Tebigat — ynsanyň ýakyn hemrasy
Türkmenlerde gadym döwürlerden bäri «Ýyldyz senenamasyna» aýratyn üns beripdirler. Şonuň üçin hem ýyldyzlary ylmy esasda öwrenmek ir döwürlerden ýola goýlandyr. Bu babatda alymlar tarapyndan ylmy kitaplar hem ýazylypdyr. Şöhratly taryhymyzda ýazylan bu kitaplary öwrenmek we halka ýetirmek mukaddes işleriň biri bolup durýar. Has irki döwürlerde adamlar Günüň we Aýyň, planetalaryň hereketlerine hem gözegçilik edipdirler. Muny Omar Haýýamyň işleri bilen hem baglanyşdyryp bolar. Akyldar «Nowruznama» eseriniň bir bölüminde Aý hem Gün hasabyna esaslanýan ýyllary bilelikde ulanmagyň ähmiýeti hakynda düşnükli dilde beýan edýär: «Aý hasaby dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin zerur, Gün hasaby bolsa oba hojalygyny ýöretmek üçin zerurdyr».