebigata bolan söýgini döretmek derwaýys meseleleriň biridir. Çünki ynsan bilen tebigat aýrylmaz baglanyşykly. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Hakykatdan-da, türkmen tebigatynyň, çölüniň, dagynyň, düzüniň we sährasynyň, hatda howasynyň hem halkymyzyň özboluşly häsiýetine mahsus täsinligi bar. Tebigat bilen şol ýerde ýaşaýan ilatyň arasynda täsin arabaglanyşyk, biri-birine dahyllylyk duýulýar» diýip belleýär.

Dana Pyragynyň medeni mirasy ruhy hazynamyzdyr

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň nesillere goýup giden baý medeni mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygy bolup, bagtyýar türkmen nesline gelip ýetdi. Akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly» atly kitabyň halkymyza gowuşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulus-ilimize toý sowgady boldy. Üç dilde çap edilen bu kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, merdanalyk, watançylyk pikirlerini beýan edýän şygyrlaryny öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir. Beýik şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten köpöwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de, türkmen hem-de Gündogar edebiýatynyň gazanan baý tejribesini özünde jemleýän Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilýär, daşary ýurtly alymlaryň üns merkezinde durýar.

Manyly ömrüň beýany

1929-njy ýylyň iýun aýynda Gyzylarbat şäherinde Amanberdi Amandurdy (ýörgünli ady Saryja) oglunyň we Orazsoltan Aman gyzynyň döwletli maşgalasynda oglan bäbek dünýä inýär. Oňa Orazdurdy diýip at dakýarlar. «Iki aýakly, iki günde» diýlişi ýaly, Orazdurdy kiçiliginden düşbi we zähmetsöýer bolup, ese-boýa galýar. Ol 7 ýaşy dolanyndan Gyzylarbat şäherindäki ýediýyllyk mekdebiň 1-nji synpyna okuwa barýar. 1937-nji ýylda durmuş atly heňňamyň emri bilen Orazsoltan eje 8 ýaşly ogly Orazdurdyny we 7 ýaşly gyzy Gözeli alyp, şol döwürde häzirki Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşen Aşgabat obasyna göçüp gelýär we daýhan birleşiginde zähmet çekip başlaýar. Orazdurdy obadaky 7-nji ýediýyllyk mekdepde okuwyny dowam etdirip, okuwdan boş wagtlary öý we kolhoz hojalygynda ejesine ýardam berip, zähmete werziş bolýar. Oba mekdebiniň göreldeli okuwçylarynyň biri bolmak bilen, kämil bilim almak üçin bolsa häzirki Ahal welaýatynyň Göwşut obasyndaky mekdep-internatda okaýar. Orazdurdy tebigy zehinliligi bilen tapawutlanan bahalar bilen orta bilim alýar. Mekdep-internaty tamamlansoň, ownuk şahly mallarynyň ferma müdiri Akly Annamyradow zähmetsöýer we sowatly Orazdurdyny fermananyň hasaba alyjysy wezipesine işe belleýär. Ol tabşyrylan işi göwnejaý we öz wagtynda talabalaýyk ýerine ýetirip, ýaşlygyna garamazdan, ferma müdiriniň we kolhozyň ýolbaşçylarynyň hormatyny gazanýar. Maldarçylyk pudagy bi

Goramak we nesillere geçirmek ýoly

Häzirki wagtda taryhy-medeni ýadygärlikler döwlet tarapyndan goralýar we olary rejelemek, ylmy esasda öwrenmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibini tassyklamak hakyndaky Karar hem munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Bu resminama medeni mirasyň obýektlerini, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde ýerleşen medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Medeni mirasa hormatyň, ony goramagyň, nesilden-nesle geçirmegiň mazmuny we maksady adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşan ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly ýörelgelerinden ugur almakdyr. Şu nukdaýnazardan, 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi milli taryhy-medeni mirasymyzy goramak babatdaky tagallalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim boldy.

KEŞDEÇILIK SUNGATYNDA AKGAÝMA NAGYŞLARYNYŇ AÝRATYNLYGY

Parasatly pederlerimiziň asyrlar içre gazanan beýik aňyýet üstünliklerini ene-mamalarymyz türkmen milli keşdelerine, halylaryna, keçelerine, palaslaryna we beýleki maddy hem-de ruhy baýlyklaryna müdimilik siňdirip, geljekki nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny özünde saklamak bilen çäklenmän, eýsem türkmen zenanlarynyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Onda dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmen keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.

