"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym-bilim — ösüşlerimiziň özeni

Bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrýan giň gerimli tutumlaryň esasy maksady ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň bilim almaga elýeterliligini üpjün etmekden hem-de bu babatda öz tebigy başarnygyny ýüze çykarmagy üçin zerur bolan şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksada ýetmekde bilim özgertmelerinde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr okuw enjamlaryna, milli tejribeler bilen dünýä tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna ýakyndan ýardam edýär. Bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä ylmynyň gazananlaryna esaslanýar. Bilim berlişiniň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzeliklerini, bu ugurdaky oňyn tejribeleri giňden ornaşdyrmak tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde ýurdumyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri biziň — ýaşlaryň hyzmatynda.

Kitap — paýhas ummany

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, welaýat kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Kitap — paýhas ummany» ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden, Arkadagly Serdarymyzyň bagtyýar ýaşlar baradaky aýdan sözlerinden mysallary getirdiler, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi boýunça gürrüň etdiler hem-de şahyryň goşgularyny ýatdan aýtdylar. Kitap okamaga höwesli ýaş okyjylarymyzyň ýüze çykmagyna itergi beren bäsleşigiň ýeňijileri baýraklar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Önümiň hili idege bagly

Ýurdumyzyň pile öndürijilerine piläniň ýokary hasylyny almak maksady bilen, yzygiderli zerur önümçilik şertleri döredilýär. Ýüpekçi kärendeçilere döwrebap zähmet çekmek üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde dokma senagatyna zerur çig mal bolup hyzmat edýän piläniň önümçiligi ýylsaýyn ýokarlanýar. Ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmit çeşmesi bolan tut agajynyň ýapragynyň üpjünçiligini gazanmak, ýagny ýüpek gurçuklarynyň iýmit goruny döretmek maksady bilen, ýurdumyzda tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle-de tut agaçlarynyň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlary ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ylmy esasda ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak babatynda hem möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde hem bu ugurda öndürijilikli zähmet çekjek ýaş ýüpekçi hünärmenler taýýarlanylýar. Talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimleri önümçilik işleri bilen utgaşykly ýagdaýda alnyp barylýar. Uniwersitetiň agroekologiýa fakultetiniň ýüpekçilik hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary ýokary okuw mekdebiniň çäginde ýerleşýän ýüpekçilik tejribehanasynda ýüpek gurçuklarynyň tohumlarynyň janlandyrylýan döwründen başlap, pile sarym döwrüne çenli aralykda alnyp barylýan işleri professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ylmy nukdaýnazardan öwrenýärler.

Türkmeniň ylym ägirdi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini derňän ýokary derejeli alym, diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem daşary döwletlerde-de ylmy abraýy ykrar edilen edebiýatçy alym Baýmuhammet Garryýew edebi mirasymyzy içgin öwrenip, ony ile ýaýmakda uly iş bitiren meşhur alymlaryň biridir. Onuň halkymyzyň asyrlarboýy toplan edebi mirasyny öwrenip, ony halkymyza ýetirmekde bitiren işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň döreden edebi mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan folklor eserlerini ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplap, ýazga geçiren nusgawy edebiýatymyzyň halkdan ýazyp alan eserlerini kätiplerdir hatdatlaryň ýazan golýazmalaryndan göçürip, düşnükli bolar ýaly täze ýazuwda türkmen halkyna ýetirmekde uly işleri bitiripdir.

Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Robototehnika ― 2023» atly taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige orta mekdepleriň okuwçylary robot tehnikasyna degişli taslamalaryny hödürlediler. Has takygy, bäsleşikde taslamalaryň 35-sine baha berildi.

GALYNDY DUZLARDAN ZYÝANSYZLANDYRYJY ÖNÜME ÇENLI

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Batyr Atdaýew ylmy gözlegleri geçirip, Garlyk kaliý dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynda galyndy bolup galýan duzlardan zyýansyzlandyryjy serişdäni öndürip boljakdygyny subut etdi. Ýer ýüzünde bakteriýalara garşy sabynlaryň ýüzlerçe görnüşi bar. Sabynyň şeýle görnüşini taýýarlamakda esasy ulanylýan düzüm bölekleri triklozan bilen triklokarbandyr. Ýaş alym Türkmenistanda (megerem, dünýäde) ilkinji bolup, adaty sabyna bakteriýalara garşy durýan häsiýeti bermek üçin erik ýapragyndan peýdalandy.

Ylym — önümçilige

Gün fotoelektrik desgalarynyň energiýa ölçegleri Ýangyç-energetika serişdeleriniň oýlanyşykly sarp edilmegi ählumumy dünýä meseleleriniň biri bolup durýar. Onuň üstünlikli çözülmegi diňe bir dünýä bileleşiginiň mundan beýläk-de ösmegi üçin däl, eýsem, biosferany gorap saklamak üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanýan täze energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bu meseläni çözmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar.

