Unaşyň dermanlyk häsiýeti
Unaş, bedenden bölünip çykýan der arkaly, kesel dörediji bölejikleri, alyş-çalyş hadysasy netijesinde emele gelen, beden üçin zerur bolmadyk galyndylary ep-esli derejede daşary çykarýan, ganaýlanyşygy çaltlandyrýan, damarlary giňeldýän tagamdyr. Unaşyň irki döwürlerden sökelliklerde dermanlyk hökmünde ulanylandygy mälimdir. Unaşyň düzümine girýän önümleriň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitabynda: «Elde taýýarlanan unaş hem berhiz naharlara degişlidir. Ony sowuklamada we dümewlemede iýýärler. Işdäniň ýok wagty gyzylburç goşulan unaş iýilýär. Bu nahar hem derlediji serişde hasaplanýar» diýlip bellenilýär.