"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täsinlikler äleminde

Üýtgeşik desga Kataryň Doha şäherinde FİFA dünýä çempionatyna bagyşlanyp «2022» görnüşli bina guruldy. Şu ýylky dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçiriljek «Halifa» halkara stadionynyň garşysynda ýerleşýän, Doha sport şäherinde gurlan «Iconic 2022» binasy döredijisi tarapyndan «dünýäde bir ýyla meňzeýän ilkinji bina» hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu bina binagär Ybraýym Mohamed Jadiah tarapyndan dizaýn edilip, dört bölümden ybarat. Binada supermarket, sport merkezi, saglyk kluby, kafe we restoran ýerleşdirilendir.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satuwyna başlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satmak işini täzeden ýola goýdy. Bu barada “orient.tm” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda “Halkara gatnawlar” bölümi peýda boldy. Şu ýerden bilet satyn alyp, tölegini bank kartlary arkaly türkmen manadynda tölemek bolar

Bulary bilmek gyzykly

Açyk hat Eýfel diňiniň gurluşygy dowam edýän döwründe Gi de Mopassan, Aleksandr Dýuma-ogly, Şarl Guno ýaly meşhur fransuz edebiýat we sungat işgärleriniň 300-si açyk hat ýazypdyrlar. Olar hatda Eýfel diňini tüsseçykar ýaly şäheriň üstüne abanyp, beýleki binalaryň öňüni örtüp durjak zat hökmünde häsiýetlendiripdirler.

Täsinlikler äleminde

Üýtgeşik köpri «Rakotzbruk» köprüsi dünýäniň iň bir täsin ýerleriniň biridir. Ol IX asyra degişli bolup, özüniň gurluşyk takyklygy bilen meşhurdyr. Köpri we onuň suwdaky şöhlelenmesi birleşip, islendik tarapyndan seretseň-de, doly we ajaýyp daş tegelegini emele getirýär. Bu täsinlik başgaça «Şeýtan köprüsi» diýlip hem tanalýar. Görnüşinden gurluşykçylar köpriniň peýdasyna däl-de, onuň gözelligine üns beripdirler. Köpriniň iki ujunda, Germaniýanyň köp künjeginde duş gelýän tebigy bazalt daşlaryndan gurlan sütünlerine meňzedilen, inçe gaýalar gurlupdyr. Maý we sentýabr aýlary bu ýere syýahat etmegiň iň gowy we täsirli möwsümi hasaplanylýar.

Täsinlikler äleminde

Dost-doganlyk seýilgähi Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi ýurda gelýän köp jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygyny dabaralandyrýan bu seýilgäh Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprelinde açylypdy. Seýilgähiň özboluşly täsin dizaýny biziň ýurdumyza bagyşlanansoň, gözel Türkmenistanyň keşbini janlandyrýar. Seýilgähde ýerleşdirilen sekizburçlugyň, ahalteke atlarynyň şekilleri, ajaýyp suw çüwdürimi, milli bezegli, ak reňkli täsin binalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Seýilgähde Türkmenistanda ösýän baglardan başga-da, Krym sosnasy, hindi lilaky, dub ýaly agaçlar hem bar. Seýilgähiň gözel tebigaty we tutuşlygyna täsin keşbi köpleri haýran galdyrýar.

Täze eýýam: ýurdumyz — syýahatçylygyň döwrebap merkezi

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň netijesinde onuň jemi içerki önüminiň düzüminde täze pudaklaryň sany barha artýar. Ykdysadyýetde hereket edýän pudaklaryň döwrebap, täze görnüşleri emele gelýär. Şeýle ugurlaryň biri hem gözel Diýarymyzda halkara syýahatçylyk pudagy bilen baglanyşykly işlerdir.

