"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirilýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär. Bu bäsleşik «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamyna innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýeti

Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda sanly ulgam we döwrebap mümkinçilikler giň gerim bilen ösdürilýär. Şeýle mümkinçilikler bilim ulgamyna hem ornaşdyrylyp, täze usullar işlenip düzülýär. Bu usullar bolsa sapak guralanda netijeliligi bilen tapawutlanýar, okuwçylaryň alýan bilimlerini oňat özleşdirmeklerine ýardam edýär. Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmeklig

Özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan we oňyn özgertmelerinden ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekip, dünýä derejeli belent üstünlikleri gazanmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegine önjeýli goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, senagatda, gurluşyk pudagynda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sporty ösdürmekde, aragatnaşyk pudagynda, şeýle-de eziz Diýarymyzyň sebitlerini, obadyr şäherlerini gülledip ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, Arkadag şäherinde, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp ulanmaga berlen önümçilik desgalaryny, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dokma toplumlaryny, saglyk öýlerini, hassahanalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap mekdeplerdir çagalar baglaryny, medeni dynç alyş merkezlerini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen Konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin D

Ýeňijiler öňe saýlandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda halkara derejesinde dabaralardyr çäreler, dürli bäsleşikler, sergiler we festiwallar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň halklaryny medeniýetleriniň, däpleriniň, sungatlarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Öňňin paýtagtymyzyň «Aşgabat» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, türki dünýäsiniň düzme ýazmak ussatlygy boýunça we ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerine Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu halkara bäsleşikde ýaşlar özleriniň çeken suratlaryny, düzme ýazmakda başarnyklaryny görkezdiler. Biz bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmek Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak işlerine aýratyn üns berýäris. Mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmek, türkmen halk ertekileriniň we çagalaryň söýgüli gahrymanlarynyň üsti bilen hereketli oýunlary, bedenterbiýe maşklaryny giňden wagyz etmek esasy wezipeler bolup durýar. Bu babatda mekdebe taýýarlaýyş (uly topar) toparymda sözleýşi ösdürmek sapagy boýunça geçilýän temalaryň özleşdirilişine aýratyn üns berýärin. Ertekilerden bölekleri gürrüň bermek, erteki gahrymanlarynyň häsiýetleri barada çagalar bilen gyzykly pursatlary guraýarys. Çagalara türkmen halk ertekilerinden gürrüň berenimde, gahrymanlaryň keşplerine girýärin. Gahrymanlaryň nähili häsiýetdedigini olara düşündirýärin. Olara ýagşy-ýaman häsiýetleri saýgarmagy öwredýärin. Soňra olaryň özlerine ertekini gürrüň bermegi öwredýärin. Soraglar esasynda çagajyklar gürrüň berýärler. Olaryň biri beýlekisiniň sözüniň üstüni ýetirmegi başarýar. Çagalar ertekiniň gahrymanlarynyň häsiýetleri boýunça gowy häsiýetdäki gahrymanlary we ýaramaz häsiýetdäki gahrymanlary tapawutlandyryp bilýärler. Bu bolsa çagalaryň sözleýşine, gürrüň bermek endiginiň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Okuwçylara kompýuter bilen işlemegi öwretmek

Döwür bilen deň derejede gadam basmak üçin okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegini, okuwçylara öwredilýän bilimleriň döwrebaplygyny gazanmak zerurdyr. Munuň üçin her bir hünärmen dünýäniň bilim ulgamynyň ösüşlerinden, tehnologiýalardan habarly bolmalydyr. Umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna gelen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly şahsy kompýuterler sowgat berildi. Bu ajaýyp sowgat körpe neslimize kiçiliginden kompýuter sowatlylygyny öwretmek bilen baglanyşykly bolup durýar. Kompýuter işi mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilip başlanýar. Soňra başlangyç synplarda dowam etdirilýär. Kompýuter bilen çagalar höwesli işleýärler. Olara şekil döretmegi ýörite programmalaryň üsti bilen öwredýäris. Okuwçylara kompýuter bilen işlemegi düşündirmek ýönekeýden has düşnükli öwredilmegini talap edýär. Çaga kompýuter sowatlylygyny öwretmekde, tehnologiýany dolandyrmagy düşündirmekde olaryň her biri bilen ýekeleýin işlenilýär. Şeýle hem multimedia tagtasynda haýsy düwmeleri basanyňda nähili wezipäni ýerine ýetirýändigi barada okuwçylara görkezýärin. Soňra şol ýagdaýy okuwçylaryň özlerine ýeke-ýekeden gaýtaladýaryn. Olara «Word» we «PowerPoint» programmalary bilen işläp, hat ýazmagy we şekilleri ýerleşdirmegi öwredýärin.

Döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir» diýip belleýşi ýaly, häzirki zaman özgertmelerinde bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan giň gerimli çäreler eziz Diýarymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýolundan ynamly öňe barýan häzirki döwrümizde milli tejribelere eýerip, dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Orta bilimde innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň täze usullaryna daýanylýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy halkara bilim giňişliginde soňky gazanylanlara esaslanýan täzeçe işlemek mümkinçiliklerini döredýär. Bu bilim bermekde, dürli okuw sapaklaryny öwretmekde hem şeýledir. Okuw işinde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny kompýuter arkaly okuwlar guralanda ulanylýan dürli görkezmeleriň, audioýazgylar arkaly guralýan sapaklaryň ýokary netijeliligi hem aýdyň görkezýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar, matematika, fizika, geografiýa, taryh, himiýa, biologiýa ýaly okuw dersleridir iňlis, rus, nemes, arap, pars, hytaý, ýapon, hindi ýaly birnäçe diller öwredilýär. Bu ö

Ýurdumyzyň ylym ulgamy ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň ykdysady ösüşine işjeň goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym we tehnologiýa babatdaky üstünlikler, bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär.

Hünärleri kämilleşdirmäge gönükdirilen usuly-amaly okuwlar

«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara mekdepde okaýan döwründe dürli hünärleri öwretmegiň möhüm ähmiýeti bar. Olary durmuşa taýýarlamak, ýaşlaryň hünär ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek üçin ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň ХI-ХII synplarynda okaýan okuwçylara hünär ugurly dersleriň okadylýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Ýaşlary mekdepde okaýan döwründe hünäre ugrukdyrmagyň esasy maksady olara dürli hünärler barada zerur düşünjeleri bermekdir. Bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir pedagogyň esasy wezipesi ýaş nesli jemgyýete peýdaly zähmete taýýarlamakdan, onuň borçlaryna dogry düşünmegini we olary berjaý etmegi, zähmete aňly-düşünjeli çemeleşmegi we ony söýmegi öwretmekden ybaratdyr.

Türkmen ýaşlarynyň Indoneziýadaky üstünligi

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy, ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere uly üns berilýär. Döwlet ýaşlar syýasaty bu möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Ýaşlar bolsa özleri hakda edilýän alada mynasyp jogap bermek bilen, güýç-gaýratlaryny, bilimdir ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, watançylygyň, belent ynama ygrarlylygyň hakyky nusgasyny görkezýärler. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem mekdep okuwçylarymyzdyr talyplarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýeleýärler, türkmen tuguny belentde parladyp, köpüň berekellasyna mynasyp bolýarlar.

Hünäre söýgi — üstünlikleriň gözbaşy

“Eger gowy mugallym boljak bolsaň, onda öwredýän sapagyňy, mugallymçylyk käriňi we senden öwrenýän öwrenijileriňi jandan söýmeli” diýen dana müň keren mamla. Çünki kärini söýen, höwes bilen zähmet çekýän, işinde halallyga gol berýän adam durmuşda öz ornuny tapýar, üstünlikler oňa ýaran bolýar. Mugallymyň üstünligi bolsa onuň okuwçylarynyň bagtyýar adamlar bolup ýetişmekleridir. Öwrenmek we özleşdirmek bilen eýe bolan hünärlerinde alkyşa mynasyp bolmaklarydyr. Ykbalyň akabalarynda mugallymdan öwrenen tälimleriniň, nesihatlarynyň, özleşdiren biliminiň, alan tejribesiniň üsti bilen belent derejelere ýetmekleridir. Olaryň gözlegleriniň netijeleriniň üstünliklere beslenip, döredijilikli zähmetiniň miweleriniň mähriban Diýarymyzyň ösüşlerine goşant bolmagyny görmek buýsanjydyr. Mugallymçylyk hem ýaşlara ylym-bilim öwredýän kär, hem-de olaryň ilhalar, ata Watanymyza wepaly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmeginde ähmiýetini hiç döwür ýitirmejek iň wajyp kärdir. Mugallymçylyk käri ýaş nesillere göreldeli edep-terbiýäni, asylly ýörelgeleriň mazmunyny ýaýýan kärdir. Mugallymlar bar zehinini, başarnygyny, erjelligini, tejribesini kärine siňdirmegi başaran ýagdaýynda kämil şahsyýetler kemala gelýär. Dünýäde kär, hünär kän. Ýöne islendik hünäri, hünärmeni alanyňda hem, olaryň gözbaşynda şol hünäri ýaýbaňlandyrmak hem-de ony hünärmene öwretmek işinde mugallymçylyk käri, mugallymlaryň irginsi

Akyldaryň döredijiligini wagyz edip

12-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunda onlaýn görnüşde «Magtymguly Pyragy — asyrlaryň paýhasy» atly sebitara maslahat geçirildi. Ony ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde gurady. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerime eýe bolan şeýle halkara duşuşyklar Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasyna has çuň akyl ýetirmäge, şahyryň ynsanperwerlik, parahatçylyk, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny rowaçlandyrmak baradaky pikirlerini dünýäde wagyz etmäge bagyşlanýar.

