"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

«Ahyrky garagyş» — gyş bilen hoşlaşyk

Halkymyzyň milli senenamasy boýunça kiçi çille tamamlanyp, ynha, gyşyň iň soňky bölegi bolan «Ahyrky garagyş» döwri başlandy. Togsan günläp dowam edýän gyşyň soňlanýan günlerine «Ahyrky garagyş» diýilmeginiň özboluşly sebäbi bar. Käbir ýyllarda gyşyň maýyl gelip, ahyryna gazabyna tutýan ýyllary-da bolýar. Ine, şonuň üçin-de «Mal ýanyndakylar arkaýyn bolmasyn, gyş entek ýeňse berenok, ägä bol!» diýen manyda gyşyň iň soňky bölegine «Ahyrky garagyş» diýip at beripdirler. Şeýlelikde, 22-nji fewrala çenli bary-ýogy 15 gün dowam edýän bu döwürde howa örän çalt-çaltdan üýtgeýär. Sebäbi gyşyň öz ornuny ýaza berýän döwri bolansoň, bir görseň-ä, ýaz çykana meňzeýär, birdenem iniňi tikenekledýän sowuk howa aralaşyp, gardyr ýagyş ýagyp başlaýar. Käbir ýyllarda bolsa galyň gar düşüp, çopan-çolugy örän aljyradýar. Şeýle bolanda, gyş-a öz ornuny ýaza bermek islänok, ýaz hem yza tesmek islänok. Ata-babalarymyz şonda: «Gyş gijikdi» diýip, şoňa görä bolmaly bolupdyrlar. Şonuň üçin eždatlarymyz tä togsan dolup, ýere ýyly gidýänçä, nesillerine gyşdan ägä bolmagy ündäp, «Gyşyň gözi kör bolar» diýen pähimi döredipdirler. Bu ýyl gyş maýyl geldi. Hatda örän gaharjaň hasaplanýan «Kiçi çille» hem gazabyna tutmady. Netijede, eýýäm käbir ösümliklere jan girip, pyntyklap başlady. Bu bolsa bize indi ýazyň uzakda däldigini buşlaýar. Elbetde, tebigatyň şu döwürde birden üýtgemegi bilen, garaşylm

Gyzylgozalak

Garagum sährasynyň gurak we yssy howasynda ýaşamaga uýgunlaşan ösümlikler tebigatyň ýowuz şertlerine çydamlylygy hem-de dermanlyk häsiýetlere eýedigi bilen tapawutlanýar. Gyzylgozalak hem ýurdumyzyň sähra ýerlerinde ösüp ýetişýän gymmatly ösümlikleriň biridir. Ýer ýüzünde gyzylgozalak (latynça strigosella, rusça стригозелла) urugyna degişli ösümlikleriň görnüşleri giňden ýaýrandyr. Ol Ortaýer deňziniň kenarýaka sebitlerinde, Merkezi Aziýada ösýär. Türkmenistanyň çäginde Garagum sährasynda bu ösümligiň käbir görnüşleri duşýar.

Garagyş

(8-nji ferwral — 21-nji fewral) Ata-babalarymyz gyş paslyny dört möwsüme bölüpdirler. Garagyş, uly çille, kiçi çille, ahyrky garagyş. Ahyrky garagyş 8-nji fewraldan 21-nji fewrala çenli, ýagny 14 gün (iki hepde) dowam edip, türkmeniň «Togsan doldy» diýen gününden soň, ýaz möwsüminiň başlanýandygyny kesgitläpdir.

Ahyrky garagyş

Türkmenleriň milli senenamasyna görä, gyş pasly noýabr aýynyň 23-inden fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýär. Ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler: garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş. Olaryň jemi 90 güne deň bolup, bu döwürler ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan seneleri, meteorologik we fenologik tebigat üýtgeşmeleri bilen baglanyşyklydyr. Türkmenleriň milli senenamasynyň ahyrky garagyş döwri bolsa fewral aýynyň 6-syndan 21-ine çenli dowam edýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän aý-gün hasaplarynyň biri hem ýyldyz senenamasydyr. Bu senenama halkyň arasynda iň bir ýörgünli senenamalaryň biridir. Ol hijri-kamary senenamasyndan tapawutlylykda ekerançylar üçin hem, maldarlar üçin hem amatly bolupdyr. Türkmenler ýyldyz hasaby boýunça bir ýyly 365 güne, ony hem döwürlere bölüpdirler. Şol döwürleriň has oňat ýatda galmagy üçin şeýle şahyrana setirleri döredipdirler:

