"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Geljek ynamly gollarda

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň röwşen geljegine gönükdirilendir. Çünki ak ertirleriň bagtyýarlyga we rowaçlyklara beslenmegi şu günki ýaşlara baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, döwletimiz, onuň geljegi bilen ýaş nesliň ykbalynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlar meselesiniň döwlet derejesinde üstünlikli çözülmegi üçin berk kanunçylyk binýady döredildi. Ähli kanunçylyk namalary bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi bolup çykyş edýär. Bagt Kanunymyzyň esasynda işlenilip düzülen we kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn orunda durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýerlikli belleýşi ýaly, bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmaklaryny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, telekeç

Sanly ulgam — ygtybarly ösüş

Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak, şonuň bilen birlikde, durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanylany bäri, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ösüşi üpjün edilýär, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna hemme mümkinçilikler açylýar.

Döwrüň möhüm talaby

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň ökde hünärmenler, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin düzgünnamalar täzelenilip, rejelenen görnüşde kabul edildi. Şu nukdaýnazardan hem talyplara berilýän sapaklar döwrebap, netijeli ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen tehnologiýalaryň, ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýokary isleg bildirilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleriň öndürilişini artdyrmaga ýardam edýär. Bu gün iň täze tehnologiýalaryň esasynda öndürilen ýokary hilli önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Innowasion sanly ykdysadyýetde emeli aň

Häzirki ylym we sanly tehnologiýalar eýýamynda Türkmenistanda innowasiýalara, ylmy çemeleşmelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýany we işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de maglumat tehnologiýalar babatynda ösdürmek, ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmak we döwrebap innowasiýalary, sanly maglumat tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe dünýä ýüzünde adamzat durmuşyna iň soňky tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy ertirki günümizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilikleri döredýär. Ýeri gelende bellesek, ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw sapary» atly maksatnamasy bilen «Halkara ösüş baradaky agentliginiň», «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy tarapyndan, «Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar» atly okuw sapary gurnaldy. Bu okuw saparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri, mugallymlary we magistrleri taýýarlamak okuwynyň talyplary hem gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda nobatdaky saparynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda bilelikdäki işde gazanylan üstünliklere syn berip, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, sanly we kiberhowpsu

«Google» Afrikany Awstraliýa bilen birikdirjek täze aragatnaşyk ulgamyny gurar

Google» Afrika we Awstraliýa yklymlaryny gönüden-göni birleşdirjek «Umoja» süýümli optiki aragatnaşyk ulgamyny gurýar. «Bloomberg» munuň dünýäniň iň az çetki künjeklerinde hem aragatnaşygyň gowulaşmagyna ýardam etjekdigini habar berdi. «Umoja» «Google» kompaniýasynyň Afrikany Ýewropa bilen birleşdirýän «Equiano» sanly torlarynyň üstüni ýetirer. Täze aragatnaşyk ulgamy ummandan Awstraliýa geçmezden ozal, Uganda, Ruanda, Kongo, Zambiýa, Zimbabwe, Günorta Afrika hem-de Keniýa ýaly ýurtlaryň çäginden geçer. Bu taslama beýleki ýurtlara täze aragatnaşyk infrastrukturasyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän giriş nokatlaryny öz içine almak bilen Afrikanyň ähli ýerlerinde ulanyljak bitewi bir ulgamy emele getirer.

Ýaşlar hünärlere ugrukdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara dürli ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi okuwa kabul edilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi hem hünär öwrenmäge isleg bildirýän ýaşlaryň höwes bilen okaýan bilim ojagydyr. Bu ýerde, esasan-da, dokma, himiýa, gurluşyk senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalar hem-de maliýe-ykdysady ulgamlar üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Mekdepde jemi on bir ugur boýunça hünär öwredilýär. Şu bilim ojagynda gerekli hünärleri öwrenen ýaşlar önümçilik kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýärler. Hususan-da, ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mekdebiň uçurymlary göreldeli işleýärler.

