"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çagalaryň erjelligi

Kaka etrabyndaky «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz — şadyýan nesiller» ady bilen sportuň hereketli oýunlar görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes eden çagalar köp boldy. Olar üçin özleriniň sporta bolan ukybyny görkezmäge ajaýyp şertler döredildi. Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we barha taplanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek babatda gymmatly öwüt-ündewler berildi hem-de bäsleşikde üstünlik arzuw edildi. Şeýle gymmatly maslahatlardan we ýagşy arzuwlardan soňra, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň sport meýdançasynda ýaryşa badalga berildi. Merkezde wagtyny şadyýan geçirýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi bu ýaryşa gatnaşmaga höwes bildirdi hem-de sport babatdaky ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Awaza — arzuwlaryň mekany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar halkymyz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar. Halkymyzyň asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanýandygyny görkezýär. Her paslyň özboluşly aýratynlygy bar. Tomus paslynyň gelmegi bilen Awazada dynç almak, saglygyňy berkitmek örän ajaýyp. Tomus paslynda Awazada bar bolan sagaldyş-dikeldiş merkezleri dynç almaga gelýänlere gapysyny giňden açýar.

Syýahatçylyk merjeni

Hazaryň türkmen kenary güneşli Diýarymyzyň iň gözel künjekleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu künjekde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özüniň kaşaň binadyr desgalary, şol sanda dynç alyş-sagaldyş merkezleri bilen göreniň akylyny haýrana goýýar. Sanlyja ýylyň dowamynda ol ýerde gurlan bir-birinden owadan, täsin desgalar buýsanja mynasypdyr. Şeýle ajaýyp desgadyr binalary öz goýnunda jemleýän syýahatçylyk zolagynyň ýylyň ähli paslynda bagtyýar ildeşlerimiziň hyzmatynda bolmagy, ol ýerde maşgala dynç alşy üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegi buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Adatça, tomus paslynda Hazaryň türkmen kenary has-da köp adamly bolýar. Bagtdan paýly ildeşlerimiz ol ýerde dynç alyp, saglygyny berkidýärler. Iň esasy zatlaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň deňiz kenarynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmak, ildeşlerimiziň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri döretmek babatdaky aladalary netijesinde bu gün syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin ajaýyp amatlyklaryň üpjün edilmegidir. Şeýle giň mümkinçiliklerdir şertlerden, ýokary amatlyklardan peýdalanmagyň özi hem bagtyýarlykdan alamatdyr.

Şypaly Hazar deňzi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen daşky gurşawy goramak, ony ekologiýa taýdan arassa saklamak, tebigy baýlyklary netijeli ulanmak bilen baglanyşykly möhüm işler amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzda daşky gurşawyň goralyp saklanmagy türkmen halkynyň gündelik ýaşaýyş durmuşynda esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz: «Tebigata bolan söýgi halkymyzyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri türkmen halkynyň aňyna ornaşyp, ekologiýa meselelerini oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir. Halkymyzyň bu ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da ösdürilýär» diýip, ynsanyň tebigata, tebigatyň ynsana bolan gatnaşygynyň uzak ýyllaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklarymyza siňendigini nygtaýar.

Awaza gel, Awaza!

Uçmaha düşeý diýseň, Awaza gel, Awaza,Hüýlenip göçeý diýseň, Awaza gel, Awaza,Diýaryň açaý diýseň, Awaza gel, Awaza,Söýseň, dünýäni söýseň, Awaza gel, Awaza! Aşyk bolman bilmersiň möwjäp ýatan ummana,Goýnuňda gulaç urup dönýäris biz guwwasa,Däli deňzim, çaýkanyp aşyklaryň huwwala,Yşka sataşaý diýseň, Awaza gel, Awaza!

Gezsem, dünýäni görsem

«Arkadag» myhmanhanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanylmaga berlen kaşaň «Arkadag» myhmanhanasy özboluşly bezegi bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki desgadan ybaratdyr. Merkeze goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir. Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy bar. Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen, bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi.

Awazada dynç alaýyn diýseňiz...

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalydyrlar. Awazada dynç almagyň tertibine laýyklykda, ýollamanama alandan soň, raýatlar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite ýerlerde COVID-19-a garşy sanjym etdirmeli. Uly ýaşly raýatlara degişli sanjym alandygyny, soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçendigini, 18 ýaşdan kiçi raýatlara soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigini we test tabşyrandygyny tassyklaýan resminama berler.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Döwrümiziň bagtyýar çagalary tomusky dynç alyş möwsümi başlanany bäri, Diýarymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän Gökdere jülgesinde wagtlaryny şadyýanlykda geçirýärler. Ýakynda bu gözel künjekdäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyryna badalga berildi. Möwsüm başlanany bäri, dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtynyň täsirli bolmagy üçin gyzykly çäreler geçirilýär. Gökdere jülgesindäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem Türkmenistanyň Bilim, Içeri işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda çagalaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmek, bilimini artdyrmak maksady bilen, sport çäreleridir şowhunly bäsleşikler, okuw sapaklary geçirilýär. Bu ýerde iki tapgyrda hem wagtlaryny şadyýanlykda geçiren çagalar öýlerine täsirli ýatlamalar bilen dolandylar.