Täsinlikler äleminde

Baglyga beslenen desga Singapur şäher döwletinde 280 metrlik täsin gür baglyga bürenen desga açyldy. Bu belent desganyň içi we daşy köpsanly baglyga bürenenligi bilen tapawutlanýar. Onda baglaryň we ösümlikleriň 80 müň düýbi oturdylypdyr. Desganyň içki bezeginde köpsanly öý ösümlikleriniň oturdylmagy bilen birlikde, onuň dürli belentlikdäki 4 gatyny hem durşuna baglar tutýar. Mundan daşary hem, desganyň çür depesinde dürli miweli baglaryň hem tokaýlygy kemala getirilipdir. Bu bagda bolsa miweli baglaryň we bakja ekinleriň 150-den gowrak görnüşi ösdürilýär. Özboluşly bagyň datly nygmatlaryny desganyň naharhanasy myhmanlaryna hödür edýär.

Bulary bilmek gyzykly

Eýfeliň gizlin otagy Görlüp oturylsa, Pariždäki meşhur diňde öý hem bar eken. Ussat binagär Gýustaw Eýfel meşhur diňiň ýokarky böleginde gizlin öý hem gurupdyr. Içinde öý goşlary-da bolan bu uly bolmadyk jaýyň oňaýlylygy adaty fransuz öýlerinden sähelçe-de kem däl. Gýustaw Eýfel myhman otagly, hammamly we iki sany ýatylýan otagly gizlin öýde şäheriň gözel görnüşini synlap, dynç alypdyr, myhmanlary kabul edipdir. Häzirki wagtda bu öý muzeýe öwrülip, onda Eýfeliň we onuň dosty Tomas Edisonyň edil gürleşip oturan şekildäki mum heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Daşkent — Aşgabadyň doganlaşan şäheri

Täsin künjek Daşkent telediňi Merkezi Aziýada iň belent desgalaryň biridir. Beýikligi 375 metre barabar bolan desga 1985-nji ýylda gurlup ulanmaga berlipdir. Belent desga diňe bir teleradio maksady bilen gurulman, ol şäheriň ajaýyp medeni künjekleriniň hem biridir. Desganyň 94 metr belentliginde syn ediş meýdançasy ýerleşip, ol ýerden şäheriň ajaýyp görnüşini synlap bolýar. Syn ediş meýdançasyndan ýokarda Gündogar we Ýewropa tagamlaryny hödürleýän restoranlaryň ikisi ýerleşýär. Bu restoranlarda naharlanmak bilen, şäheriň ähli töweregini oturan ýeriňde görüp bolýar. Ýagny, bu restoranlar äpet aýlanyş çarhynyň üstünde ýerleşip, bir sagatda bir öwrüm edýär. Telediňiň töweregi hem durşuna seýilgäh bilen gurşalyp, dürli medeni merkezlere baýdyr. Şeýle hem, telediňiň ýerleşýän ýerinde palawyň dürli görnüşleriniň bişirilýän merkezi bar. Bu ýerde äpet gazanlarda taýýarlanýan datly tagamyň lezzetini duýmaga gelýänleriň sany barha artýar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler

Žül WERN,fransuz ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Bulary bilmek gyzykly

Täsin kitaphana Portugaliýanyň Koimbr uniwersitetiniň kitaphanasy XVIII asyrda açylyp, şu wagta çenli işleýär. Kitaphananyň müňlerçe kitapdan ybarat gory bar. Okyjylar üçin bu ýerde islendik döwre degişli, hatda üstünden ençeme asyr geçen gadymy kitaplary-da okamaga ähli şertler döredilipdir. Kitaphananyň esasy aýratynlygy, bu ýerde ýarganatlaryň ýaşaýanlygydyr. Kitaphananyň işgärleri ýarganatlaryň bu ýerde bolmagyny adaty ýagdaý hasaplaýarlar. Çünki gadymy kitaplara güýe düşmek ähtimallygy bolandygy sebäpli, ýarganatlaryň ýardamy bular üçin zerurdyr. Giçlik kitaphana ýapylansoň, ýarganatlar kitaplaryň daşyna düşen güýeler, olaryň ýumurtgalary bilen iýmitlenip, gymmatly kitaplaryň abat galmagyna ýardam berýärler. Portugaliýanyň Mafra köşgündäki kitaphanada hem kitaplary abat saklamak maksady bilen şu usuldan peýdalanýarlar.