Ýaş alymyň üstünlikleri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynyň müdiri Emir Allanurow «Günbatar Türkmenistanyň känleriniň nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek» atly ýazan ylmy dissertasiýa işini gorap, tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. Bu dissertasiýa işine Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahmanguly Esedulaýew ylmy ýolbaşçylyk etdi. Nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, olaryň durnukly iş düzgünini saklamak hem-de özleşdirmegiň ahyrky döwründe ulanylýan känlerde guýularyň abatlaýyş işlerini geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary önümçilige hödürlemek ylmy işiň esasy maksady bolup durýar.

Ylym­syz öý — ot­suz ojak

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň baştutanly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy hal­kyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­dyr. Bu asyl­ly mak­sa­da ýet­mek­de jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şy­nyň tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ma­gy­na, mu­nuň üçin bol­sa ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne uly orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ul­ga­my­nyň me­se­le­le­ri­ne döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li üns be­ril­mek bi­len, giň göz­ýe­tim­li, tä­ze­çe pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na dü­şün­ýän, in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge go­şant go­şup bil­ýän ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Hut şol se­bäp­li hem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ylym-bi­lim ul­ga­my­ny dur­muş yk­dy­sa­dy ösü­şe kuw­wat­ly iter­gi ber­ýän, jem­gy­ýe­ti ös­dür­ýän dö­re­di­ji güýç hök­mün­de uly ala­da bi­len gur­şap al­ýar.

Ruhy baýlygyň ojagy

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana işine uly üns berýär. Şeýle uly aladalaryň netijesinde kitaphana ulgamy has-da kämilleşdirildi. Welaýat merkezlerinde dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen kitaphanalar halkymyzyň hyzmatynda. Indi sekiz ýyl bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy ýola goýlan. Kitaphanalarymyza gelýän kitaplary okyjylaryň aýawly saklamagyny gazanmak, şonuň bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy baýlygyny, taryhyny, medeniýetini öwrenmek, olar baradaky anyk maglumatlary halka ýetirmek, aýratynam ýaş nesillere geçirmek biziň — kitaphanaçylaryň borjy bolup durýar. Kitaphana tekjelerimiziň bezegi bolan edebiýatlaryň, ylmy eserleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan döreýän ajaýyp kitaplaryny görkezmek ýakymlydyr. Şu günler hem hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri okyjylarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetiniň aýratynlyklary anyk maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetindäki ösüşi giňişleýin açylyp görkezilýär. Bu bolsa şöhratly taryhymyza, medeni gymmatlyklarymyza, ruhy-ahlak ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Biz bu ajaýyp eser esasynda mas

Miweli baglaryň ýazky idegi

Güneşe baý Diýarymyzda ezber bagbanlarymyz tarapyndan öndürilýän miweler tagamlylygy, süýjüligi we hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Miweli baglardan bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi zerur hasaplanylýar. Aýratyn hem baglarda agrotehniki çäreler, ideg işleri kadaly ýerine ýetirilende, olar gysga döwürde hasyla durýarlar we oňat hasyl berýärler. Munuň üçin oturdylýan nahallaryň gowy hilli bolmagy zerur.

Magtymgulynyň şygryýetinde ylmy garaýyşlar

Magtymguly Pyragynyň şygyr älemine aralaşsaň, onuň, hakykatdan-da, umman ýaly giňdigine, many-mazmun taýdan baýdygyna göz ýetirýärsiň. Bu ýagdaýy şahyryň şygyrlarynyň köp sanly ylmy maglumatlary özünde jemleýändigi bilen hem düşündirmek bolar. Magtymguly Pyragynyň asman jisimleri baradaky aýdanlarynyň hem häzirki zaman ylmy üçin uly gyzyklanma döredýändigini bellemelidiris. Mysal üçin, şahyryň:

Geologik maglumatlaryň gaýtadan barlanmagynyň wajyplygy

Geologiýa-barlag işleriniň gözleg we barlag tapgyrlarynda seýsmiki-barlag işleriň esasynda taýýarlanan meýdançalarda geçirilýän gözleg gazuwy netijesinde senagat taýdan ähmiýetli uglewodorod akymlary alnyp, nebitgazly känler ýüze çykarylýar, her bir ýatagyň beýikligi, ýaýraýyş meýdany, görnüşi, kollektor-gatlaklaryň sygym-syzdyryjylyk alamatlary we başga ölçegler kesgitlenilýär, ýataklaryň uglewodorod gorlaryna baha berilýär. Işläp geçmeklige taýýarlanylanda, kän boýunça bar bolan geologik maglumatlar, balansda duran gorlar barlagdan geçirilýär. Ýataklaryň ölçegleri hemmetaraplaýyn jikme-jik öwrenilip, gorlaryň hasaplanyşynda ulanylýan kollektor-gatlaklaryň fiziki alamatlary has çuňňur derňew edilýär. Zerurlyk çykan ýagdaýynda, baha beriş guýularyň gazylmagy arkaly kollektor-gatlaklaryň doýgunlylygy barlanylýar, ýataklaryň modelleri takyklanylýar. Bu derňew işleriniň ahyrynda käniň özleşdirilişe taýýarlanmagy bilen bilelikde goşmaça ähmiýetli netijeleri hem gazanyp bolýar. Mysal üçin, Merkezi Garagum gümmeziniň günortasynda ýerleşýän Gurruk, Günorta Gurruk, Tamdyrly, Atabaý, Çaşgyn, Sakarçäge känleri boýunça bar bolan geologik maglumatlary, hasaba alnan uglewodorod gorlary Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan jikme-jik öwrenilip, känleriň gorlaryny hasaplamakda

Biotehnologiýa boýunça täze maksatnama

Türkmenistanda ösen biosenagaty döretmegi nazarlaýar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde möhüm ädime öwrüldi. Täze Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Şu mynasybetli 11-nji maýda geçirilen hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda-da bellenilişi ýaly, bu resminamada biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Göwni garagumda, yşky ylymda

Ýer ýüzünde onuň aýak yzy galmadyk çöl ýok. Käbirlerine bolsa bir däl, birnäçe gezek hem baryp, olaryň tebigy aýratynlyklaryny ylmy esasda içgin öwrenipdi. Basaňda aýagyň çümüp gidýän gyzgyn çägeli depelerden aşyp öwrenen, özleşdiren maglumatlary asyrlar aşsa-da könelmejek, gymmatyny ýitirmejek kitaplara, ylmy makalalara öwrülip, gyzgyny bilen okyjylara gowşupdy. Şeýdip, kä howur-epgekli, käte bolsa sowuk-aýazly günlerde, dürli yklymlaryň goýnunda ýörelen ýollar, toplanylan tejribeler ony belli alym hökmünde bütin dünýä tanatdy. Türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan bu alymyň adyny eşitmedik ýok diýen ýaly. Ol — geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, halkara baýraklaryň eýesi, akademik Agajan Geldiýewiç Babaýew. Ykbalyny ylma baglan alym çölleri öwrenmek bilen baglylykda, dünýäniň ençeme ýurdunda iş saparlarynda bolýar. Owal-ahyr türkmeniň ýaşaýyş sallançagyna deňelýän Garagum bolsa onuň üçin has eziz, has mähriban! Çünki Garagum onuň üçin hazynaly huma barabar. Alymyň ylym ýolunyň ilkinji ädimleri-de hut şu ýerden başlanypdy. Garagumda ýadaman-ýaltanman ýörelen ýollar soňra dünýäniň dürli künjeklerindäki Gyzylgum, Tar, Sahara, Gobi, Atakama, Takla-Makan ýaly çöllere çenli uzapdy...

Ruhy baýlygyň çeşmesi

Halkymyz kitaba uly hormat goýýar, onuň gadyr-gymmatyna oňat göz ýetirýär. Kitap ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Şol hazynanyň açaryny ele almagyň zerurdygy, onuň adamlaryň durmuşyndaky ähmiýeti barada dürli döwürlerde ýaşap geçen danalarymyz, akyldarlarymyz gyzyla gaplaýmaly setirlerini nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Belli türkmen alymy Zamahşary «Ylym pikirlenmekdir» diýipdir. Orta asyryň alym ussatlarynyň biri Fahreddin er-Razy başga iş bilen meşgul bolýan wagtynda-da, kitap okapdyr. Öýünden medresä barýança hem, kitap okapdyr. Ol wagtynyň aglaba bölegini kitap okamaga sarp edipdir» diýen setirler bar. Munuň özi kitabyň durmuşda näderejede ähmiýetlidigini, gymmatlydygyny görkezýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda halkymyzda, şol sanda ýaşlarda kitap okamaga, onuň many-mazmunyna dogry düşünmäge bolan isleg we höwes has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen kitaphana işi hem özgerýär, ösýär. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda ruhy baýlygyň çeşmesi bolan kitaplar geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklanýar. Häzirki wagtda döwletimizde kitaphana işini has-da kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň maglumat-tehnologiýa mümkinçilikleri yzygiderli kämilleşdirilýär.  