Geografiýa hepdeligi

Ýaş nesliň bilimleri ezber ele almagyny, zehinli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, okuwçylarda geografiýa dersine höwes döretmek maksady bilen, mekdebimizde geografiýa hepdeligini geçirdik. Oňa şäherdäki mekdeplerden mugallymlar, ene-atalar myhman hökmünde çagyryldy. Bir hepdäniň dowamynda mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda guralan dürli mazmunly çäreler özboluşlylygy bilen tapawutlandy. «Döwletlere syýahat» atly bäsleşigimiz has-da gyzykly boldy. Onda mekdep okuwçylary dünýäniň ençeme döwletlerine gaýybana syýahat etdiler. Olar bijesine düşen döwletleriň milli aýratynlyklaryny açyp görkezdiler: şol ýerde ýaşaýan halkyň dilinde salamlaşdylar, gürrüň berdiler, milli egin-eşiginde aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler, dürli tagamlary taýýarladylar. Şeýle-de ýurtlaryň döwlet nyşanlarynyň hem-de gözel ýerleriniň suratlaryny çekdiler. Bu şertde dünýä döwletleri barada maglumatlar toplamakda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy. Dünýä dillerinde sorag-jogap alşyldy. Çärede sport oýunlaryna hem giň gerim berildi. Gyzykly geçen hepdeligiň dowamynda çagalar ýaş nesliň ylymly-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi barada uly alada edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Kitaphana ulgamy ösüş ýolunda

Milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphanalar ulgamynda ösüşleriň, özgertmeleriň bolup geçýändigi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphanalar işe girizildi, olaryň  gaznalarynda saklanylýan neşirler barada ýeke-täk maglumat binýady, ýagny bitewi elektron katalogy döredildi, kitaphanalaryň arasyndaky maglumat alyş-çalyş işi ýola goýuldy. Häzirki wagtda kitaplar elektron görnüşde elýeterli bolup, kompýuterleriň hem-de ykjam telefonlaryň üsti bilen gerekli neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Munuň özi okyja gerekli maglumaty çalt tapmaga, wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bitewi elektron kitaphana ulgamy ýurdumyzyň kitaphanalaryny halkara giňişlige çykarmakda hem-de dünýäniň ösen kitaphana ulgamy bilen utgaşdyrylyp, okyjylar üçin maglumatlary elýeterli etmekde, degişli edebiýatlary tiz we netijeli gözläp tapmakda örän uly ähmiýete eýedir. Biziň şäher merkezi kitaphanamyzda hem bu işler talabalaýyk alnyp barylýar. Kitaphanamyzyň hazynasynda kitaplaryň müňlerçesi bolup, olaryň üsti täze neşirler bilen yzygiderli doldurylýar we okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirilýär. Kitaphanaçylarymyz kitaphana hazynasyny elektron katalogyna geçirmek, okyjylara hyzmat etmek işini yzygiderli ýola goýdular. Dürli kitaplaryň elektron gory döredilip, okyjylaryň olardan netijeli peýdalanmagyna mümkinçilikler berilýär. Kitaphanamyzda seýrek duş

Ylym ýolunyň ýaş ýolagçylary

Mälim bolşy ýaly, 24 — 28-nji aprel aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen III Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2023) jemi jemlendi. Ýokary derejede geçirilen bu halkara olimpiada Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen halkara olimpiadada zehinli we başarjaň ýaşlaryň birnäçesi altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Gazetimiziň şu sanynda ýeňiş gazanan türkmen hem-de daşary ýurtly talyplaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Çagalar dünýäsiniň ylmy täzelikleri

Ylym ýa-da ylmy açyşlar diňe bir alymlary ýa-da uly adamlary gyzyklandyrmaýar. Eýsem, häzirki wagtda çagalaryň dünýäsi bilen baglanyşykly ylmy açyşlar hem bolup dur. «Nowça» sahypamyzyň üsti bilen şol ylmy täzelikleriň käbirleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Ozon gatlagyny goramagyň derwaýyslygy

Ýer planetasynyň daşyny gurşap alan, gazlardan durýan gatlaga atmosfera diýilýär. Ol tratosfera, stratosfera, mezosfera, ionosfera, ekzosfera diýen gatlaklara bölünýär. Stratosfera bilen mezosferanyň möhüm düzüm bölegi ozondyr. Onuň mukdary 25-30 kilometr belentlikde has köpdir. Atmosferadaky gazlaryň göwrümi boýunça 2.10-7 göterimi, massasy boýunça 3,3.10-6 göterimi ozona degişlidir. Eger-de, ähli ozony 1 atmosfera basyşynda ýygnap bolsa, onda ol bary-ýogy 1,7 — 4 millimetr galyňlykdaky gatlagy emele getirer.

