"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«China Southern Airlines» 25-nji aprelden Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlary ýola goýar

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy 25-nji aprelden Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlaryny dowam etdirer. Häzirki wagtda petekleriň satuwy elýeterlidir. Başlangyç ýagdaýda uçuşlar hepdede bir gezek — sişenbe güni meýilleşdirilýär. Uçuşlar «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylar.

Туркменистан войдет в маршрут круизов теплохода «Пётр Великий»

Морской порт Туркменбаши (Туркменистан) включат в маршрут морского круиза на российском теплоходе «Пётр Великий», сообщает «Ассоциация туроператоров». Первые круизы, запланированные для нового судна, будут проходить по Каспийскому морю. Туристы смогут посетить Россию, Туркменистан, Азербайджан, Казахстан и Иран. Также в будущем лайнер объединит в своих маршрутах порты Каспийского моря с портами Азовского, Черного и Балтийского морей. Об этом АТОР рассказала директор по развитию круизной компании «Мостурфлот» Светлана Гончарова. Именно этой компании судно и будет передано в 2023 году.

«Belawiýa» ýolagçylara Türkmenistana girmegiň täze düzgünlerini düşündirdi

Türkmenistanda ýurda girmek üçin üýtgedilen düzgünler güýje girdi. Şunuň bilen baglylykda «Belawiýa» awiakompaniýanyň ýolagçylary üçin bildiriş berdi: «Türkmenistana gelýän awiakompaniýanyň ähli ýolagçylarynda aşakdaky resminamalaryň bolmalydygyny ýatladýarys:

Dünýä ýurtlarynda

Ýüzýän şäher Maldiw adalarynda 2 ýüz müň ýaşaýjy üçin niýetlenen dünýäde ilkinji ýüzýän şäheri gurmak meýilleşdirilýär. «Maldives floating city» diýlip atlandyrylan taslama paýtagt şäher Maleden we halkara howa menzilinden katerde ýüzeniňde 15 minut aradaşlykda ýerleşýär. Ýüzýän şäher toplumlaýyn syýahatçylyga esaslanyp, myhmanhanalary, öýleri, dükanlary we restoranlary öz içine alar. Taslama Gollandiýanyň sillere çydamly ýüzýän tehnologiýalaryna esaslanýar. Şäheriň aşagynda hem-de daş-töwereginde emeli merjen rifleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, bu bolsa öz gezeginde şäheri tolkunlardan gorap saklar diýlip çaklanylýar. Salkynlygy üpjün etmek üçin bolsa, ummanyň çuňlugyndaky suwlardan peýdalanylar. Taslama 2022-nji ýylda «MIPIM Awards» binagärlik we ösüş üçin halkara baýragynda «Iň gowy futuristik taslama» kategoriýasynda ýeňiji boldy.

Awiabiletleri Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyndan satyn almak mümkinçiligi

Ýurdumyzyň Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyndan uçar biletlerini satyn almak mümkinçiligi döredildi. Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyna girip, şol ýerden “Transport, logistika we gümrük gullugy” bölümi saýlanyp alnyp, şol ýerden bilet satyn alyp bolar. Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň “Android” we “iOS” goşundylar hem bar.

Türkmen tebigatynyň özboluşly täsinligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň kitaphanalarynda saklanýan gadymy ýazgylarynda syýahatçylaryň we alymlaryň galdyran türkmenler barada maglumatlaryny görmek we okamak bolýar. Ýurdumyzyň dag ulgamlary, düzlükleri, çägeli-çöllükleri - başga hiç ýerd

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 24-nji gün.Towşana dogduk depe

«Hazar — dostluk deňzi» motokerweni Türkmenistana geldi

1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan badalga alan «Hazar – dostluk deňzi» atly motoýörişe gatnaşyjylar Türkmenistana geldiler. Bu barada «Astrahan 24» saýty habar berýär. Motoýörişe gatnaşyjylaryň ilkinji duralgasy Gazagystanyň Atyrau, ikinji düşelgesi bolsa Mangistau welaýatlary boldy. Düýn motoýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň çägine aralaşdylar. Garabogaz şäherçesinde olary Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar. Soňra topar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýoluny dowam etdi. Ýörişe gatnaşyjylar şol ýerdäki «Berkarar» myhmanhanasynda dem-dynç aldylar. Soňra motosürüjiler Aşgabada tarap ýola düşdüler.

Hytaý Halk Respublikasyna syýahat etmegi meýilleşdirýän ýolagçylar üçin habar berýäris!