Alymyň halypalyk mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini gorap saklamak, ony geljekki nesillere tebigy durkunda we has baýlaşdyryp, miras goýmak barada uly tagallalar edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Şol ugurda birnäçe işleri alyp baran kinologiýa ylmyndan hem uly işleri bitiren Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri, belli alym, mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň hormatly halypasy, bütin manyly ömrüni mukaddes ata Watana, ylym-bilime bagyş eden zoolog-ornitolog, kinolog we ekolog, alym Öwez Sopyýewdir. Alym mugallym Öwez Sopyýewiň ylmy işleriniň netijeleri ýörite monografiýalarda, ylmy maglumatnamalarda, dissertasiýa işlerinde, ensiklopediýalarda, okuw kitaplarynda, şeýle hem tebigaty goramak boýunça başlangyçlary teleýaýlymlarda taýýarlanylýan gepleşiklerde, kitaplarda giňden ulanylýar. Alym mugallymyň maslahaty bilen Türkmenistanyň tebigaty we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berýän gysga söhbetli kinofilmler döredilendir. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda hünärmenleriň ençemesi kandidatlyk dissertasiýasyny goradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Milli kinologiýamyzyň ösüşinde uly işleri durmuşa geçiren belli alym, ornitolog Öwez Sopyýewiň we ýurdumyzyň tebigatyny goramakda

Innowasiýalar — ösüşiň kepili

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde innowasiýalardan peýdalanmak bilen, häzirki zaman ylmy usullary arkaly ýurdumyzda innowasion ösüşiň ilerledilmegine gönükdirilen täze tehnologiýalary işläp düzmek babatda ylmy-barlag, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, ýerli çig mallar esasynda importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek babatda tejribe-barlag işleri geçirilýär. Geçen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Tehnologiýalar merkeziniň köpugurly, döwrebap barlaghanalarynda döwlet maksatnamalaryna laýyklykda giň gerimli işler alnyp baryldy. Aýratyn-da, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda magniý oksidinden ýokary temperatura durnukly magneziýa briketlerini almak, biotehnologiýanyň usullary arkaly nebitşlamly topraklary arassalamak, ýerli dermanlyk ösümliklerden biologik işjeň maddalary bölüp almak, alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyryp, ikilenç serişdeleri peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek, topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek ýaly ylmy barlaglar ýerine ýetirildi.

III Açyk halkara internet olimpiadasy açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, talyp ýaşlaryň döwlet, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegini gazanmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Düýn 6-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden, daşary ýurtlaryň 15-inden ýokary okuw mekdepleriniň 66-yndan talyp ýaşlar gatnaşýar. Bu halkara internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn görnüşinde geçirilip, şu ýylyň maý aýynyň 6 — 11-i aralygynda dowam eder.

Žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty

1 — 3-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem-de žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksady degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň žurnalistika hünärinden bilimlerini artdyrmak bolup durýar. Şeýle-de häzirki zaman şertlerinde žurnalistika bilimine we žurnalistlere bildirilýän esasy talaplar boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Ylmy gözlegleri işjeňleşdirmek — döwrüň talaby

Häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işleri hem bu ugurdaky tagallalara goşantdyr. Merkezde ygtyýarnamalar esasynda ýerine ýetirilýän iş görnüşlerinden daşgary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdeplerinde işlenip düzülen ylmy taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny giňeltmek maksady bilen, onlarça ylmy-barlag, ylmy-gözleg, taslama işleri alnyp barylýar.