Söýgi rowaýatynyň mawzoleýi

«7/24. tm», № 40 (123), 03.10. 2022 Hindi şahyrlarynyň biri: «Adamlar iki topara bölünýär. Täçmahaly görenler we görmedikler» diýip belläpdir. Elbetde, Täçmahala ýöne ýere dünýäniň «Ýedi täsinliginiň biri» diýilmändir. «Görenem armanda, görmedigem» diýşi ýaly, Täçmahalyň gözelligini görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.

Täsinlikler dünýäsinde

«Moskwa Güneşi» Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Ýewropanyň iň uly synlaýyş aýlaw desgasy açyldy. «Moskwa Güneşi» diýlip atlandyrylýan bu desganyň beýikligi 140 metre barabardyr. Synlaýyş desgasynyň 30  sany kejebesi bolup, ol bir aýlaw edende 450 adamy guşuçar belentliginden şäheriň gözellikleri bilen tanyşdyrýar. Synlaýyş desgasynyň bir aýlaw etmegi üçin 19 minuda golaý wagt gerek bolýar. Synlaýyş desgasy şäheriň iň köp gelim-gidimli «Zarýadýe» seýilgähinde açyldy. Ol özünden öňki Ýewropa sebitiniň iň uly synlaýyş desgasy bolan «Londonyň gözi» synlaýyş desgasyndan 5  metr beýikdir. Aýtmaklaryna görä, Moskwadaky synlaýyş desgasynyň çür depesinden 48  kilometre çenli giňişlik göz öňünde açylýar.

Täsinlikler dünýäsinde

Syýahatçylyk merkezi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly» ady bilen täze halkara syýahatçylyk merkezi açyldy. 212 gektar ýerde gurlan täze syýahatçylyk merkezi özünde kongresler merkezini, döwrebap myhmanhanalaryň sekizsini, kafedir restoranlary, amfiteatry, gündogar arhitekturasyny janlandyrýan «Baky şäher» diýlip atlandyrylan toplumy özünde jemleýär. Merkeziň çäginde gadymy gündogar şäherine mahsus gurşaw kemala getirilipdir. Bu ýerde halk senetçiliginiň önümlerini görkezýän bazar, syýahatçylyk merkezine aýratyn görk berýän emeli derýa guruldy. «Beýik Ýüpek ýoly» syýahatçylyk merkezi ýylda 2  milliona golaý jahankeşdäni kabul eder.

Garaşsyzlyk binalary

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda dünýäniň iň kän ak mermere beslenen binaly şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren paýtagtymyzda «Arkadag», «Abadançylyk», «Ak bugdaý», «Ýyldyz», «Sagdynlyk», «Ylym» ýaly täsin binalaryň sany ýylsaýyn artýar. Binagärligiň häzirki zaman biçüwleri bilen ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgeleri özünde jemleýän Garaşsyzlyk binasy türkmen bagtyýarlygynyň nyşanyna öwrülse, Konstitusiýa binasy bagtyýarlyk ýyllarymyzyň taryhynyň sungatyň dilindäki beýanydyr. Aşgabadyň ajaýyp desgalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy bolsa türkmen binagärlik sungatynyň ýeten belent derejesiniň görkezijisidir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada 133 metr belentlikde parlaýan Baş baýdagymyzyň flagştogy 2008-nji ýylda dünýäde iň beýik flagştog hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilip, umumadamzat täsinligi hökmünde ykrar edildi.