Umumy öýümiziň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen tebigatynyň baýlyklaryny goramak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu ugurda toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi oňyn ilerlemeleri gazanmaga pugta esas berýär. Tebigatda deňagramlylygy saklamakda tokaýlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň bir bölegi Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ýerleşýär. Amyderýanyň kenarlary uzalyp gidýän tokaýlyk bolup, olaryň uly bölegi biziň goraghanamyzyň çäginde ýerleşýär. Tokaýlaryň esasy bölegi goralýan Nargyz, Gabakly we Görelde bölümlerimiziň çäklerine girýär. Olaryň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Mysal üçin, Nargyz tokaýynda ösümlikleriň 80 görnüşi ösýär. Bu çäkde ösýän igde agaçlarynyň miweleri tokaý haýwanlary bolan sugunlara, şagallara, tilkilere, dürli guşlara iýmit bolup hyzmat edýär. Bu tokaýyň amatly tebigy şertleri biologik genofondy gorap saklamaga, ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Soňky döwürde tokaýda köpsanly ýabany haýwanlaryň, aýratyn-da, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen tokaý sugunlarynyň, bürgütleriň, hüwileriň sany ep-esli artdy.

Ýalmanlar hakda

Sähralarymyzyň jöwzaly tomsunyň, aňzakly gyşynyň gazaply howa şertlerinde ýaşaýan bu jandarlar daşky görnüşi boýunça syçanlara meňzeş hem bolsalar, tapawutly ýerleri az däldir. Ol aratapawut, esasan, olaryň artky aýaklarynyň we guýruklarynyň has uzyndygy bilen baglanyşyklydyr. Örän gorkak bolandyklary üçin olaryň ýaşaýşyny öwrenmek ýeňil däl. Şeýle-de bolsa kindiwan jandarlar barada aşakdaky maglumatlary toplamak başartdy. Ýalmanlaryň yzky aýaklary alynky aýaklaryndan dört essä golaý uzyndyr. Şol sebäpli olar bökjekläp ýöreýärler. Örän uzyn guýruklary bolsa olara deňagramlygyny saklamaga kömek edýär.

Ummanlaryň sany näçe?

Biziň köpimiz mekdepde okan döwrümizden bäri geografiýa dersinden dünýäde ummanlaryň dördüsiniň bardygyny bilýäris. Ýöne soňky döwürde geografiýa kartasynda «Günorta» diýlip atlandyrylýan bäşinji ummanyň peýda bolmalydygy baradaky habarlar peýda bolýar. Şeýle habaryň iki asyrdan gowrak taryhynyň bardygyny bellemek gerek. Ilkinji gezek XVIII asyryň kartalarynda «Günorta ummany» adalgasy peýda boldy. Mundan başga-da «Antarktik ummany» we «Günorta Buzly ummany» ýaly adalgalar hem ýörgünli boldy. Şondan soňky ýyllarda täze ummanyň çäklerini kesgitlemek bilen baglanyşykly işler alnyp baryldy. 1937-nji ýylda «Halkara gidrogeografiýa guramasy» Günorta ummanyň demirgazyk serhedini kesgitledi. Şonuň netijesinde täze ummana Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynyň günorta bölekleri degişli edildi. Ýöne takyk serhediniň ýokdugy sebäpli şondan 20 ýyldan soňra bu pikir inkär edildi.

Guşlar haçan göçýärler?

Jandarlar bir ýerden başga ýere möwsümleýin göçýärler. Muňa olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň ýetmezçiligi, gurakçylyk, suwuň derejesiniň üýtgäp durmagy: ýokary galmagy ýa-da çekilmegi, doňmagy, adam işewürligi... sebäp bolýar. Bu guşlar babatda-da şeýledir. Olar beýleki jandarlara garanyňda, gysga wagtyň içinde uzak aralygy geçýärler. Guşlar, köplenç, şol bir ugur boýunça uçup, kenarýakalarda aram-aram düşläp, iýmitlenenlerinden soň ýollaryny dowam etdirýärler. Guşlaryň göçüşleri biri-biriniňkä meňzemeýär. Sakarbaraklar, tersaýaklar, çuluklar (käbir görnüşleri), baýguşlar Gün ýaşandan soň uçsalar, serçeler, sarlar, torgaýlar, garlawaçlar, goýunguşlar, geçiguşlar gündiz göçýärler. Ördekler, çarlaklar, çärikler gije-gündiz uçýan guşlardyr. Uçup barýan guşlara howa şertleri hem täsir edýär, ýel öňünden bolsa pessaýlaýarlar, tersine, yzlaryndan bolsa ýokary galýarlar. Uçup barýan ördek, jüptün, çuluk ýaly suw guşlary gury ýere golaýlanlarynda, 50-100 metr ýokary galyp, suwy görenlerinde, aşak gaýdýarlar. Suw we batgalyk guşlarynyň ýüz müňlerçesi ýylda iki gezek (ýaz we güýz aýlary) Hazar deňziniň üstünden uçup geçýärler. Olaryň köp sanlysy goraghanamyzyň Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda, Esenguly, Çekişler, Aýym, Garşy kenarýaka saý suwlarynda arly gyşy geçirmek üçin galýarlar. Bu ýere gyşlamaga gelýän guşlaryň iň köp sanlysy sakarbaraklardyr. Umuman alnanda,