Bagtyýar ýaş nesiller

Çaga dünýäsine çalymdaş gyzykly hem şadyýan tomus möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ulanylmaga berlen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýän eýjejik çagalaryň nurana ýüzlerindäki joşguna gözüň düşüp, berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda ägirt uly alada edilýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Mary etrabyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi hem şeýle döwrebap binalaryň biridir. Bu ajaýyp merkezde çagalaryň 150-si dynç alýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek döwletimiziň baş aladalarynyň birine öwrüldi. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almagy, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek mümkinçiligine eýe bolmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Dünýäniň täsin desgalary

Olimpiýa şäherçesiniň suw sport toplumy 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylykly geçiren paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň suw sport toplumy dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bina 4 gatdan ybarat bolup, umumy ölçegi boýunça 155,35x112,90x34,5 metre barabardyr. Şeýle-de, tomaşaçylar üçin 4899, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin 66, metbugat wekilleri üçin 69 we VIP üçin 15, jemi 5049 orunlyk ýerler bar. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren hasaplamalaryna görä, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre deňdir. Binanyň çäginde 392 inedördül metr meýdany tutýan restoran, üç sany 321 inedördül metr meýdany eýeleýän naharhana, 94 inedördül metr meýdany tutýan kafe bar.

Dag jülgesindäki joşgun

Salkyn saýaly Gökdere jülgesi bagtyýar nesliň iň söýgüli künjegidir. Häzirki şatlykly günlerde çagalaryň ýüzlerçesi bu täsin künjekde dynç alyp, saglygyny berkidýär. Dag jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesliň oňat dynç almagy üçin ajaýyp şertler bar.

Sapaly mekan

Mähriban gelin-gyzlar, eziz ildeşler! Ýurdumyzda ildeşlerimiziň wagtynyň hoş geçmegi we rahat dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Tomus möwsüminiň gelmegi bilen, dynç almaga, saglygyny dikeltmäge isleg bildirýän ildeşlerimiziň sanynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Awazada dynç almagyň düzgünleriniň kesgitlenendigini habar berýäris. Žurnalymyzyň şu sanynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we «Awaza» şypahanasynda dynç almagy meýilleşdirýän ildeşlerimize dynç almagyň düzgünlerini berjaý etmegini ýatladyp, onuň tertibini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Gözellige imrinmek ynsanyň tebigy häsiýetleriniň biridir. Ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly, dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan ýerde dynç almagyň saglygyňy berkidip, janyňa hoş ýakýandygyny ýatlamagyň ýakymy başgaça. Tebigy gözelliklere baýlygy bilen tapawutlanýan güneşli Diýarymyzyň çar künjünde dynç almaga we saglygyňy dikeltmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň kenarynyň şypasy, deňiz gözellikleri, ekologiýa arassalygy her bir adamyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga höweslendirýär. Onuň üçin syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalysyňyz.

Dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň düri-mer­je­ni

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:  —«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmegimiziň baş maksady deňiz kenarynyň tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanmakdan we syýahatçylygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, bu ýerde türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly raýatlaryň döwrebap dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Çünki adamlar, olaryň saglygy we abadan, asuda, bagtyýar durmuşy hakyndaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Üç-dört ýyl mundan ozal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreleriň birinde ummanyň aňyrsynda ýerleşýän ýurtlaryň birinden gelen jahankeşde kärdeşim bilen tanyşmak hem özara pikir alyşmak miýesser edipdi. Şonda halkara syýahatçylyk merkezine öwrülen zolagyň ertekilerdäki Erem bagyny ýatladyp duran gözelliklerini gözügidijilik bilen synlap duran gaýry ýurtly galamgär özüniň dünýäniň köp ýurtlarynda bolandygyny, Bitarap döwletimize ilkinji gezek gelendigini aýdyp:

Möwsümiň gyzykly günleri

Daşoguz şäheriniň eteginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen gurlup, ulanylmaga berlen bu merkezde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap dynç almagy, wagtyny many-mazmunly hem gyzykly geçirmegi üçin ähli oňaýlyklar döredildi. Guramaçylykly başlanan möwsümiň ikinji tapgyrynda bu ýerde welaýatyň çar künjeginden gelen çagalaryň 150-si sapaly dynç alýarlar, örän gyzykly hem ýatdan çykmajak täsirleriň gujagyna dolýarlar. Merkeziň dürli meýdançalary, açyk asmanyň astyndaky hem-de üsti ýapyk suw howdanlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan okalga, dynç alyş, kompýuter otaglary bagtly çagalaryň şadyýan owazyna gurşalýar. Olar dostlaşýarlar, öz deň-duşlary bilen şatlyklaryny paýlaşýarlar. Ýaş nesliň her bir pursady gyzykly geçirmekleri babatda bu ýerde uly aladalar edilýär, çagalaryň merkezde bolýan her güni, her sagady hemişelik ýatda galjak pursatlara öwrülýär. Şu maksat bilen guralýan medeni çäreler, dürli oýunlar, gyzykly bäsleşikler, köp sanly duşuşyklar olarda aýratyn täsir galdyrýar.

Salam, tomus!

Tomus günleriniň gyzykly söhbedi Bagtyýar çagajyklaryň gülki sesleri ýurdumyzyň çar künjeginde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde has-da belentden ýaňlanýar. Bu gülki sesleriniň, şadyýan owazlaryň «yzyna» düşüp, biz tomus paslynyň ilkinji günlerinde Gökdere jülgesine dynç almaga gelen körpeleriň ýanyna bardyk. Ol ýerde oýun-gülki, şatlyk-şowhun, bagtyýarlyk al-asmana galýar. Çagalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagymyz, olaryň gyzykly gürrüňlerini diňlemegimiz şu ýazgylary ýazmagymyza sebäp boldy. Çagalaryň aýdyp beren gürrüňleri, körpe okyjylar, siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek.

Dünýäniň meşhur ýadygärlikleri

Söz ussadyna sarpa Merjen şäherimiz Aşgabadyň gözel seýilgählerinde medeniýetli dynç almak, seýil etmek üçin ähli şertler döredilen. Olar, esasan hem, dynç günleri köp adamly bolýar. Ynha, şeýle ajaýyp seýilgähleriň biri-de paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdirilen seýilgähidir. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň heýkeli bu ýerde 1971-nji ýylda bina edilýär. Indi ýarym asyr bäri paýtagtymyza görk berip gelýän heýkeliň taslamasy üçin arhitektorlar W.N.Wysotiniň, W.G.Kutumowyň we heýkeltaraş W.G.Popowyň işleri peýdalanylýar. Heýkeli ýasamak üçin gerek bolan daşlar Ermenistan Respublikasyndaky Ararat dagyndan getirilipdir. Seýilgähiň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi paýtagtymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Jeýhunyň ýakasy — syýahatçylyk mesgeni

Daýahatyn kerwensaraýy. * * *

Awaza — melhemli mekan

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen deňziň ýakasynda giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde Hazaryň türkmen kenary tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň ençemesi hereket edýär, syýahatçylyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiz Hazar sebitiniň kuwwatyny amala aşyrmaga, ildeşlerimiziň durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge gönükdirilen bu uly taslamanyň doly derejede hereket etmegini berk gözegçilikde saklaýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji maýynda Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde tomusky dynç alyş döwründe Awazada dynç almagyň tertibine seretdi we käbir guramaçylyk wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlar üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksatlarynda, Dolandyryş merkezi döredildi. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Awazada dynç alşy guramak boýunça degişli Dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnama taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Degişli döwlet düzümler

Dynç alyp, saglygyňy dikeltjek bolsaň...

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkyň beden we ruhy saglygyny goramak barada  yzygiderli alada edilýär. Ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryna laýyklykda  zähmeti dynç alyş bilen utgaşdyrmak maksady bilen döwrebap şypahanalaryň,  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Raýatlaryň saglygyny dikeltmek, dynç alşyny guramak üçin ýurdumyzyň şypahanalaryna, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmegiň düzgünleri işlenilip düzüldi.

Syýahatçylygyň merjeni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir raýatyň bagtyýar durmuşy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň gojaman Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek we bu gözel künjegi Ýer ýüzüniň syýahatçylyk dürdänesine öwürmek ugrundaky rowaçlyga beslenen tagallalary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Awaza» taslamasy Türkmenistanyň ýakyn onýyllyklar üçin geljekki meýilnamalarynda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem bu taslama dünýäniň binagärçilik we inženerçilik pikiriniň iň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär” diýip belleýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde deňziň kenary gysga taryhy döwrüň içinde düýpgöter özgerdi. Bu täsin künjekde häzirki zaman myhmanhanalary, sagaldyş merkezleri, kottejler, sport maksatly desgalar, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki ençeme desgalar guruldy. Bularyň ählisinde hem döwrebap dynç alyş üçin giň mümkinçilikler döredildi.