Ösümlikden sement öndürildi

Daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak ugrundaky global tendensiýa gurluşyk pudagyna hem täsir etdi. Bu ugurda nemes alymlary Nigeriýadaky kärdeşleri bilen bilelikde ösümliklerden sement öndürdiler. Sement öndürmek üçin ylmy-barlag topary belli bir gyzgynlykda ýanýan manioka ösümliginiň gabygyny ulandylar. «Ösümligi ýakmak arkaly alnan külden häsiýeti boýunça semente meňzeş önümiň üstünde işleýäris. Ony adaty sementiň ýerine birleşdiriji madda hökmünde ulanmak bolar» diýip, Wolfram Şmidt adyndaky serişdeleriň synagy we barlag Federal institutynyň inžener-gurluşykçysy belläp geçýär.

Türkmenistan — üzümçiligiň gadymy mekany

Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary uly depgin bilen öňe ilerleýär. Şeýle ugurlaryň biri-de oba hojalygydyr. Ýer eýelerine, azyk önümlerini öndürýän telekeçilere döredip berilýän mümkinçilikler Türkmenistanyň daşary söwdasynda oba hojalyk önümleriniň eksportynyň yzygiderli artmagyna getirýär. Soňky ýyllarda pudakda gazanylýan ýokary netijeler, bu ugurda bar bolan mümkinçilikler türkmen telekeçilerini täze-täze gözleglere ruhlandyrýar. Olar üzümçiligi ösdürmeklige-de möhüm ähmiýet berýärler. Üzüm — girdejili önüm. Akademik Nikolaý Wawilow Türkmenistany üzümçiligiň dördünji gadymy medeni ojagy diýip atlandyrýar. Köpetdagyň eteklerinde, Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda üzümiň ýabany görnüşde ösmegi-de bu aýdylanlaryň hakykatdygyna şaýatlyk edýär.

Ýeriň «demini» diňlän

Ol — geolog alym, hormatly mugallym, zehinli suratkeş, taslamaçy heýkeltaraş hem erjel daga dyrmaşyjy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň mugallymy, geologiýa we mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin diýseň, ony ýurdumyzyň we goňşy döwletleriň ylmy wekilleriniň arasynda tanamaýan ýok diýen ýaly. Ömür saly togsana golaýlaberen bolsa-da, onuň hortap bedenli sadadan geýnen keşbinde öwrenmekden, agtarmakdan, gözlemekden irmek-ýadamak duýulmaýar. Amal eden işleri, ylmy täzelikleri, ýazan makalalarydyr monografiýalary, suratkeşlik, taslama eserleri barada pikir etseň, halypa mugallyma «türkmen geologiýasynyň we tebigaty öwreniş ylmynyň da Winçisi» diýse boljak. Halypa mugallym ömrüniň esli bölegini türkmen geologiýasynyň anyk hem özboluşly taryhyny şöhlelendirýän muzeýi döretmäge, onuň işini alyp barmaga bagyşlady. Aslynda, «Watan» diýlen topragyň üsti-astynyň «ýüpünden iňňesine çenli» tabyna, geçmişine geologyň nazary bilen düşünmek oňa ähli hünärleriň başy bolup göründi.

Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde Lu Ban ussahanasy dörediler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Hytaýyň Týanszin bilim edarasy tarapyndan esaslandyrylan Lu Ban ussahanasyny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Oňa uniwersitetiň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň, onuň Türkmenistandaky «Internasional Ltd» şahamçasynyň, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly Sian nebit we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda uniwersitetde Lu Ban ussahanasyny açmagyň anyk wezipeleri, onuň häzirki zaman tejribehana enjamlary üçin talabalaýyk okuw binasy, geçiriljek okuw-tejribe sapaklarynyň hünär ugurlary, okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw dersleri, okuw-tejribe enjamlary we hünärmenler bilen üpjünçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady hem-de uniwersitetde alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de maslahatyň dowamynda Lu Ban ussahanasy boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek we özara düşünişmek hakynda Ähtnama bagl

Talyplar ― rus dili bäsleşiginiň ýeňijileri

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň ikisi rus dili boýunça geçirilen «Dil baýlygy ― il baýlygy» atly II milli olimpiadanyň öňdäki orunlaryna eýe boldular. Has takygy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçirilen bilim bäsleşiginde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby Altynjemal Sylabowa zehinli deň-duşlarynyň sekizisi bilen bilelikde birinji orny eýeledi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Enegül Abdullaýewa hem öňdäkileriň üçlügine girmegi başardy.