Täsinlikler dünýäsinde

Elektron kitap Elektron kitap düşünjesi ilkinji gezek 1930-njy ýylda ýüze çykypdy. Ýazyjy Bob Brown sesli kinofilme tomaşa edenden soňra adamlaryň kitaplary ekranda okap biljekdigi hakynda pikirini öňe sürýär. Elektron kitap ýa-da E-Book diýlip atlandyrylýan kitapda ýazgylar sanly görnüşde bolup, ýagny kompýuterlerde ýa-da beýleki enjamlarda okyjylara kitaplary ekranda okamak mümkinçiligini döretdi. Bu görnüşli kitap özüniň ykjamdygy, müňlerçe kitap saklamaga ukyplydygy, şriftiniň ululygy, sazlamaga oňaýlylygy we başga-da birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Hatap obasy: taryhy şöhratly, şu güni röwşen

Arzyly ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmäge giň ýollar açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bu babatda bimöçber işleri bitirdi. Bu diýýänlerimize aýdyň mysal hökmünde eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny agzamak bolar. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy giňden beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gadymy taryhymyzy öwrenmek we olary ýaşlara ýetirmek boýunça berýän öwütlerinden ugur alyp, öz obamyzyň döreýşi, häzirki rowaçly güni we nurana geljegi hakynda söhbet etmegi makul bildim. Maňa mundan çärýek asyr ozal garry enemiň obamyzyň taryhy barada beren gyzykly gürrüňlerini diňlemek miýesser edipdi. Döwletli etrabynyň Burguçy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Hatap obamyzyň üstünden geçmişde dünýä meşhur bolan Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy geçipdir. Taryhy şöhrata beslenen bu gadymy ýoluň bir golunyň Köýtendagyň üstünden geçendigine şaýatlyk edýän taryhy we medeni ýadygärlikler az däl. Oňa il içinde «Ýedi guýy» diýlip atlandyrylýan guýular toplumyny we sardabany mysal görkezmek bolar. Şol guýularyň ikisinden çopanlar häzirki wagtda hem peýdalanýarlar.

Awazada 3 aýda 150 müňden gowrak adam dynç aldy

Şu ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 150 müňden gowrak adam dynç aldy. Bu barada 27-nji awgustda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda habar berildi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagynyň çäklerinde bu ýerde hereket edýän düzümleriň dolandyryş we hojalyk işlerine zerur üns berilmelidigini, munuň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýratyn belledi. Hususan-da, deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şüweleňli çykyşlar guralmalydyr.

Bagtyýar çagalyk: dynç alşyň hezil günleri

Orta mekdebiň başlangyç synplarynda okaýarkak, «Ene dili», ilki bilen, «içinden birlaý geçilýän» kitapdy. Kitapdaky ilkinji şygyrlarda bolsa tomsa hoşallyk beýan edilerdi. Adyna, döredijiligine aşyk bolup ýören şahyrlarymyz çagalaryň dili bilen tomusda «dynç alan ýerleri» barada ýazardylar. Şu ýyl üçünji synpa gadam goýan, heniz okuw ýyly başlamanka, mekdepden okuw kitaplaryny alyp gelen gyzymyň «Ene dili» kitaby bilen tanşyp, bu däbiň häli-häzirlerem dowam edýändigini gördüm-de, myssa ýylgyraýdym.

Hazaryň behişdi kenarynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini üstünlikli ösdürilýän, dünýä nusgalyk taslamalaryň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda-da görmek bolýar. Bary-ýogy on bäş ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Bu taslamanyň çäginde häzire çenli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen, dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän, şol bir wagtyň özünde-de, binagärlik babatda biri beýlekisini asla gaýtalamaýan myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, kottejler toplumlarynyň, attraksionly seýilgähleriň, ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlarynyň sany barmak büküp sanardan köp Munuň üstesine-de, Hazar deňziniň bu jenneti künjegi häzirki wagtda halkara derejesindäki duşuşyklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryňdyr gaýry medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň üçin bu behişdi kenardaky milli zolakda maslahatdyr kino-konsert zallary, açyk hem-de ýapyk sport desgalary, amfiteatrlar hem ýeterlik derejede bar.