Öň habar berşimiz ýal, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2023-nji ýylyň mart aýynyň 19-dan başlap, Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady. Täze gatnawyň ýola goýlandygyny göz öňünde tutup, Hytaý Halk Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän ähli ýolagçylaryň ýanynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletli negatiw PCR testi we agyz-burun örtüginiň (maskanyň) bolmalydygyny, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Migrasiýa gullugyna pasport barlagyna barmazdan ozal, “Wechat” programmasynda ýa-da https://htdecl.chinaport.gov.cn saýt salgysyna girip doldurylan Saglyk Deklarasiýasynyň (Health Declaration) netijesinde ýolagçynyň şahsy QR kody bolmaly. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 23-nji gün. On dördünji düşelge. Je­bel – Göz­li ata – Gaý­tar­myş ata – Ýaň­ga­la

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomusky tertibe geçýär

Howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň tomusky tertibe geçendigi barada habar berildi. 26-njy martdan bäri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary 8 ýurtda 9 ugra uçýar. Awiakompaniýa Almaty (Gazagystan), Dubaý (BAE), Deli (Hindistan), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Angliýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherlere uçuşlary amala aşyrýar.

Dünýäniň sport muzeýleri

OLIM­PI­ÝA HE­RE­KE­TI WE SPORT MU­ZE­ÝI Ka­tar­da­ky Olim­pi­ýa he­re­ke­ti we sport mu­ze­ýi dün­ýä­niň hä­zir­ki za­man iň iri sport mu­zeý­le­ri­niň bi­ri­dir. 19 müň km² meý­da­ny eýe­le­ýän bu mu­zeý Ka­ta­ryň we dün­ýä­niň sport we Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ta­ry­hy­ny ýyg­na­dy. 2022-nji ýyl­da açy­lan mu­zeý «As­pi­re Zo­ne Fo­un­da­ti­on» top­lu­my­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de Ha­li­fa hal­ka­ra sta­dio­ny­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Mu­zeý spor­tuň ga­dy­my dö­wür­ler­den hä­zir­ki döw­re çen­li ta­ry­hy­ny açyp gör­kez­ýän al­ty ga­le­re­ýa­dan yba­rat. Olar Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa­da, Ame­ri­ka­da, Af­ri­ka­da we Ýa­kyn Gün­do­gar­da spor­tuň ösü­şin­de dür­li ta­ry­hy dö­wür­le­re ün­si jem­läp, ge­og­ra­fi­ki we te­ma­ti­ki pu­dak­la­ra bö­lün­ýär. Ola­ryň için­de gra­fi­ki, au­dio­wi­zu­al we in­te­rak­tiw eks­po­nat­lar, yl­ham ber­ýän fakt­lar we san­ly gi­ňiş­lik­ler bar. Spor­tuň ge­lip çy­ky­şy, ösü­şi we me­de­ni­ýe­ti ha­kyn­da ta­ry­hy mag­lu­mat­lar dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mu­zeý sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň muş­dak­la­ry, jan­kö­ýer­ler, hü­när­men tür­gen­ler üçin gy­zyk­ly­dyr. Şeý­le hem mu­zeý­de sow­gat­lar dü­ka­ny, sport ka­fe­si we Lon­don­da­ky iň meş­hur aş­pez­le­riň bi­ri bo­lan Mi­şe­li­niň ýyl­dy­zy Tom Aý­kens ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len Naua res­to­ra­ny bar. Arap di­lin­de «Dä­ne­li to­hum» sö­zü­ni

Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda petekler satuwa çykaryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda Aşgabatdan (Türkmenistan) Londona (Beýik Britaniýa) awiapetekleriň satuwyna başlady. Saýtdan petekleri diňe Aşgabat (ASB) — London (STN) ugry boýunça uçuşlar üçin satyn alyp bilersiňiz. Iň ýakyn gidiş güni 5-nji aprel, petegiň bahasy 8706 manat. Görkezilen baha habar ýaýradylan gününden güýje girýär. Petekleri «Altyn Asyr» bank karty arkaly onlaýn satyn alyp bolýar.

Keşt edeliň bu jahana!

Taryhy toplum Ýaponiýanyň Kýoto şäheri özboluşly binagärligi, täsin ybadathanalary we mukaddes ýerleri bilen köpleri haýrana goýýar. Tori däbine eýerilip gurlan, müňläp mämişi derwezeleri bolan «Fuşimi Taişa», «Kiýomizu-dera» we altyn «Kinkaku-ji» ýaly ybadathanalar toplumy aýratyn taryhy gurluşy bilen has-da ünsi özüne çekýär. Şäheriň köçelerinde bolsa, milli gaýyş geýimli ýaponlara köp duşmak bolýar. Bu ýerde mart aýlarynda güller açylyp, şäher edil multfilmlerdäki ýaly gözel görke eýe bolýar, şeýle-de bu aý syýahat etmek üçin iň amatly döwürdir.