Polşadaky olimpiadadan medallar çemeni

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, halkara bilim bäsleşiklerindäki üstünlikleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 7 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadada hem üstünlikli çykyş edip, oňat netijeleri görkezdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanly talyplar şahsy bäsleşikde 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç medala mynasyp boldular. Şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Balkan Jepbarow, Meňli Rahmedowa, Emir Wellekow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medine Ödäýewa, Nurmyrat Ataýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow altyn medala; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Söhbet Maksadow, Hajymuhammet Ataýew, Döwlet energetika institutynyň talyby Muhammet Annaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Batyr Öwezmyradow, Muhabbat Zafarjanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Döwletgeldi Esenow, Daniýar Emirkulyýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institu

Hormata mynasyp ata-eneler burçy

Ähli ata-eneler öz çagalaryny bilimli, edepli, Watana, il-halka gerekli adam edip ýetişdirmek isleýär. Şolaryň ugrunda gije-gündiz arman, ýadaman zähmet çekýär. Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde hem bu babatda degişli işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, orta mekdeplerde täze döredilen «Hormata mynasyp ata-eneler» burçy bar. Bu mekdep burçy ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäherde hereket edip başlady.

Merdanalygyň milli mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýaş nesilleriň sagdyn we ruhubelent ösmegi, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleri has-da kämilleşdirmekde, jemgyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan harby bilim ulgamyna-da aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri ýurt goragçylaryny ýetişdirmegiň, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik we gahrymançylyk ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmegiň mekdebidir. Bu mekdep bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, üns-aladasy, dowamly goldawy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iň kämil watançylyk mekdebine öwrüldi. Merdanalygy ýol-ýörelge edinýän Watan goragçylarymyz harby gullugy uly ruhubelentlikde alyp barýarlar. Kalby synmaz watansöýüjilige, merdanalyga eýlenen milli goşunymyzyň serkerdeleri öz gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, Watan goragyny ähli zatdan belentde saýýan kämil harby gullukçylary taýýarlaýarlar.

Ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa ýaş türkmenistanlylaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan höweslerini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň degişli ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk saklamagy bolsa, milli bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär. Ösüşleriň belent ýollaryndan öňe barýan ata Watanymyzyň, edil ylym-bilim ulgamynda bolşy ýaly, halkara ykdysady we medeni gatnaşyklary hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen saklanylýan şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlyklarda bolsa, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär we onuň netijesinde dünýä dillerini suwara bilýän ýaş nesiller kemala gelýär.

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2025/2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. 2. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haky we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

Bilim binýadynyň kämilligi

Türkmen halky ylma-bilime edep-terbiýäniň açary, eşretli durmuşyň gözbaşy hökmünde aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle bolansoň, ylmy-bilimi, düşünjedir paýhasy asudalygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine gönükdirmek biziň halkymyzyň durmuş kadasyna, milli ruhuna mahsus häsiýetdir. Ylym-bilim Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän kuwwatly binýatdyr. Şoňa görä-de, biz — bagtyýar ýaşlar beýik maksada — demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermäge gönükdirilen milli maksatnamalarymyza, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim özgertmelerimize gowy okamak, döretmek, döredijilikli zähmet çekmek, düýpli we amaly taslamalary amala aşyrmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrys. Has dogrusy, okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek, ähli gujur-gaýratymyzy, alan bilimimizi, yhlasly zähmetimizi berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky işlerde amal etmek biziň perzentlik borjumyzdyr. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz taryhymyzyň uzak döwürlerinden bäri agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk, lebzihalallyk ýaly ajaýyp sypatlaryny özlerinde jemläp, ylym-bilim basgançaklarynyň belentliklerine sary ýokary hünär taýýarlygy, kämil düşün

Geljege iň uly serpaý

Sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz duran tagallalaryň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamy ýyldyrym çaltlygyndaky ösüşlere eýe bolýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň jemlerine we öňde duran wezipelere bagyşlanyp geçirilen mejlisi hem tassyklaýar. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimize habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplar halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallaryň 813-sini gazandylar. Munuň özi iňňän guwandyryjy netijedir, şol bir wagtyň özünde-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaş nesle bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak babatynda edilýän aladalaryň aýdyň miwesidir.

Körpeler we kompýuter

Ylmyň, tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde kompýuterler ynsan durmuşyna ymykly ornaşýar. Häzirki wagtda her bir maşgalada kompýuter bolup, ol hut telewizor ýa-da telefon ýaly adaty enjam hökmünde ulanylýar. Käbir ata-eneler çagalarynyň eýýäm 3-4 ýaşlarynda kompýuteriň düwmelerine ussatlyk bilen basyp, oňa erk edýändiklerini görenlerinde, buýsançly duýgulary başdan geçirýärler. Emma kompýuterden peýdalanmagyň hem öz kada-düzgünleri, şertleri bar. Şolar berjaý edilmese, ýaş çaganyň saglygyna zeper ýetmegi mümkin. Mysal üçin, kompýuter sebäpli skolioz, görejiň ýaramazlaşmagy we semizlik ýaly näsazlyklar ýüze çykyp biler. Ýöne kompýuteriň zyýany diňe onuň nädogry ulanylmagy zerarly ýüze çykýar. Öýlerde ata-eneler muňa ýol bermeli däldirler. Çagany kompýuteriň täsirlerinden gorap, doly derejede howpsuz we peýdaly kömekçä öwrüp, zyýanlaryndan goramak olara bagly bolup durýar. Munuň üçin bolsa şu şertleri berjaý etmeli: Çaga üçin kompýuter ulanmagyň ýaşyny anyklamaly