Gopuz

«Gorkut ata» eposynda gopuz saz guralynyň ady «golça kobuz göterip, ilden-ile, toýdan-toýa ozan gezer» diýen jümlede gabat gelip, golça gopuz diýlip häzirki gyjak saz guraly göz öňünde tutulandyr. Gadymy türkmen dilinde «kowuz» «köwük, köwmek» manysyny berýändiginden çen tutsaň, kobuz golçaly kädiniň köwlüp ýasalýandygyny aňladýar. Doganlyk halklaryň köpüsinde kowuz — gopuz saz guralynyň adyna duş gelinýär. Oňa özbek we garagalpak halklarynda «kobuz», gyrgyzlarda «kopuz» diýilse, ukrainlerde «kobza», türklerde «kubiç» diýlip atlandyrylýar. Gopuz dürli halklarda syhalyp çalynýan gyjak saz guralynyň adydyr.

«Şägirt halypadan ozdurmasa...»

Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhy kökleri gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Muňa bu ugurda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin. Şägirt ýetişdirmek halypanyň esasy borçlarynyň biri bolup, munuň üçin hiç hili muzd talap edilmändir. Isle aýdym-sazyň, isle senetçilik hünärleriniň inçe tilsimlerini öwrenmegi ýüregine düwen şägirt halypasynyň hyzmatynda durup, oňa ähli işlerde ýardam beripdir. Aýdym-saz ýaly keremli sungatyň abyny-tabyny ele alýança şägirdiň bar garamatyny halypa çekipdir. Halypa bagşylar şägirdini toýda-tomguda ýany bilen alyp gider eken, birki ýola aýdym aýtdyryp, ile çykarar eken. Haçanda şägirdiniň kämil çykanyny aňan mahaly halypa oňa öz ak patasyny berip, özbaşdak aýdym aýtmaga, toý sowmaga ygtyýar berýär. Ak pata alan, halypa gören bagşy-sazandalaryň il içinde hormat-sarpasy hem uly bolupdyr. Atly-abraýly bagşylaryň diňe tälim beren şägirdine däl, eýsem, ýaş bagşynyň aýdym aýdyş, saz çalyş ussatlygyna göwni ýeten mahaly hem ak pata beren gezekleri bolupdyr. Halypa şägirdine pata bermek arkaly oňa ýagşy doga-dileg edipdir, ak ýol arzuwlapdyr, durmuşda, sungatda öz ýoluny tapmagy üçin öwüt-ündew beripdir. Çünki halypa bu babatda öz ýoluny dowam etdirjek, pirli sungata ikilik etmejek ýaş zehini ýetişdirmek bilen birlikde, onuň ile gerekli ynsan bolmagy üçin alada edýär. Ine, şunda hem halypa-şägirtlik ýörelgesiniň y

Türkmeniň kalby

Çeper elli halyçylarymyzyň on barmagyndan sünnälenip çykan nepis halylary taryhda-da, häzirki wagtda-da özüniň owadanlygy bilen äleme meşhurdyr. Iň nepis, owadan halylaryň, kilimleriň, horjunlaryň gadymy türkmen topragynda ösen siwilizasiýanyň mekany hasaplanylýan Merwde, Köneürgençde, beýleki taryhy mesgenlerimizde dokalandygy baradaky maglumatlar buýsanjyňy artdyrýar. Halynyň, haly önümleriniň döremegini, taryhyň dürli pursatlarynda-da döwrebap kämilleşdirilmegini ilatymyzyň çarwa, ýarym çarwa durmuş ýagdaýy talap edipdir.

Gymmatly hazynanyň eýeleri

Halkymyz ylma-bilime ýokary baha berýär we ony uly baýlyk hasaplaýar. Şeýle baýlyga eýe bolan her bir ynsan jemgyýetimize gerekli, ile-güne peýdaly, kämil adama öwrülýär. Kämillige bolsa bilimleriň çeşmesi bolan kitaplaryň üsti bilen ýetip bolýar. Ýekeje kitaba rozugärini ekläp oturan guba düýesini bermäge taýýar türkmeniň kitaba garaýşy üýtgeşikdir. Indi gymmatly hazyna bilen ýüzbe-ýüz bolmak, ondan özüňe gerekli maglumatlary almak üçin malyňdan-halyňdan geçmegiň zerurlygy ýok. Bu hyzmaty gymmatly hazyna eýelik edýän kitaphanaçylar öz üstlerine alýarlar. Köpsanly okyjylara medeniýetli hyzmat edip, olaryň alkyşyny alýanlaryň arasynda Hojambaz etrap merkezi kitaphanasynyň agzybir işgärleri hem bar. — Okyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň islän kitaplaryny tapyp bermek ugrunda yhlasly zähmet çekýäris. Häzirki wagtda kitap gorumyz 31,5 müňden gowraga ýetdi. Kitaphanamyzda okyjylaryň isleg bildirýän kitaplarynyň bolmagy olaryň sanynyň barha artmagyna ýardam edýär. Okyjylarymyzyň arasynda mekdep okuwçylarynyň az däldigi bolsa guwandyrýar — diýip, kitaphananyň müdiri Jeren Ahmedowa gürrüň berýär.