Jümle-jahan habarlary

Iň uly daýançsyz tomaşa çarhy gurlar Günorta Koreýanyň häkimiýeti dünýäde iň uly tomaşa çarhyny gurmak baradaky taslamany makullady. Ol taslama laýyklykda attraksionyň beýikligi 180 metre barabar bolar. Aýna bilen metaldan ýasaljak bu attraksionda giň äpişgeli kabinalar bitewi halka görnüşindäki aýlawda yzygiderli ýerleşer. Çarh jemi 36 kabinadan ybarat bolup, olaryň hersi 25 adama niýetlenendir. Onuň gurluşygynda adaty spisa görnüşindäki daýanç göz öňünde tutulan däldir. Taslamanyň awtorlary onuň guruljak meýdançasyny medeni-dynç alyş zolagyna öwürmegi maksat edinýärler. Hanyl seýilgähiniň çäginde peýda boljak «Seoul Ring» tomaşa çarhynyň gurluşygyny 2025-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

«Belawiýa»-nyň uçarlary tomus meýilnamasyna laýyklykda Türkmenbaşy şäherine gatnar

Awiakompaniýanyň resmi sahypasynda berilýän habara görä, 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan 28-nji oktýabryna çenli ähli «Belawiýa-nyň uçuşlary tomus tertibine laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Minskden (Belarus) Türkmenbaşy howa menziline (Türkmenistan) uçuşlar hepdede bir gezek, ýagny sişenbe güni amala aşyrylýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 22-nji gün. On üçünji düşelge. Türk­men­ba­şy şäheri.

Ekosyýahatçylyga gyzyklanma köp

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda döw­le­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da kö­pu­gur­ly öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­şi­ril­ýär. Ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän ugur bo­lan sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň işi­ni tä­ze­çe, döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk we ony ösen döw­let­le­riň tej­ri­be­si­ne eýe­rip, yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­gi ta­lap ed­ýär. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­de sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ň dür­li gör­nüş­le­ri bar­dyr. Ola­ra ta­ry­hy, me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re sy­ýa­hat, şy­pa­ha­na­la­ra sy­ýa­hat, ynam-ygtykat sy­ýa­haty, eko­sy­ýa­hat, dag-çöl landş­af­ty­na, te­bi­gy ýa­dy­gär­lik­le­re sy­ýa­hat de­giş­li­dir. Eko­sy­ýa­hat­çy­lyk hem uly gyzyklanma bildirilýän ugurdyr. Dag ýe­rin­de da­gy, çöl ýe­rin­de çö­li, der­ýa­sy, deň­zi bo­lan Türk­me­nis­tan te­bi­ga­tyň bir­nä­çe aja­ýyp­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Re­pe­tek go­rag­ha­na­syn­da Ga­ra­gum sährasynyň tä­sin ýer­le­ri hem-de bios­fe­ra de­re­je­si­ne eýe bo­lan sazak to­kaý­lyk­la­ry go­ra­lyp sak­lan­ýar. Bat­hyz go­rag­ha­na­sy özü­niň pis­se bag­la­ry we tä­sin Ýe­roý­lan­duz çö­ket­li­gi, seý­rek duş gel­ýän haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len, Ha­zar go­rag­ha­na­sy özü­niň gö­zel de­ňiz te­bi­ga­ty hem-de guşlary bi­l

Seýil etseň bu jahana...

Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bilen birlikde, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara foruma gatnaşýan myhmanlar dost-doganlygyň mekany bolan bu bereketli toprakda türkmen myhmansöýerligi bilen, duz-çörekli garşy alyndy. Syýahatçylyk dünýä ykdysadyýetiniň ýokary girdejili we çalt depginler bilen ösýän pudagydyr. Ol ýurduň ykdysady ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna oňyn täsir edýär. Syýahatçylyk dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, daşary ýurt maýasyny çekmäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen birlikde, ýurduň ösüş-özgerişlerini, milli däp-dessurlaryny giňden ýaýmakda hem örän ähmiýetlidir.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri ösdürilýär

20-21-nji martda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň baş maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ruhy hem-de maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýäniň syýahatçylyk düzümleri bilen bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.