Çomujyň peýdasy

Türkmen topragy — melhemler mekany. Güneşli Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyny dikeltmekde, bejermekde ähmiýeti örän uludyr. Bereketli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan dürli melhemler özüniň şypa beriji häsiýeti bilen tapawutlanýar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri hem çomuçdyr. Çomujyň boýy 1-1,5 gulaja ýetýär. Onuň iň derde haýyrlysy Garagumuň jümmüşinde bitýän görnüşidir. Çomuç gyzgyn çägede ösüp, tyllaýy Günden we gyzgyn howadan dem alyp ulalýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Çomujy gumuň, dermany emiň» diýip nygtapdyrlar. Çomuç, esasan-da, iç kesellerini bejermekde ulanylýar. Çomuçdan taýýarlanylýan toşabyň adam saglygyna peýdasy örän uludyr. Ol gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda dürli keselleri bejermekde giňden ulanylypdyr. Toşaby taýýarlamak üçin, köplenç, gum çomujy saýlanyp alnypdyr. Sebäbi gum çomujy özüniň süýjüligi bilen tapawutlanýar. Çomuç şiresi (toşaby) bal ýaly tagamly, goýy sargylt reňkde bolýar. Munuň üçin ene-mamalarymyz çomujy pes otda gaýnadyp, ajy, gara köpügini ýüzüne çykan badyna aýryp durupdyrlar. Ahyrynda toşap emele geliberende, sary köpük çykyp başlaýar. Edil gawun-garpyzdan taýýarlanylýan toşaplar ýaly, çomujyň toşabynam saryýaga garyp peýdalanypdyrlar. Oňa «alaçaly ýag» diýilýär. Ony taýýarlamak üçin deriden edilen ýag meşigi alyp, oňa saryýagy guýupdyrlar. Soňra toşaby üstüne salypdyrlar.

Gökpatlawuk

Her bir ýurduň syýahatçylyk ulgamynda onuň tebigy künjekleri we gadymy ýadygärlikleri uly ähmiýete eýedir. Olar özüne mahsus aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň çägindäki taryhy ýadygärlikler, tebigy täsinlikler dünýä jahankeşdeleriniň hem ünsüni çekýär. Şol täsin ýerleriň hatarynda günbatar Türkmenistanda ýerleşýän läbik wulkanlar-da bar. Diýarymyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän iň uly patlawuk «Gökpatlawukdyr». Ýylsaýyn ýokary galýan bu täsin läbik patlawugyň döreden konusa çalymdaş dagynyň esasy ýaýrawy 1,5 kilometre ýetýär. Patlawugyň beýikligi 70 metrden-de geçýär. Ol «Gaýnagdepe» läbik patlawugyndan 70 kilometre golaý demirgazykda, Hazar deňziniň kenaryndan 8 kilometr uzaklykdadyr. «Gökpatlawuk», Ekerem tarapdan seredeniňde, has täsin görünýär. Onuň hanasynyň içi bir görseň suwdan doldurylmadyk oýuk çukura meňzeýär, käte bolsa agzyna çenli läbikden dolup, ýokarsyndan çogup çykýan läbik patlawuga öwrülýär. Bu ýerdäki patlawuklaryň sanynyň ikidigi we olaryň iki gezek orunlaryny üýtgedendikleri geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy. Läbik patlawuga mahsus çökündi gatlaklaryň bardygy-da anyklanan ýagdaýdyr. Geçirilen barlaglar alymlara «Gökpatlawugyň» häzirki agzynyň golaýyndaky ilkinji gözbaşynyň birnäçe million ýyl mundan öň bolandygyny anyklamaga mümkinçilik beripdir. Öz ornuny üýtgeden hana häzirki wagtda «Gökpatlawugyň» depesini

Biler bolsaňyz!

Ýagyşdan soň reňksizlenýän gül

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Repetegiň sazaklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen tebigatynyň görküne görk goşýan Garagum sährasynyň özboluşly ösümlik dünýäsini öwrenmekde yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň hem özboluşly sähra meýdanyna mahsus ösümlikleri bar. «Repetek» döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garagumuň jümmüşinde ösüp ýetişýän gara sazakly tokaý meýdanlaryny goramak, ylmy esasda öwrenmek, dikeltmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen döredilen. Tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, deňiz derejesinden 180 — 220 metr beýiklikde ýerleşýär. Goraghananyň çäginde «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, Repetek Saharasy, «Demirgazyk jülge», «Günorta jülge», «Çarlak» tokaýlary ýaly birnäçe sazakly meýdanlar ýaýylyp ýatyr.