Kitap — bilimleriň çeşmesi

Durmuşymyza täze kompýuter tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň giňden aralaşmagy bilen dürli maglumatlary bilmegiň usullary barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalaryň barha kämilleşýän we olaryň hemmelere elýeterli döwri bolan häzirki wagtda ýaş nesillerimizde kitap okamaklyga söýgini terbiýelemek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Kitap okamaklyk çagalaryň we ýetginjekleriň sowatlylygyny artdyrýar, dünýägaraýyşlaryny giňeldýär, olaryň döredijilik taýdan ösmegine, ruhy taýdan kämilleşen şahsyýetler bolmagyna ýardam berýär. ªonuň üçin bilim öwretmekde täze tehnologiýalary özleşdirmek bilen utgaşyklylykda kitaplary okatmaklygyň kada öwrülmegini gazanmaklygyň möhümdigini hem unutmaly däldiris.

Egsilmez ruhy hazyna

Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän çeşmedir, adamzadyň akyl-paýhasyny durlaýan gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kitaphana ulgamy täze ösüşleri başdan geçirýär. Ýurdumyzda kitaba uly sarpa goýulmagy we ylym-bilimiň ösdürilmegi kitaphana işgärleriniň öňünde kitaphanalaryň işiniň hilini gowulandyrmagy we bilimlerini artdyrmagy wezipe edip goýýar. Kitaphanalara täze okyjylary çekmek, olarda kitaba bolan söýgini döretmek, oňa hormaty has-da çuňlaşdyrmak, bitewi elektron gazna döretmek, ony doly derejede ýola goýmak, elektron kitaplar babatda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini alyp barmak, kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kitaphanaçylar dürli mazmunly medeni-köpçülik çärelerini, duşuşyklary, kitap sergilerini, göçme kitaphana hyzmatlaryny, täze gelýän kitaplaryň tanyşdyrylyş çärelerini geçirip durýarlar. Bu tejribe kitaphana okamaga gelýän we kitaphana hyzmatyndan peýdalanýan okyjylaryň sanyny artdyrýar.

Ylym öw­ren­me­giň peýdalary ba­ra­da

Türk­men hal­ky­nyň ede­bi mi­ra­sy um­man ýa­ly giň­dir. Ta­ryh­da ýa­şap ge­çen ady bel­li söz us­sat­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi dur­mu­şyň äh­li me­se­le­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly pi­kir­le­re örän baý­dyr. Şeý­le söz us­sat­la­ry­nyň bi­ri hem Mu­ham­met Ga­za­ly­dyr. Onuň «Ylym ba­ra­da ki­tap» at­ly ese­ri­ni bil­me­ýän oky­jy seý­rek bol­sa ge­rek. Bu ki­tap­da, adyn­dan gör­nü­şi ýa­ly, esa­san hem ylym-bi­lim ha­kyn­da söz açy­lyp, her bir aly­myň oňa hem­me­ta­rap­la­ýyn yk­jam çe­me­leş­me­li­di­gi nyg­tal­ýar. Eser­de yl­myň yn­sa­nyň ru­hy dün­ýä­si­ne tä­sir edip, ada­myň ah­lak­ly, edep-ter­bi­ýe­li bol­mak­ly­gy­ny ga­zan­dyr­ýan­dy­gy ýa­ly ga­ra­ýyş­la­ra giň orun ber­lip­dir. Bu ba­bat­da Ga­za­ly şeý­le ýaz­ýar: «Ylym adam­la­ryň ruh­la­ry­ny ýa­ra­maz hem he­läk edi­ji ah­lak­lar­dan ha­las edip, dürs ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ry ha­la­nyl­ýan we bag­ty­ýar­ly­ga ýe­ti­ri­ji ah­lak­la­ra ug­ruk­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir». Şeý­le-de akyl­dar akyl we dil ylym­la­ry­nyň ara­ta­pa­wu­dy­ny aýyl-sa­ýyl edip, akyl yl­my­ny ýo­kar­da goý­ýar. Ol aky­la pa­ra­sat bi­len, dil yl­my­na bol­sa diň­le­mek ar­ka­ly ýe­tip bol­ýar di­ýen dü­şün­jä gul­luk ed­ýär. Mu­ham­met Ga­za­ly yn­sa­nyň bu dün­ýe­de ama­la aşy­ryp bi­läý­jek iň uly işi ylym öw­ren­mek­dir di­ýen pi­ki­re do­ly uý­ýar. Şun­luk­da, Ga­za­ly öw­ren­mek, akyl ýe­tir­mek, ir­gin­siz yl­my göz