Bilim özgertmeleri – döwrüň beýik ösüşleri
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň berk binýady, ösüşleriň esasy ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa milli bilim ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir» diýip belleýär. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyp ýaşlara berilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy barada mugallymlar bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligi gazetiň okyjylaryna ýetirýäris. — Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam ornaşdyrylyp, netijeli işler edilýär. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň beräýseňiz?