Köýtendag - täsin mekan

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024 sanynda) Köýtendag döwlet goraghanasy - Köýtendag döwlet goraghanasy 1986-njy ýylyň iýul aýynda döredilýär. Bu goraghana Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň iň gündogar künjünde ýerleşmek bilen 27 müň 139 gektar meýdany öz içine alýar. Onuň düzümine aýratyn çäkli goraghanalaryň 3-isi girýär. Olar Garlyk, Hojaýpil, Hojaburjy goraghanalarydyr. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň ekologiki ulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen juda seýrek duşýan burma şahly dag tekesini goramak bilen baglydyr.

Burma şahly täsin jandar

Ýurdumyzyň gündogar-günortasynda ýerleşýän Köýtendag barada aýtsak, onuň ady relýefiniň özüne mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol «kuhi» (pars) we «teň» (türki) sözlerinden gelip çykyp, «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Hakykatdan-da, bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanan. Olaryň iň uzyny Hojaçilgez babadyr (28 km). Has owadany Daraýydere bolup, onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerewşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk suwly dury çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 metr bolan täsin şaglawukly, şeýle hem eňňitleri kert darajyk Umbardere jülgesi görenleri haýran galdyrýar. Şeýle dag gerişlerini synlaýarkaňyz, owadan şahly jandara gözüňiz düşüp biler. Bu üýtgeşik jandar dag tekesi, ýagny umga diýlip atlandyrylýar. Burma şahly umgalar goşatoýnaklylar toparyna, gyn şahlylar maşgalasyna degişlidir. «Düýbünden ýitip barýan görnüş» derejesi berlenligi sebäpli, olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna (TGHB) hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna, şeýle hem ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýanyň (CITES) sanawyna girizilendir.

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşky gurşawy goramakdan, tebigata aýawly garamakdan, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamakdan, türkmen halkynyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»: «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak maksady bilen, ekinleri suwarmagyň döwrebap suw tygşytlaýjy usullary önümçilige yzygiderli ornaşdyrylar hem-de suwarmagyň öňden hereket edýän usullary kämilleşdiriler» diýlip kesgitlenen.

Alysdan gelen guşlar

Guşlar gabarasy, reňki, häsiýeti, mesgen tutýan ýerleri... boýunça dürli-dürli bolýarlar. Pasyllaryň üýtgemegi bilen guşlar uzak aralyklary geçip, özlerine howa we iýmit bilen bagly amatly ýerleri gözleýärler. Golaýda paýtagtymyz Aşgabadyň gündogaryndaky seýilgähleriň birinde ýapon sofora bagynda ellä golaý üýtgeşik guşy gördüm we ýuwaşlyk bilen olary sanly foto enjamymda surata düşürdim. Ýewraziýanyň we Amerikanyň demirgazyk tokaý zolaklaryndan gelip, gözel ülkämizde gyşlaýan guşlara sykylykçy diýýärler. Göwrümi sarlardan kiçiräk bolan bu owadan guşlaryň dünýäde dört görnüşi bar. Çalymtyk reňkli, guýrugynyň, ganatlarynyň ujy nagyşlanan dek owadan, hüpükli bu guşlaryň dyrnaklary egmek bolanlygy sebäpli, ýere seýrek gonýarlar. Şahalarda welin ussatlyk bilen sallanýarlar.

Tebigat — biziň öýümiz

HOWANYŇ HAPALANMAGYNYŇ ÝAŞAÝŞA TÄSIRI Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Tebigat

«Bereketli Garagum» — gözellik mekany Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak, ekologiýany gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan sebit we dünýä ähmiýetli işleri diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem halkara derejede-de giňden goldanylýar, ykrar edilmegine mynasyp bolýar. Geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalarynyň, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi.

Milli senenama

«Gyşy gyşsyramadygyň...» Halkymyzyň milli senenamasy boýunça kiçi çille 20 gün dowam edip, 17-nji ýanwardan 7-nji fewrala çenli aralygy öz içine alýar. Bu döwürde ýagan gar ýerde uzak wagt ýatýar. «Ak iner çökmese, boz maýa gaýmaz» diýilýär. Gar ýerde köp ýatsa, şüdügärlenen ýeri bozukdyrýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňýär, ony yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar. Gar güýzlük bugdaýy aýazdan goraýar. Garyň aşagynda ýatmak güýzlük bugdaý üçin gorkuly däl. Bugdaýly meýdanda gar eränsoň, onuň irbaharda ösüşi üýtgeşik bolýar. Ol gollaryny gerip, gününi sanap pajarlap ösüp başlaýar. Sebäbi onuň düýbünde ýeterlik yzgary bar.